Hormatly Prezidentimiz iri şäheri döretmegiň taslamalary bilen tanyşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz iri şäheri döretmegiň taslamalary bilen tanyşdy

опубликованно 25.03.2019 // 981 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy.

Ak mermerli Aşgabat Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň öň hataryny çekmek bilen, özüniň ajaýyp binagärlik keşbine eýe boldy, soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik toplumlarynyň üsti özboluşly desgalar, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlary bilen ýetirildi. Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasy netijesinde türkmen paýtagty häzirki zaman, okgunly ösýän hem-de ýaşamak üçin amatly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.

Şunuň bilen baglylykda, şular ýaly giň gerimli özgertmeler Türkmenistanyň ähli sebitlerinde — şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Bu meseleler öňdebaryjy döwlet syýasatyny amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar, bu syýasatyň baş wezipesi ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagydyr.

Döwlet Baştutanymyz säher bilen Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýörite taýýarlanylan taslamalaryň tanyşdyrylyş çäresiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we şäher häkimliginiň hünärmenleri garşyladylar.

Ýygnananlaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, talyplary bar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň şeýle çärä gatnaşmaklary ýurdumyzyň binagärlik-gurluşyk pudaklarynyň ösdürilmeginde, bu hünärler boýunça bilim alýan ýaşlaryň döredijiliginde täze meýilleri we ugurlary kesgitlemekde, olaryň ussatlygyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, gözellik we amatlylyk, tygşytlylyk, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ilatyň esasy durmuş hyzmatlaryna, energiýa çeşmelerine, ýaşaýyş jaýyna, ulag hyzmatyna giň elýeterliligi, ekologiýa howpsuzlygy özgertmeler maksatnamalary hem-de ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmegiň geljegi uly meýilnamalary işlenip taýýarlanylanda we durmuşa geçirilende peýdalanylmagy zerur bolan binýatlaýyn ölçeglerdir.

Döwlet Baştutanymyz gürrüňi dowam etmek bilen, paýtagtymyzyň awtoulag ýollarynyň abadanlaşdyrylyşy, ýollaryň ugry boýunça gurlan binalaryň özboluşly binagärlik bezegleri, düzümleýin hem-de durmuş desgalaryny göwnejaý derejede saklamagy üpjün etmegiň meselesiniň üstünde durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz şäher häkimligi hem-de Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde gurlan kottej jaýlaryň häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyk gelmeýändigini aýdyp, bu babatda wise-premýer D.Amangeldiýewiň we Aşgabat şäher häkimi Ş.Durdylyýewiň işine nägilelik bildirdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuş şäher düzüminiň sazlaşykly ösdürilmegi, paýtagtymyzyň binagärlik keşbiniň mundan beýläk-de özgerdilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny aýdyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan bina edilen kottej görnüşli jaýlary oňyn mysal hökmünde getirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Çoganly ýaşaýyş toplumyny mundan beýläk-de gurmagyň taslamalarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdy, olary Aşgabat şäher häkimligi, ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary taýýarladylar.

Bu ýerde görkezilýän taslamalar barada döwlet Baştutanymyza Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew giňişleýin hasabat berdi.

Sözüň doly manysynda, ýakyn ýyllarda bu ýerde edara binalarynyň, hyzmatlar ulgamy kärhanalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň tutuş toplumyny öz içine alýan täze ägirt uly şäher peýda bolar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalaryň bäş görnüşiniň her biri bilen içgin tanyşdy, olar ilatyň ösüşiniň, durmuş, ykdysady, ekologiýa we estetiki şertleri hasaba alnyp, işlenip taýýarlanyldy. Bu taslamalarda milli binagärlik we dünýä şäher gurluşygynyň häzirki zaman meýilleri öz beýanyny tapdy.

Şäher gurşawyny meýilleşdirmegiň we durnukly ösüşiniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek, bu ulgamda innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň binagärleri, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary we talyplary, Aşgabat şäher häkimliginiň, Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň hünärmenleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri dünýäniň iri şäherlerinde iş saparlarynda boldular.

Her bir taslamanyň konsepsiýasynda häkimligiň we beýleki döwlet edaralarynyň binalarynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Umumybilim berýän orta mekdepleriň birnäçesini we çagalar baglaryny, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň, çagalar döredijilik merkeziniň binalaryny gurmak teklip edilýär.

Ýaşaýyş-durmuş düzüminiň desgalarynyň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýleri, söwda-dynç alyş merkezleri, sport mekdebi, stadion we sport toplumy, köp gatly awtoduralgalar bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalarynyň binalary gurlar.

Taslamalaryň birinji görnüşinde Aşgabat — Daşoguz ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň iki tarapyndan ýaýbaňlanjak şäherçäniň meýdany 620 gektara deň bolar. Toplumda 15 — 30 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 130-sy ýerleşdiriler. 16 müň 696 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynda ýokary durmuş ülňüleri üpjün edilip, olarda döwrebap ýaşaýyş we amatly dynç alyş üçin aňrybaş şertler dörediler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenilen taslamalar boýunça ikinji teklibi hem Aşgabat şäher häkimligi taýýarlady. Baş meýilnama gadymy döwürlerden bäri amaly-haşam sungaty gymmatlyklarynyň bezeginde peýdalanylýan däp bolan milli nagyşlaryň biriniň görnüşinde ýerine ýetirilipdir. 663 gektar meýdanda köp sanly durmuş maksatly desgalar — 134 sany köp gatly ýaşaýyş jaýy ýerleşdiriler, olar 18 müň 568 maşgala niýetlenendir. Şäherçäniň ilatynyň sany, takmynan, 112 müň adama deň bolar.

Ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň taýýarlan üçünji teklibinde Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolundan gündogar tarapda ýaýbaňlanjak gurluşyklaryň umumy meýdany 720 gektara barabar bolar. Onda beýleki häzirki zaman binalary bilen bir hatarda, 16 müň 884 maşgala niýetlenen ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 177-sini gurmak göz öňünde tutuldy. Olar 12, 15, 18, 22, 26, 30, 32, 34 we 35 gatly jaýlardyr. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we syn ediş diňiniň gurluşygy bu taslamanyň aýratynlygydyr. Şeýle hem taslamanyň bu görnüşinde şäher ýollarynyň, seýilgähleriň hem-de çüwdürimleriň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berler.

Täze şäherçäniň dördünji taslamasy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dürli düzüm görnüşlerinde hödürlenildi. Mysal üçin, «A» we «B» görnüşlerine laýyklykda, täze binalaryň umumy meýdany 520 gektara deň bolar, bu ýerde 15 gatdan 35-e çenli gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 102-sini gurmak meýilleşdirilýär, olar 8 müň 566 maşgala niýetlenendir. Şäherçäniň ilatynyň sany 51 müň adamdan geçýär.

Taslamanyň «Ç» görnüşi göl şekilinde ýerine ýetirilip, has giň möçberlidir. Şäherçäni 920 gektar meýdanda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar, bu ýerde 15 müň 384 maşgala niýetlenen köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 168-si bina ediler hem-de ýokarda görkezilen köp sanly edara ediş we durmuş maksatly desgalar gurlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň taýýarlan taslamalary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz ähli desgalaryň göwnejaý ýerleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde şäher giňişliginiň durmuş gurşawyny guramagyň aňrybaş derejesiniň üpjün edilmeginiň baş ýörelge bolup durýandygyny belledi.

Ilatyň netijeli işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport, döredijilik bilen meşgullanmagy, söwda, dynç alyş we sagaldyş ulgamynyň häzirki zaman hyzmatlaryndan peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegi zerurdyr. Hyzmat ediş nokatlary ýaşaýyş jaýlarynyň golaýynda ýerleşmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz binalaryň we desgalaryň binagärlik keşbi, şeýle hem meýilnamalaşdyryş çözgütleri babatynda bellikleri aýdyp, olaryň ählisiniň geljekki desgalary meýilleşdirmegiň başky tapgyrynda işlenilip düzülmeginiň zerurdygyny, olaryň bezeg, gurluşygyň hili, şeýle hem ekologiýa talaplary babatynda häzirki zaman ülňülere laýyk gelmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň — elektrik we suw üpjünçilik, lagym hem-de suw akdyryş ulgamlarynyň gurluşygyna, ilkinji nobatda, üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu düzümleriň esasy gurluşyklar tamamlanmazdan ozal çekilmelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny işleri toplumlaýyn we ylmy esasda guramagyň mysaly hökmünde getirdi, bu ýerde Hazaryň kenarynda bina edilen desgalaryň binagärlik çözgütleri oýlanyşykly amala aşyryldy, adamlaryň oňaýly dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.

Döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalara degişli düzedişleri girizdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, täze şäherçäniň estetik keşbiniň döredilmegi möhümdir. Şol sebäpli hem onuň gurluşygynda birsydyrgynlykdan we birmeňzeşlikden gaça durulmalydyr. Täze binagärlik taslamalary özboluşly, tapawutly hem-de täsir galdyryjy häsiýete eýe bolmalydyr. Munuň üçin binalaryň we desgalaryň bezeginde milli amaly-haşam sungatynyň ýörelgeleri, häzirki zaman çözgütler döredijilikli ulanylmalydyr.

Esasan, bu «Türkmeniň ak öýi» binasyna degişlidir, ony täze şäherçäniň merkezinde gurmak meýilleşdirilýär. Ak öý abadançylygyň we ösüşiň, dostlugyň hem-de türkmen myhmansöýerliginiň nyşanydyr, onuň keşbinde türkmenleriň binagärliginiň özboluşly ýörelgeleri hem-de binagärlik sungatynyň häzirki zaman gazananlarynyň meýilleri sazlaşmalydyr.

Onuň içki bezegi özboluşlylygy hem-de milli öwüşgin bilen tapawutlanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz şunuň ýaly taslamalaryň işlenip taýýarlanmagyna we durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň telekeçileriniň we talyp ýaşlarynyň giňden çekilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu binanyň taslamasy barada aýtmak bilen, onuň Garagum sährasynyň ägirt uly kömelegini ýatlatmalydygyny belläp, onuň golaýynda bitewi sazlaşygy emele getirýän beýleki binalaryň gurulmalydygyny, munuň bolsa, ozaly bilen, estetika nukdaýnazaryndan zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz esasy belliklerini we düýpli maslahatlaryny beýan edip, ýolbaşçylary iň gowy daşary ýurt tejribesini işjeň öwrenmäge, ösen ýurtlarda şäher hojalygyny netijeli guramagyň kadalaryny seljermäge, tebigy serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berýän döwrebap tehnologiýalary ulanmaga çagyrdy. Hususan-da, munuň özi, bir tarapdan, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler hökmünde Gün we ýel energiýasynyň peýdalanylmagyna, beýleki tarapdan bolsa, binalaryň ýerasty suwlaryň hereketi, ýeliň we Gün şöhleleriniň ugurlary hasaba alnyp ýerleşdirilmelidigine degişlidir. Şeýle hem ýagyş-ýagmyrlary oýlanyşykly peýdalanmak gerek, ýagyş suwlaryny toplamak ulgamy olary baglary suwarmak üçin peýdalanmaga mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyzda giň gerimli şäher gurluşygyna ägirt uly maýa goýumlaryny gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Muňa ýylyň-ýylyna täze binagärlik toplumlary we tutuş etraplar bilen okgunly ösdürilýän ak mermerli Aşgabadymyz mysal bolup biler, onuň köçeleriniň ugrunda ajaýyp ýaşaýyş toplumlary peýda bolýar. Şäherimiz çäklerini giňeldýär we ýokarlygyna tarap ösýär, dünýä açylýar hem-de gözelligi bilen haýran galdyrýar, munuň üçin paýtagtymyz köp sanly öwgüli häsiýetnamalara mynasyp boldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk işleri amala aşyrylanda, esasan-da, olaryň taslamalary düzülende ýaşaýjylaryň isleg-arzuwlarynyň hasaba alynmagynyň zerurdygyny nygtady. Bu babatda öňde durýan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn çemeleşilmegini üpjün etmek möhümdir, ýerli howa şertleri bilen bir hatarda, şäher gurşawynyň gurluşygynda ekologiýa kadalarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns bermek gerekdir.

Bir söz bilen aýdylanda, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygara eýermek gerek, adam hakyndaky alada onuň baş maksadydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz bu giň gerimli täze gurluşyklaryň taslamasyny taýýarlamak üçin ýurdumyzyň binagärleriniň, gurluşykçylarynyň, telekeçileriniň we talyp ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşiginiň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyz häzirki zaman şähergurluşyk taslamalaryny taýýarlamak we amala aşyrmak üçin ähli mümkinçiliklere eýedir. Ugurdaş edaralar, bu ulgamda ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilendir, ähli mümkinçiliklere we şertlere eýedir, şol sebäpli hem bäsleşige diňe bir ussat binagärler däl-de, zehinli talyp ýaşlar hem gatnaşyp bilerler diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Bu bäsleşigiň ýeňijisi baýraga mynasyp bolar, onuň işläp taýýarlan taslamasy bolsa täze şäherçäniň esasyny düzer. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, türkmen halky özüniň köpasyrlyk taryhynyň dowamynda kuwwatly döwletleri hem-de örän iri şäherleri döretdi. Köp sanly taryhy çeşmeler zehinli türkmen binagärleriniň bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan täsin binalary gurandyklaryna şaýatlyk edýär.

Şol bir wagtda bolsa ýurdumyzyň binagärligi umumydünýä meýilleri bilen sazlaşykda ösmelidir, häzirki zaman tejribesini, ylmy-tehniki gazanylanlary hem-de täzeçil usullary giňden ulanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra milli Liderimiz binagärlik-gurluşyk institutynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bilen gürrüňdeş boldy, hödürlenilýän taslamalar babatynda olaryň ýerine ýetiriliş derejesi we ulanylan çözgütler hakynda ýaşlaryň pikirlerini diňledi.

Talyplaryň belleýşi ýaly, olar taslamalary işläp düzenlerinde, durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda birnäçe gezek aýdan pikirlerine salgylanýarlar. Hususan-da, tokaý zolaklarynyň döredilmegine aýratyn üns berildi. Munuň özi howa ýagdaýyna, şäheriň ekologiýasyna oňyn täsirini ýetirer, adamlaryň ýaşamagy, doly derejede dynç almagy üçin amatly şertleri üpjün eder.

Şunuň bilen birlikde, durmuş maksatly desgalaryň ýerleşýän ýerleri önümçilik toplumlaryndan hem-de awtoulag ýollaryndan daş aralykda saýlanyp alyndy. Şeýle hem şäher awtoulag ýollarynyň halkara ülňülere laýyklygy, olaryň awtoulaglaryň sürüjileri hem-de pyýadalar üçin amatlylygy, şäher we tebigy landşaftlaryň sazlaşykly utgaşmagy ýaly ugurlar göz öňünde tutuldy.

Merkezde gurulmagy meýilleşdirilýän «Türkmeniň ak öýi» binasy giň göwrümli täze gurluşyklaryň aýratyn bezegi bolar. Türkmeniň ak öýi görnüşindäki täsin hem-de belent desga iri dabaralaryň we medeni çäreleriň geçirilmegi üçin niýetlener.

Talyplaryň — geljekki binagärleriň we gurluşykçylaryň belleýişleri ýaly, iri şäher toplumyny gurmagyň taslamalaryny işläp taýýarlamak hem-de şu gezekki tanyşdyryş çäresiniň özleri üçin iş ýüzündäki aýratyn tejribe, olaryň hünär derejesini artdyrmakda möhüm waka boldy.

Talyplaryň adyndan ýaş hünärmen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaş nesle hemişe üns berýändigi, gymmatly maslahatlary we ündewleri, şeýle hem döwlet derejesinde geçirilýän bu çärä gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ähli bilimlerini, ukyplaryny we başarnyklaryny döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen ägirt uly wezipeleriniň çözgüdine gönükdirerler.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenilen taslamalara garamagyň we ara alyp maslahatlaşmagyň jemlerini jemläp, degişli ýolbaşçylara täze şäherçäniň ulag kommunikasiýalary babatynda anyk tabşyryklary berdi hem-de onuň çäkleri boýunça şäherara awtoulag ýollarynyň geçmeli däldigine aýratyn ünsi çekdi.

Milli Liderimiz şäher gurluşygynyň ähli ugurlaryna hemmetaraplaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigini ýene bir gezek nygtap, şunda ýaşlara aýratyn umyt baglanylýandygyny belledi.

Bu ýere ýygnanan ýolbaşçylara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikler, talyplara bolsa Watanymyzyň bähbidine hyzmat etmek ugrunda okuwda we döredijilikde täze sepgitlere ýetmegi arzuw edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter