Resmi habarlar 29-nji Iýul | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 29-nji Iýul

опубликованно 29.07.2015 // 944 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem raýatlarymyza ýokary hilli bejeriş we sagaldyş-dikeldiş kömeginiň berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Lebap welaýatynyň häkimligine Türkmenabat şäherinde 836 orunlyk köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp hem-de lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyryp gurmak barada “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany, şol köpugurly hassahana üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2015-nji ýylyň awgust aýynda başlamak we köpugurly hassahanany 2017-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter