Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

опубликованно 11.03.2019 // 552 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak we ylalaşmak boýunça birinji mejlisi öz işine başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu çäre ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guraldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň bilermenleriniň gatnaşmagynda geçirilýän mejlisiň birinji gününiň dowamynda Ylalaşygyň taslamasyny düýpli ara alyp maslahatlaşmak we oňa teklipleri girizmek boýunça işler alnyp baryldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde 2010-njy ýylyň noýabr aýynda geçirilen üçünji Hazar sammitinde döwlet Baştutanymyz Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ony aradan aýyrmak babatda bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamak hakyndaky başlangyjy öňe sürdi. Dördünji Hazar sammitine çenli işlenip taýýarlanylan şol Ylalaşyga 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen sammitde gol çekildi.

Astrahan sammitiniň jemleri boýunça gol çekilen resminamada Hazarýaka döwletleriň Baştutanlary Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we ony aradan aýyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşygyň adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almagyň netijeli guralyny döretmekde toplanan halkara tejribäni nazara almak bilen, ozal gazanylan ylalaşyklaryň esasynda degişli ugurdaş edaralaryň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirjekdigini nygtadylar.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen sammitde eden çykyşynda: «Mälim bolşy ýaly, dördünji Hazar sammitiniň maglumatynda adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmegiň guralyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulandyr. Hazar deňziniň giňişliginiň aglaba böleginiň umumy suw giňişligi bolup durýandygyny nazara almak bilen, bu ugurda mundan beýläk-de işleri geçirmek zerurdyr» diýip belledi.

Şeýle hem deňizde gözleg-halas ediş işleriniň geçirilmegi adatdan daşary ýagdaýlara çäre görmegiň guralynyň möhüm ugry bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işleri babatda bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taýýarlanmagy aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şol başlangyjyna laýyklykda, türkmen hünärmenleri «Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny taýýarladylar. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli guramalaryna iberildi.

Soňky ýyllarda türkmen paýtagtynyň halkara derejede geçirilýän duşuşyklaryň we maslahatlaryň merkezine öwrülýändigini bellemek zerurdyr. Olarda syýasy, ykdysady we medeni durmuşa, şol sanda Hazar deňziniň wezipelerine bagyşlanan wajyp meselelere garalýar.

Şu ýylyň 28-nji fewraly — 1-nji marty aralygynda Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň Hazar deňzinde howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga bagyşlanan Hazar deňzinde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Teswirnamanyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan bäşinji mejlisi geçirildi.

Bu Teswirnama we oňa goşunda bagyşlanan işleriň çäklerinde deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara resminamalaryň düzgünnamalaryny ulanmagyň meselelerine garaldy. Olaryň hatarynda deňizde ynsan ömrüni goramak boýunça Halkara konwensiýa (SOLAS) bar.

«Hazar deňzinde gözleg-halas ediş işlerini geçirmek babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Hazarýaka döwletleriň Hökümetleriniň arasyndaky Ylalaşygyň» taslamasyny ylalaşmak boýunça Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň birinji mejlisi üç günläp dowam eder we 13-nji martda öz işini tamamlar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter