Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna

опубликованно 17.03.2019 // 651 - просмотров
 

Hormatly türkmen telekeçileri!

Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň on bir ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip atlandyrylan ýylda bazar gatnaşyklaryny emele getirmek wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar we belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny — telekeçiligi ösdürmek, bu pudaga döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça örän uly işler alnyp barylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary sazlaşykly hem-de netijeli ösdürmek üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Telekeçiler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we beýleki döwletlere iberilýän bäsleşige ukyply önümleriň önümçiligi barha ösdürilýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» kabul edilmegi bilen, biz ösüşiň hem-de rowaçlygyň täze tapgyryna gadam basdyk.

Bu maksatnamada döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary, şeýle hem çäk mümkinçilikleri, geosyýasy ýagdaýlary bilen şertlendirilen heniz ulanylmadyk mümkinçilikleriniň hem-de artykmaçlyklarynyň herekete girizilmegine, bazar gatnaşyklary şertlerinde hereketlendiriji güýç hökmünde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär.

Hormatly türkmen telekeçileri!

Ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň ösüşine görä, döwlet bilen hususy pudagyň sazlaşykly işlemegi möhümdir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem bazar gatnaşyklary şertlerinde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan hususyýetçiligi ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Häzirki döwürde telekeçiler döwletiň goldaw bermeginde ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda uly işleri alyp barýarlar. Olar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň telekeçileriniň öz banky bolup, olar diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da täze desgalary gurýarlar. Türkmen telekeçileri Awstriýada, Hytaýda, Birleşen Arap Emirliklerinde öz wekilhanalaryny açdylar. Häzirki döwürde olaryň alyp barýan işleriniň guwandyryjy netijelerini aýratyn bellemek isleýärin.

Telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda netijeli zähmet çekýärler, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny, mekdepleri, çagalar baglaryny, sport toplumlaryny we durmuş maksatly beýleki köp sanly desgalary yzygiderli gurup, ulanmaga berýärler.

Biz telekeçiligi giň gerim bilen alyp barmagy örän oýlanyşykly, kanunçylyga doly laýyklykda we döwletiň, halkyň bähbitlerini nazara almak bilen amala aşyrýarys. Şu meselede jemgyýetçilik guramalaryna, aýratyn-da, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyna uly orun degişlidir. Tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwürde ýaşlaryň giň topary telekeçilik işine çekilýär.

Bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, döwlet emlägini hususylaşdyrmaga we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalary kabul edilýär hem-de olar yzygiderli kämilleşdirilýär.

Hormatly telekeçiler!

Milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlary hökmünde telekeçiligi ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek möhüm wezipeler bolup durýar.

Sizi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň on bir ýyllygy mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň her biriňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda döwletimiziň ykdysady taýdan yzygiderli ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter