Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 20.03.2019 // 522 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda özara hyzmatdaşlyk boýunça täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmak üçin, ýurdumyzyň Ýaponiýa gidýän wekiliýetiniň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi, şeýle hem döwletimiziň gündelik durmuşyna degişli möhüm meselelere garaldy we resminamalaryň birnäçesi kabul edildi.

Milli Liderimiz maslahaty açyp, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň başlygy R.Meredowy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasary M.Meredowy, şeýle hem döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewi göni aragatnaşyga çagyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki iş maslahatynyň esasy meselesiniň döwletimiziň Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde ykdysadyýetimiziň köp pudaklarynda ysnyşykly gatnaşyk saklaýan ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biri Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine degişlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ýurduň dürli edaralarynyň we kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiriljek duşuşyklaryň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyljak meseleleriň, orta atyljak özara bähbitli teklipleriň anyklaşdyrylmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Ilki bilen, göni wideoaragatnaşyk boýunça döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy M.Arçaýewiň Ýaponiýa boljak gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabatyny diňledi.

Habar berlişi ýaly, saparyň maksatnamasynda Ahal welaýatynda gurlan benzin öndürjek gazhimiýa toplumynyň goýberiş-sazlaýyş işleriniň barşyny, şol sanda bu kärhananyň açylyş dabarasyny geçirmek boýunça guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Co. Ltd» hem-de «Sojitz Corporation» kompaniýalar konsorsiumynyň arasyndaky Çarçuwaly Ylalaşygyň esasynda bu toplumyň ikinji zawodynyň taslamasyny düzmegiň we doly taýýar edip gurmagyň meselelerine garalar.

Mundan başga-da, gepleşikleriň gün tertibine Ýaponiýanyň «Sumitomo» kompaniýasynyň «Galkynyş» gaz käninde işlemek üçin turbalary we beýleki önümleri getirmek boýunça şertnamany maliýeleşdirilmegi, Ýaponiýanyň beýleki işewür toparlarynyň wekilleriniň Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy baradaky meseleler giriziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçysyna Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, «Kawasaki Heavy Industries Co. Ltd», «Mitsubishi Corporation», «Toyo Engineering Co. Ltd.», «Sojitz Corporation» kompaniýalarynyň, şeýle hem Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş edarasynyň (NEXI), Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) we Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirmek boýunça görkezmeleri berip, ýurdumyzyň nebiti gaýtadan işleýän senagatyny döwrebaplaşdyrmaga, gaznebithimiýa senagatynyň täze, ýokary tehnologiýaly desgalaryny gurmaga abraýly öňdebaryjy işewürler düzümleriniň işjeň gatnaşmagynyň möhüm orun eýeleýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Tokioda ýapon hyzmatdaşlary bilen işewür gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak tabşyryldy. Tutuş sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm orun eýelemegine gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň amala aşyrylmagy babatda Ýaponiýanyň maliýe düzümleri we kompaniýalary bilen gatnaşyk etmek geljegi uly ugur bolup görünýär.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary barada aýdyp, söwda, maliýe we maýa goýum ulgamlaryny ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitledi. Şol ulgamlar geçiriljek gepleşiklerde anyk ara alnyp maslahatlaşylmalydyr. Türkmenistan nebit hem-de gazhimiýa pudagynda täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna ýapon korporasiýalarynyň tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu ugurdaky işleri işjeňleşdirmek boýunça tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredowyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň 21 — 22-nji maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň X halkara Gaz kongresine taýýarlyk görlüşi baradaky hasabatyny diňledi. Şunuň bilen baglylykda, degişli ähli guramaçylyk meselelerini öz wagtynda çözmek boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, däbe öwrülen bu ýöriteleşdirilen forumyň ýangyç-energetika toplumynda gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Bu ulgamda ýurdumyz pudaklaýyn düzümleri toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly arkaly çykarmak, gaýtadan işleýän, şol sanda gazhimiýa senagatynyň kuwwatyny pugtalandyrmak, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça strategiýany amala aşyrýar.

Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, öňdebaryjy tejribäni alyşmak, dünýäniň esasy maliýe we nebitgaz kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin netijeli çärä öwrüljek X halkara Gaz kongresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna birbada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýewi we «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewi çagyrdy. Olar Ýaponiýa boljak gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, kuwwatly senagat düzüminiň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasyny amala aşyrýan ýurdumyzyň täzeçil we öňdebaryjy tehnologiýalary, daşary ýurtlaryň oňyn tejribelerini giňden ornaşdyrmagy esasy ugur edinýändigini belledi. Bu ugurda himiýa senagatyna möhüm orun degişlidir diýip, milli Liderimiz «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygyna Ýaponiýanyň degişli düzümleriniň hem-de konserniň hyzmatdaşlyk edýän kompaniýalarynyň, şeýle-de maliýe we bank edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, häzirki döwürde ýapon hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň gazhimiýa pudagynda birnäçe iri taslamalaryň amala aşyrylandygyny belledi. Şolaryň hatarynda 2014-nji ýylda Mary şäherinde gurlup, ulanmaga berlen ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumyny hem-de geçen ýylyň oktýabr aýynda Gyýanly şäherçesinde dabaraly açylyp, ulanmaga berlen polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny görkezmek bolar.

Himiýa senagatynda täze kärhanalary, şol sanda ammiak we karbamid hem-de fosfor dökünlerini öndürýän kärhanalaryň gurluşygy netijeli gatnaşyklar üçin ägirt uly mümkinçilige öwrüldi diýip, milli Liderimiz belledi. Önümçilik pudaklaryny köpugurly esasda ösdürmek, milli ykdysadyýetimiziň toplumlaýyn ösüşini üpjün etmek ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum maksatnamalarynyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Ýaponiýanyň tejribesi ykdysady mümkinçilikler babatda häzirki döwürde dünýäde öňdäki orunlary eýeleýär. Bu bolsa biziň üçin aýratyn bähbitlidir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli we sazlaşykly ösüş aýratynlyklaryny kanagatlanma bilen belläp, Ýaponiýanyň döwletimiziň ygtybarly we işewür hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň alyp barýan köpýyllyk işleriniň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatyna Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanow çagyryldy. Ol Ýaponiýa boljak gulluk iş saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berip, ýapon kompaniýalary bilen, ilkinji nobatda, ýokary hilli awtoulaglary getirmek babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşyklaryň barşynda uzak möhletleýin esasda özara bähbitlilik ýörelgelerinde guralýan giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky meseleleriň giň toplumyna garamagyň zerurdygyny nygtady.

Dünýä belli tehnikalary, ýapon öndürijileriniň önümleri türkmen bazarynda mäkäm orun eýeleýär. «Komatsu» we «Itochu Corporation» ýaly kompaniýalar bilen awtoulag, ýol gurluşyk we ýer gazyjy tehnikalaryny almak babatda köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy mysal hökmünde getirip bolar. Bu tehnikalar ýurdumyzyň ähli gurluşyklarynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag ulgamynda we oba hojalygynda ulanylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulaglaryň täze görnüşlerini satyn almak mümkinçiligine seretmegiň möhümdigi barada aýdyp, şolara howpsuzlyk, ygtybarlylyk we ekologiýa babatda aýratyn ýokary talaplaryň bildirilýändigini nygtady.

Dünýäde iri awtomobil öndürijileriniň biri bolan «Toyota» korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, milli Liderimiz bu kompaniýanyň awtomobil zawodyna baryp görmegi hem-de önümçiligiň guralyşy, ekologiýa taýdan arassa döwrebap ulag serişdeleriniň we elektromobilleriň dürli kysymlary bilen tanyşmagy tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, täze görnüşli awtoulag tehnikalaryny Türkmenistana getirmek meselesiniň üstünde işlemek barada görkezme berildi.

Soňra Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy D.Saburow ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işini döwrebaplaşdyrmak hem-de mundan beýläk-de kämilleşdirmek, hödürlenilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, garamagyndaky düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak hem-de ýerli gatnawlaryň çäklerini giňeltmek barada milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, täze howa menzillerini gurmak hem-de bar bolan howa menzillerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär.

Agentligiň ýolbaşçysy «Türkmenhowaýollarynyň» tehniki toplumynyň üstüniň täze döwrebap uçarlar bilen yzygiderli ýetirilýändigini belläp, munuň howa gatnawlary, halkara howa ýollary boýunça täze, halkara gatnawlary açmak babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýa iş saparyna taýýarlyk görülýär, onuň barşynda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletleri bilen howa gatnawlaryny ýola goýmak hakynda gepleşikleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu ugurda baý tejribesi we uly gazananlary bolan AÝU sebitiniň döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasy konsepsiýasynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygynda geçirilýän milli ykdysadyýetimizi hem-de beýleki ugurlary sanlaşdyrmak baradaky ugruň amala aşyrylmagy bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Döwlet Baştutanymyz Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, şol sanda Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini belläp, bu döwletara gatnaşyklaryň taryhynyň müňýyllyklaryň jümmüşinden, Beýik Ýüpek ýoly döwründen gözbaş alýandygyny belledi. Häzir bu gatnaşyklar ýylsaýyn täze mazmun bilen baýlaşýan köpýyllyk dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mäkäm binýadynda guralýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda bu sebit ykdysady, ylmy-tehniki we senagat taýdan sazlaşykly ösýär diýip, milli Liderimiz möhüm hyzmatdaşlaryň hatarynda Hytaý Halk Respublikasyny, Ýaponiýany, Koreýa Respublikasyny görkezdi.

Bu döwletler bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady, ulag, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmek göz öňünde tutulýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetini senagatlaşdyrmaga hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge tarap alan ugruny amala aşyrmagyň çäklerinde Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary, olaryň işewür we maliýe düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, täze iri taslamalara çykmak üçin uly mümkinçilikler açylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Agentligiň ýolbaşçysyna Türkmenistan bilen Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň arasynda göni awia gatnawlaryny ýola goýmak meseleleri boýunça gepleşikler geçirmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň ygtyýarlygynda uzak aralyga uçuşlary amala aşyrýan uçarlar bar. Olaryň ulanylmagy Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen döwletara ykdysady gatnaşyklaryny has-da berkitmäge ýardam eder.

Soňra göni wideoaragatnaşyk boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew hem-de Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy A.Ýazmyradow çagyryldy.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Bugdaý we şaly ýygýan kombaýnlar hem-de sürüm traktorlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, tigirleri, çalgy ýaglaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak hakyndaky» kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere iberdi. Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Ýaponiýa boljak gulluk saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi, onuň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini, hususan-da, ýurdumyzda suwdan peýdalanmagyň döwrebap tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, bu ugurda bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň hem-de maliýe we bank edaralarynyň hem-de Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şol duşuşyklar häzirki wagtda ýurdumyzda oba hojalygyny dolandyrmagy hem-de düzümleýin özgertmegi kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak maksady bilen geçirilýän özgertmeler bilen baglylykda örän wajypdyr.

Döwlet Baştutanymyz tebigy baýlyklara aýawly garamagyň, oba hojalyk önümçiliginiň sazlaşykly ösüşiniň möhüm şerti bolan suwarymly ýerleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň biziň esasy maksatlarymyzyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet komitetiniň başlygyna ýapon hyzmatdaşlarymyzyň suw tygşytlaýjy we arassalaýjy innowasion tehnologiýalary bilen içgin tanyşmagy, şeýle hem oba we suw hojalygynda ulanylýan tehnikalary öndürýän kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzda suw gorlaryny döretmek bilen baglanyşykly gürrüňi dowam edip, edaranyň ýolbaşçysynyň ünsüni ýapon kärdeşleri bilen Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Garaşsyzlyk» suw howdanynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça pikir alyşmagyň möhümdigine çekdi. Bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň öňe sürýän suw diplomatiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz suw howdanyny giňeltmek hem-de onuň suwuny artdyrmak, täzeçil tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak meselelerine üns bermegiň möhümdigini belläp, bu ulgamda Ýaponiýadan bolan hyzmatdaşlar bilen ylalaşyk gazanmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň professor-mugallymlaryny «Garaşsyzlyk» suw howdanynyň kuwwatyny peýdalanmagy ylmy taýdan öwrenmeklige çekmegiň möhümdigini belledi we bu suw howdanynyň ýurdumyzyň ekin meýdanlarynyň suw üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynda ähmiýetli boljakdygyny aýtdy. Bu aýratyn-da, häzirki döwrüň möhüm meselesi bolup durýan Suw diplomatiýasyny işjeňleşdirmek meselesinde möhümdir diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoaragatnaşyga şol birwagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowy hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowy çagyrdy.

Wise-premýer Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen 81-nji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Mejlisiň gün tertibine GDA ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlary baradaky meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, GDA-nyň çäklerinde netijeli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň Arkalaşygyň giňişliginde umumy bähbitlere kybap gelýän köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmaga oňyn çemeleşmeleri görkezýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Bitarap Watanymyz GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, dürli ugurlarda ägirt uly kuwwata eýe bolan döwletara gatnaşyklary ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Munuň şeýledigine şu ýyl GDA-da ýurdumyzyň başlyklyk etmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň başlyklyk etmeginde dürli ulgamlarda möhüm çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmen tarapy Arkalaşygyň edaralarynyň we degişli düzümleriniň işleriniň anyk netijelere gönükdirilen ýagdaýda bolmagy üçin hemme zerur işleri ýerine ýetirer diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi. Soňra Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow abraýly maliýe edaralary, şeýle hem daşary ýurtlaryň öňdebaryjy banklary bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz dünýäniň gyzyklanma bildirýän ähli döwletleri hem-de abraýly halkara ykdysady düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň biziň daşary syýasat strategiýamyzyň möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, onuň köpugurly mümkinçiliklerini amatly amala aşyrmak, maýa goýum işjeňligini, işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary höweslendirmek üçin örän oňaýly şertleriň bardygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçysyna Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Eksporty we maýa goýumy ätiýaçlandyryş edarasynyň, Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň hem-de ýurdumyzyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyp, eziz Diýarymyzda amala aşyryljak täze iri taslamalary maliýeleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak tabşyryldy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, ýapon tarapy bilen geçiriljek gepleşiklerde ýapon kompaniýalarynyň ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna gönüden-göni maýa goýmak mümkinçiliklerine üns bermegiň möhümdigini belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy hem-de Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewi çagyrdy.

Wise-premýer 26-njy mart — 1-nji aprel aralygynda Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýewi hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory D.Myradowy gulluk iş sapary bilen Ýaponiýa ibermäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Şeýle hem ady agzalan ýokary okuw mekdebiň Ýaponiýanyň Hirosaki uniwersiteti bilen gol çekmegi göz öňünde tutulýan Hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygyň taslamasy barada habar berildi.

Soňra sport we ýaşlar syýasaty ministri hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy XXXII tomusky olimpiýa oýunlaryna ýokary derejede taýýarlamak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şu maksat bilen guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ýapon kärdeşleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwür bilen aýakdaş gadam basyp, döwrebap maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny öz içine alyp, ýaş hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça möhüm wezipeleri çözmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ministre ýüzlenip, nobatdaky tomusky olimpiýa oýunlaryna göwnejaý taýýarlyk görmek maksady bilen, V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmekde tejribe toplan hünärmenleri wekiliýetiň düzümine goşmak gerek diýip belledi. Milli Liderimiz bu oýunlarda çykyş etjek toparlarymyzyň agzalarynyň lybaslarynyň ýerli howa şertlerine laýyk gelmegini üpjün etmek hem-de beýleki birnäçe guramaçylyk meselelerini oňyn çözmegi ýerinde öwrenmek barada anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylary gulluk iş saparyna ibermek hakynda Buýruga gol çekip hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Hirosaki uniwersitetiniň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi tabşyryp, resminamany elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly wise-premýere ugratdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň başlygy R.Meredowa ýüzlenip, ýurdumyzyň Ýaponiýa iberilýän wekiliýetiniň iş saparynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu ýurt bilen köptaraply hyzmatdaşlyk etmek Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlaryna doly gabat gelýär.

Milli Liderimiz deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerinde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli depginini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze sepgitlere çykandygyny aýtdy. Biziň ýurtlarymyz häzirki zaman taryhy şertlerinde däp bolan dostluk gatnaşyklaryna özara ygrarlydygyny, uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylýandygyny görkezýär. Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köptaraply görnüşde, hususan-da, yzygiderli häsiýete eýe bolan «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» gatnaşyklarynyň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär.

Ýokary derejede gazanylan hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny örän berkiden möhüm ylalaşyklar, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalary, milli ykdysadyýetimizi düýpli döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga, iň täze ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga alnan ugur dürli ugurlarda netijeli özara hereketleri ösdürmek üçin täze gözýetimleri açdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow örän uly kuwwata eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, maýa goýum işlerini höweslendirmek, işewürlik düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady. Munuň şeýle bolmagyna yzygiderli esasda geçirilýän işewür duşuşyklar we gepleşikler, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň mejlisleri, işewürler maslahatlary we elbetde, Türkmenistanda Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň netijeli işlerini, iri maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini goşmak bilen, köpýyllyk gatnaşyklaryň uly tejribesi gönüden-göni ýardam berýär.

Şunuň bilen bir hatarda, ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan hem-de Ýaponiýa baý we özboluşly taryhy-medeni mirasa eýedir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de gadymy milli däplere hem-de asyrlaryň dowamynda kemala gelen ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklara ygrarly bolan türkmen we ýapon halklarynyň milli özboluşlylygynyň ýakyndygyny belledi.

Ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek, ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak maksady bilen, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri hem wajypdyr. Bu ugurda bilelikde işlemegiň eýýäm oňyn tejribesi bar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdylanlary jemläp, wise-premýere, DIM-iň ýolbaşçysyna Ýaponiýa bilen köptaraply ýygjam hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, geljegi uly täze bilelikdäki taslamalara çykmak üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz goranmak ministri B.Gündogdyýewiň garamagyndaky düzümlerde işleriň ýagdaýy, şeýle hem Belent Serkerdebaşymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabatyny diňledi. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we ýurdumyzyň raýatlaryny harby gulluga çagyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz Goranmak ministrliginiň işini kämilleşdirmek baradaky meseleler barada durup geçmek bilen, goşunlaryň ähli kysymlaryny has-da döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň tehniki üpjünçilik we söweşjeň ussatlyk derejesini ýokarlandyrmagyň ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýandygyny belledi. Harby okuw mekdeplerinde syýasy-terbiýeçilik, bilim, ylmy-tehniki we jemgyýetçilik işleri sazlaşykly utgaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz maslahatyň dowamynda «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky» Permana hem-de «Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda» Buýruga gol çekip, şunuň bilen bagly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy. Gol çekilen resminamalar şolbada elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly iberildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin, goranmak ministri B.Gündogdyýewe duýduryş yglan etdi.

Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, sil gelmegi bilen baglanyşykly öňüni alyş çärelerini öz wagtynda guramak boýunça zerur işleri geçirmändigi üçin, Türkmenistanyň goranmak ministriniň orunbasary — Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň başlygy D.Durdyýewe käýinç yglan edildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli Buýruklara gol çekip, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny dowam edip, eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň ýurdumyzda däp boýunça uly baýramçylyklaryň öň ýanynda günäsini geçmek çäresiniň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şunuň bilen baglylykda, Baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Atdaýewe söz berdi. Ol alnyp barlan degişli işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlaryndan ugur alyp, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli 2028 raýatyň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi we resminamany elektron resminama dolanyşyk ulgamy arkaly Baş prokurora iberdi.

Hormatly Prezidentimiz Baş prokurora hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly hemme zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmetleri bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmagy üçin şertleri döredýäris. Milli Liderimiz welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, beýleki degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen raýatlaryň işe ýerleşmegi barada alada etmegi tabşyryp, şol raýatlara yhlasly zähmet çekmegi, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli işlere öz goşandyny goşmagy, Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmegi hem-de halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter