Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa | TDH
Prezidentiň poçtasy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

опубликованно 22.07.2015 // 841 - просмотров
 

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,

Azerbaýjan halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we ähli türkmen halkyna adamzadyň ýokary ynsanperwerlik gymmatlyklaryny şöhlelendirýän mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy beýan edýärin.

Şu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli gutlaglarym bilen bir hatarda Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna bolsa, abadançylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň.

***

Abdel Fattah Al-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti:

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlaglarymy iberýändigime örän şatdyryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, dostlukly türkmen halkyna we ähli musulman ymmatyna abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter