Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 18.06.2015 // 847 - просмотров
 

Aşgabat, 18-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň häkimleri, käbir düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, milli senenamamyzyň şanly senelerini mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk çärelerine, käbir resminamalaryň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe wajyp meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, oňa wise-premýerler M.Ýazmuhammedowany, B.Hojamuhammedowy, A.Ýazmyradowy, S.Satlykowy, Ş.Durdylyýewi, S.Toýlyýewi, B.Artykowy, B.Ereşowy, P.Taganowy, Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowy we Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň häkimlerini çagyrdy. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen iş maslahatyna gatnaşyjylary we tutuş türkmen halkyny mukaddes Oraza aýynyň başlamagy bilen gutlady.

Halkymyzyň asylly ýörelgelerini, agzybirligini, ynsanperwerligini özünde jemleýän Oraza aýy ýagşy dessurlaryň, päkizeligiň, borja wepalylygyň aýy hasaplanylýar. Belent adamkärçiligi ýaran edinen halkymyz ynsanperwer edim-gylymlary baş ýörelgä öwürmek bilen belent işleri bitirýär.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýagşy niýetleriň rowaç bolýan aýynda Lebap welaýatynda häzirki döwrüň talaplaryna we milli binagärlik ruhuna laýyk gelýän metjidi gurmak hakyndaky Karara gol çekdi.

Iş maslahatynyň barşynda döwlet Baştutanymyz geljek hepdäniň dowamynda Mary hem-de Lebap welaýatlaryna iş saparlaryny gurap, sebitlerde alnyp barylýan işler, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler bilen içgin gyzyklanjakdygyny belledi. Milli Liderimiz Mary hem-de Lebap welaýatlarynda birnäçe döwrebap binalaryň açylyş dabarasynyň guraljakdygyny, täze desgalaryň gurluşygyna badalga beriljekdigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylaryň zerur taýýarlyk çärelerini geçirmek boýunça bilelikde tagalla etmelidiklerini tabşyrdy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň häkimleri häzirki döwürde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hormatly Prezidentimiziň bu welaýatlara gurajak iş saparyna görülýän taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, welaýatlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän giň möçberli çäreleriň, medeniýet hepdeliginiň we beýleki dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatlaryň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, sebitleri senagat we ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň ýokary depginlerde alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen ýaýbaňlandyrylan çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer häzirki döwürde gözegçilik edýän Mary welaýatynda alnyp barylýan işler şeýle hem welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada aýratyn durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu strategiki ähmiýetli toplumy ösdürmek, nebitiň we gazyň çykarylyşyny hem-de gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini artdyrmak, nebit önümleriniň köp görnüşlerini öndürmek üçin Türkmenistanda ägirt uly mümkinçilikleri bar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreler, tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, çagalaryň wagtlaryny peýdaly we şadyýan geçirmegi üçin düzülen meýilnamanyň wezipeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Lebap welaýatynyň Serdarabat şäherinde çagalar sagaldyş-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyny göwnejaý geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada durup geçdi.

Milli Liderimiz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň abadançylygy hakyndaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belläp, körpe nesilleriň dynç alyş möwsümini talabalaýyk derejede guramak boýunça oňaýly şertleri üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalar mynasybetli guraljak çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada
wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Artykow häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde energiýa üpjünçiliginiň derejesini ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrliginiň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini atdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Mary welaýatynda döwrebap elektrik bekediniň gurluşygy boýunça işlenip taýýarlanylan taslamalar we täze bekediň kuwwatlylygy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatly ýerlerinde we edara-kärhanalarynda bökdençsiz energiýa üpjünçiligini ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösmeginde möhüm orun eýeleýän düzümleriň, aýratyn-da jemagat hojalygynyň işini döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýmagyň, bu ulgamda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe taşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Lebap welaýatynda Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmek, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň gününi mynasyp garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer milli Liderimiziň galamyndan çykan “Türkmen medeniýeti” we “Ile döwlet geler bolsa” atly kitaplaryň tanyşdyrylyş dabarasyna geçirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada aýtdy.

Mundan başga-da, wise-premýer Mary welaýatynda geçiriljek medeni çäreler, şeýle hem Lebap welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz şanly seneler mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere örän jogapkärçilikli çemeleilmelidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz geçirilýän medeni çärelerde halkymyzyň baý ruhy dünýäsiniň, ýurdumyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleriň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitleriň beýanyny tapmalydygyny tabşyrdy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Taganow häzirki döwürde gözegçilik edýän toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini kämilleşdirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan çärelere işjeň gatnaşmak babatda alyp barýan işleri hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz häzirki döwürde söwda we hyzmatlar ulgamynyň işgärleriniň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuşa geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagynyň has-da möhümdigini belledi. Bu düzümleriň işgärleri ilat arasynda, önümçilik ulgamlarynda yzygiderli bolup, halkyň ösen islegini öwrenmek hem-de ony kanagatlandyrmak boýunça zerur çäreleri görmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň deginlerini ýokarlandyrmak, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de öňde goýlan wezpeleri abraý bilen ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ulag we aragatnaşyk pudaklarynda ýokary tehnologiýaly ulgamyň bolmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň we halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etmeginiň möhüm şertidigini belläp, bu düzümleriň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagynyň, iň täze tehnikalary, enjamlary we kämil tehnologiýalary ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, esasan-da gözegçilik edýän Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Lebap welaýatynyň senagat düzümini ösdürmek, sebitiň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreler barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe senagat pudagynyň ösüş babatda hil taýdan täze derejä ýetirýändigini we munuň, hususan-da, köpsanly senagat desgalarynyň, şol sanda himiýa senagatynda kärhanalaryň ulanmaga berilmegi arkaly tassyklanýandygyny aýtdy.

Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylyan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da galla meýdanlarynda ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama, şeýle hem ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwrüň baş talabydygyny belläp, bu babatda işlenip taýýarlanylan maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň berk berjaý edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz şanly seneler we taryhy wakalar mynasybetli guralýan köpçülikleýin çärelerde tertip-düzgüniň berjaý edilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy
Ş. Durdylyýew garamagyndaky düzümleriň işleri hem-de paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Aşgabat şäheriniň etraplarynda ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamalaryny amala aşyrmagyň çäklerinde paýtagtymyzyň ýaşaýyş-durmuş düzümini, ulag-aragatnaşyk we inženerçilik ulgamyny, aragatnaşyk we energetika ulgamlaryny, jemagat hojalygyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak işleriniň alnyp barylýandygy hasabatda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady ösdürmegiň meseleleriniň ýakyn geljekde ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygyny hem-de şu işlere jogap berýän ähli düzümler bilen utgaşykly hereket etmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbini özgertmek boýunça meýilnamalaryň bellenilen möhletlerde we oňat hilli ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligiň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, ýurdumyzyň gallaçylarynyň orak möwsümini öz wagtynda we guramaçylykly tamamlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleri, gowaçalara we beýleki ekinlere edilýän ideg işleriniň derejesi barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer Sakarçäge etrabynda we Garabekewül etrabynda tohumlyk pagta çigidini arassalýan zawodyň açylyş dabarasyny görülýän taýýarlýk işleri barada hasabat
berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow millli ykdysadyýetimiziň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, ýurdumyzda oba hojalygynyň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler oňyn netijesini berýär. Türkmen daýhanlary dänäniň, gowaçanyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýärler.

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ogatnaşyjylara ýüzlenip, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ugurdaş düzümler bilen zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz giň möçberli çärelere örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belledi.

Mundan başga-da, milli Liderimiz agzybirligi, abadançylygy, ruhy tämizligi özünde jemleýän mukaddes Oraza aýyny guramaçylykly geçirmegiň parz işdigini belläp, bu aýda edilen ýagşy dilegleriň kabul bolmagyny arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen ähli meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görjekdiklerine ynam bildirdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter