Türkmenistanyň Prezidenti Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 11.03.2019 // 254 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Prezidenti hanym Sahle-Work Zewdä «Ethiopian Airlines» awiakompaniýasynyň uçarynyň heläkçilige uçramagy we bu heläkçiligiň köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter