Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar | TDH
Jemgyýet

Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

опубликованно 08.03.2019 // 734 - просмотров
 

Şu gün Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi.

Zenanlar maşgala ojagynyň mukaddesligi hökmünde ähli döwürlerde belent sarpa eýe bolupdyrlar, olar ykbalyň agyr günlerinde erkekler bilen egin-egne berip, parasatly maslahatçy hem-de wepadar ýoldaş bolupdyrlar we parahatçylyk, abadançylyk döwründe hem ýanýoldaşlaryny üstünliklere ruhlandyrypdyrlar.

Milli Liderimiziň oňyn syýasaty netijesinde türkmen zenanlarynyň zehinleriniň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegi üçin ähli şertleriň döredilýän döwründe olar ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerini mynasyp dowam edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň zenanlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelere mynasyp goşant goşýandyklaryny belleýär: «Maşgala ojagyny aýawly gorap saklaýan biziň zenanlarymyz gadymdan gelýän däp-dessurlary dowam etdirmek, olary kämilleşdirmek bilen nesilden-nesle geçirip, hemmeler bilen birlikde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekýärler, döwlet wezipelerinde işlemek bilen, jemgyýetiň durmuşyna işjeň gatnaşýarlar, özleriniň tutanýerli zähmeti bilen Watanymyzyň kuwwatyny artdyrýarlar».

Aýal-gyzlar ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar hem-de häzirki wagtda Diýarymyzda geçirilýän düýpli özgertmelere uly goşant goşýarlar, döwletimiziň we jemgyýetimiziň özleri hakyndaky hemişelik aladasy bilen ruhlanýarlar, zenanlaryň möhüm döwlet, syýasy meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmaklary, jogapkärli we çynlakaý wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýelemegi Türkmenistanda durnuklylygyň we sagdyn, abadan jemgyýetiň, durmuş adalatlylygynyň hem-de deňhukuklylygyň berkarar bolmagynyň möhüm şertleriniň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi öz hatarlarynda ägirt uly özgertmeler maksatnamalaryna we täze taryhy döwrüň oňyn başlangyçlaryna işjeň gatnaşýan aýal-gyzlaryň müňlerçesini birleşdirýär, bu gurama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ähli özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm orun eýeleýär.

Zenanlar özleriniň mähremligi, kalbynyň jomartlygy hem-de söýgüsi bilen dünýäni gözelleşdirýärler, ony has kämil we ynsanperwer keşbe getirýärler, jemgyýetiň sazlaşygyny döredýärler. Olara ýaş nesli ruhy-ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde, asyrlaryň dowamynda kemala gelen türkmen maşgalasynyň mukaddes binýadynyň pugtalandyrylmagynda, ata-babalarymyzyň wesýet eden iň gowy ýörelgelerini geljegimiz bolan çagalara geçirmekde uly orun degişlidir.

Enelik hem-de ösüp gelýän ýaş nesli türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan ýörelgeleri esasynda terbiýelemek zenanlaryň mukaddes borjy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen belent ada mynasyp bolan köp çagaly eneleri sarpalamak dabarasy zenanlaryň türkmen halkynyň häzirki ajaýyp zamanasynyň kemala gelmegine goşýan uly goşandyna, ata-babalarymyzyň belent ýörelgelerine mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirýändiklerine berilýän mynasyp hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara amatlyklary bolan öýleriň açarlary gowşuryldy.

Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň ähli görnüşlerine degişli kärhanalarda we guramalarda döwlet Baştutanymyzyň adyndan aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary boldy.

Şu gün bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli guralan konsertde zenanlar tüýs ýürekden gutlaglary kabul etdiler hem-de özlerine bagyşlanan aýdym-sazly çykyşlardan lezzet aldylar, onda ýurdumyzyň belli aýdymçylary we döredijilik toparlary konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Türkmen milli konserwatoriýasynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň we paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň edebi-sazly çykyşlary baýramçylyk konsertiniň ajaýyp başlangyjy boldy.

Çykyşlarda türkmen zenanlarynyň häsiýetli aýratynlyklary beýan edildi. Konsertde eneleriň, ähli watandaş zenanlarymyzyň gözelligi, kalbynyň päkligi hem-de wepalylygy, çäksiz mähri öz beýanyny tapdy.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimguly Berdimuhamedow atasynyň sözlerine «Arzuw» atly ajaýyp aýdymy döretdi. Bagtyýar zenanlaryň şanyna guralýan şu günki dabarada şol ajaýyp aýdym teleekranyň üsti bilen ýetirildi. Munuň özi asyrlar aşyp gelýän ýagşy ýörelgelere laýyklykda, ýurdumyzda hormat eýesi hasaplanýan gelin-gyzlaryň, mähriban eneleriň hormatyna guralýan baýramçylyga toý sowgady hökmünde ýaňlandy.

Sahnada ajaýyp zenanlaryň hormatyna häzirki zaman aýdym-sazlary ýaňlandy, olary ýurdumyzyň belli estrada aýdymçylary ýerine ýetirdiler. Konsertde tomaşaçylar tarapyndan öňden söýlüp diňlenýän, şeýle hem täze aýdymlar ýerine ýetirildi.

Belentden ýaňlanan şahyrana setirler hem-de ajaýyp aýdym-sazlar parasatly, mähriban zenanlaryň şanyna özboluşly sena bolup ýaňlandy hem-de tomaşaçylarda ýakymly täsirler galdyrdy we ruhubelentlik ýagdaýyny döretdi.

Tomaşaçylar her bir çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Çykyşlarda türkmen baharynyň köpöwüşginli keşbi wasp edildi, bu pasyl özüniň güneş nury bilen mähriban Watanymyzyň gadymy we baky juwan topragyna mähir çaýýar.

Konsert «Bagtyýar zenanlar, bagtly eneler!» diýen aýdym bilen tamamlandy, bu aýdymda Garaşsyz Watanymyza we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bolan belent buýsanç beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki döwürde Türkmenistanda halkymyzyň, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de abadançylygynyň bähbidine düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.

Şu günler ähli ýerlerde ajaýyp zenanlarymyza tüýs ýürekden gutlaglar we arzuwlar aýdylýar, olaryň hormatyna sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklar we beýleki çäreler guralýar. Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň iň gowy teatr sahnalarynda hem-de konsert meýdançalarynda guraldy.

Baýramçylyk çäreleriniň umumy görnüşinden ajaýyp sazlaşyk emele geldi, Garaşsyz Türkmenistanyň zenanlaryna gowşurylan gül desseleri we olaryň şadyýan keşpleri baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter