Türkmenistan — BMG: nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — BMG: nesilleriň abadançylygynyň bähbidine hyzmatdaşlyk

опубликованно 15.03.2019 // 264 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzdaky BMG-niň wekilhanasynyň binasynda Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamaga bagyşlanan maslahat geçirildi.

BMG-niň Çagalar gaznasynyň — ÝUNISEF-niň goldawy astynda guralan foruma Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy boýunça halkara borçnamalaryny durmuşa geçirmek babatda pudagara iş toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

ÝUNISEF-niň wekilhanasynyň baştutany hanym Şahin Nilofer çykyşynda ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllarda ÝUNISEF-niň Ýerine Ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidentiniň çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagy hyzmatdaşlygyň möhüm netijesine öwrüldi. Ol, ýurduň milli bähbitlerine bolşy ýaly, Durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna laýyk gelýär.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ýurdumyzyň oňyn parahatçylyk söýüjilik syýasatynda adamlar hem-de ýurduň ähli raýatlarynyň hukuklaryny we erkinliklerini goramak hakynda alada esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çaganyň hukuklaryny berjaý etmek milli kanunçylygyň we Durnukly ösüş maksatlary boýunça ýurdumyzyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň möhüm ugry bolup durýar. Şeýlelikde, ýurdumyzda binýatlaýyn halkara-hukuk resminamalary, şol sanda «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakyndaky» Kanun kabul edildi we BMG-niň bu ugurdaky birnäçe wajyp konwensiýalary hem-de teswirnamalary tassyklanyldy.

Çagalygy, enäniň we çaganyň hukuklaryny goramak ugrundaky kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Hususan-da, 2016-njy ýylyň mart aýynda milli parlamentimiz «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etdi. 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, ýurdumyzda hossarsyz galan çagalaryň hukuklaryny, erkinliklerini we kanuny bähbitlerini durmuş taýdan goramaga gönükdirilen «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Kanun güýje girdi.

Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek Türkmenistanyň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy göreldesi netijesinde, bedenterbiýe we olimpiýa hereketi giň gerime eýe bolýar. Halkara ýaryşlarda Türkmenistanyň abraýyny belende göterýän ýaş türgenleriň sany yzygiderli artýar.

«Tegelek stol» görnüşinde geçirilen bu gezekki maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda 2018 — 2022-nji ýyllarda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň Ýol kartasyny işläp taýýarlamagyň, ony ýerine ýetirmegiň, maglumatlary ýygnamagyň we olary seljermegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem bu ulgamda öňde durýan möhüm wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmagyň mümkin bolan ugurlary öňe sürüldi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter