Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 19.03.2019 // 591 - просмотров
 

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalary gurmak işlerini dowam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Balkan welaýatynyň häkimligine:

Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk köpugurly hassahananyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak hem-de hünärmenleri ýörite taýýarlamak barada «Ussat-Inžener» hususy kärhanasy bilen;

Türkmenbaşy şäherinde 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak hem-de hünärmenleri ýörite taýýarlamak barada «Çeper Gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň mart aýynda başlamak we hassahanalary 2021-nji ýylyň iýul aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter