Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 23 medal gazandylar | TDH
Sport

Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 23 medal gazandylar

опубликованно 24.03.2019 // 277 - просмотров
 

Türkmen samboçylary Moskwanyň «Lužniki» olimpiýa toplumynda 22-nji martda badalga alan «Harlampiýewiň ýadygärligine» dünýä kubogy ugrunda ýaryşlarda on iki medala — üç kümüş we dokuz bürünç medala eýe boldular.

Biziň ildeşlerimiziň bu üstünlikleri Sambo halkara federasiýasynyň (FIAS) ýerine ýetiriji komitetiniň ýakynda geçirilen mejlisiniň barşynda 2020-nji ýylda Aşgabatda sambo boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen baglylykda aýratyn buýsançlydyr.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýeňijisi Çarymyrat Annagurbanow 100 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, Türkmenistanyň ýygyndy toparyna kümüş medaly getirdi.

Sportuň bu görnüşinde Batyr Durdyýew (52 kilograma çenli), Ýusup Taňryberdiýew (57 kilograma çenli), Ruslan Ýusupow (62 kilograma çenli), Rüstem Penjiýew (74 kilograma çenli), Jawlanbek Madaminow (90 kilograma çenli) we Babajan Iwadullaýew (100 kilogram agram derejede) bürünç medallary aldylar.

Nusgawy görnüşde türkmen samboçylary Ýusup Ismailow (62 kilograma çenli) we Ýusup Atamyradow (68 kilograma çenli) kümüş, Ruslan Esgerow (100 kilograma çenli) we Zyba Orunowa (60 kilograma çenli) hem-de Gülnar Haýytbaýewa (64 kilograma çenli) bürünç medallara eýe boldular.

Sambo göreşini (ýaragsyz özüňi goramak) esaslandyryjy Anatoliý Harlampiýewiň ýadygärligine bagyşlanan ýaryş 1980-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Bu ýyl ýaryşlara 33 ýurtdan 250-den gowrak türgen gatnaşdy.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýurdumyzyň türgenlerini dünýä, halkara we sebit derejeli iri ýaryşlara, şol sanda «Harlampiýewiň ýadygärligine» ady bilen geçirilýän dünýä kubogy ugrundaky ýaryşlara samboçylary yzygiderli ugradýar. Geçen ýyl geçirilen ýaryşlarda dünýä sportunda abraýly bu bäsleşiklerde biziň türgenlerimiz jemi 10 medala — 3 kümüş we 7 bürünç medala mynasyp boldular.

Emma bu gezekki ýaryşlar dowam edýär, şeýlelikde, bu üstünligiň has-da artdyrylmagy mümkindir.

* * *

Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasynda Aziýa çempionaty tamamlandy, onda biziň ildeşlerimiz Döwletmyrat Orazgylyjow (86 kilograma çenli) we Azat Gajyýew (92 kilograma çenli) kümüş medallara eýe boldular.

Türkmenistanyň ýygyndy topary russiýaly tälimçi Ramazan Irbaýhanowyň ýolbaşçylygynda Aziýa birinjiligine gatnaşdy, ol biziň türgenlerimizi 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlaýar.

Türkmen pälwanlary ýaryşlaryň dowamynda gazagystanly, mongoliýaly we hindistanly bäsdeşlerinden üstün çykdylar.

* * *

20-24-nji mart aralygynda Antaliýada (Türkiýe) geçen Aşihara-karate boýunça Ýewraziýa çempionaty Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň dokuz medala mynasyp bolmagy bilen tamamlandy.

Daýanç Gylyçdurdyýew (65 kilogram agram derejesinde), Ýazmuhammet Aşyrmyradow (75 kilogram agram derejesinde), Maksat Annagylyjow (85 kilogram agram derejesinde), Farhat Jumaýew (85 kilogram agram derejesinde) we Seýran Potarow (85 kilogramdan ýokary) altyn medallara eýe boldular.

Rahman Kužitow (75 kilogram agram derejesinde), Kerim Çaryýew (80 kilogram agram derejesinde) we Eziz Öwlýagulyýew çäksiz agram derejesinde ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň sylaglar toplumyna kümüş medallary goşdular.

Joşgun Täçmedow 70 kilogram agram derejesinde üçünji orny eýeläp, bürünç medaly aldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter