Şeýle hem okaň
06.12.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden
05.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti milli ykdysadyýeti ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
04.12.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi
03.12.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

Aşgabat, 16-njy iýun (TDH) . Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Haled ben Muhammed Al Atiýýa bilen duşuşyk geçirildi.
Bu ýerde bolan iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, şeýle hem özara bähbitleriň we iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi.
Medeni-gumanitar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda we Katarda medeniýet günlerini guramak, iki ýurduň arasynda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Katar Döwletiniň Daşary işler ministriniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen duşuşyk geçirildi.
Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün