«Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlar sarpalandy | TDH
Jemgyýet

«Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlar sarpalandy

опубликованно 07.03.2019 // 472 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi. Onuň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, sekiz we ondan-da köp çaga dogran hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak, şeýle hem köp çagaly maşgalalara döwrebap öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy.

Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň zenanlaryna, enelik mähri, nesiller hakyndaky aladasy, mähribanlygy we yhlasy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabaranyň dowamynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň syýasaty zenanlaryň ýurdumyzyň döwlet, jemgyýetçilik, ykdysady, telekeçilik ulgamlarynda, ylymda, sungatda, sportda ornunyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Baýramçylyk çäresine gatnaşyjylar häzirki döwürde zenanlaryň hökümetde, döwlet düzümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda ýokary wezipeleri eýeleýändigini nygtadylar. Şeýle hem olar ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Döwletimiziň hemişelik aladasyny duýup ýaşaýan ýurdumyzyň zenanlary hemmetaraplaýyn goldawy, maşgala ojaklarynyň abadançylygy üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, saýlap alan hünärlerinde öz ukyplaryny gaýgyrman işlejekdiklerine, parahat, gülläp ösýän ýurtda nesillerimizi döwrüň ruhuna laýyk derejede terbiýeläp ýetişdirjekdiklerine ynanýarlar. Häzirki zaman derejesinde bilim almak, hemmetaraplaýyn ösmek, hünär eýesi bolmak, bagtyýar durmuşyň hözirini görmek üçin ajaýyp mümkinçilikler döredilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynda enelik we çagalyk, maşgala gymmatlyklaryny saklamak hakyndaky alada möhüm orunda durýar. Bu ulgamda hereket edýän milli kanunçylygy kämilleşdirmek, çagalygyň we eneligiň goragyna gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, köp çagaly enelere durmuş goldawyny bermek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Dabarada bellenilişi ýaly, zenanlaryň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olara döwlet tarapyndan ýeňillikler bermek, döredijilikli zähmetleri we mynasyp durmuşy üçin zerur şertleri üpjün etmek, zenanlaryň ýurduň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmak milli Liderimiziň durmuş ulgamyny nazarlaýan syýasatyny üstünlikli amala aşyrmagyň çäklerinde jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Milli sungatymyzda zenan keşbi esasy orunda durýar. Ol parahatçylyga, ýokary ruhy göterilişe gatnaşyklary beýan etmek bilen tagzym edilmegine mynasyp saýylýar. Gadymy döwürlerden bäri türkmen şahyrlary we ýazyjylary, sazandalary we suratkeşleri zenan gözelligini asman yşyklary bolan Güne we Aýa deňäpdirler. Sungat ussatlary nepis gözelligi, zenanlaryň owadan gözlerini yzygiderli wasp edipdirler. Olar enelere çuňňur hormat goýmagyň şöhratly däplerini bize miras goýupdyrlar. Şunlukda, enelere, uýalara we gelinlere bolan mähriban gatnaşyklar, ajaýyp zenanlara hormat goýmak we olary goramak ýörelgeleri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, mähriban zenanlaryň netijeli işi durmuş ulgamyna, deňhukuklylygy goramak ýörelgelerine esaslanyp, sagdyn durmuş esaslarynyň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar. Mähriban zenanlar — biziň buýsanjymyz, gözelligiň we ruhubelentligiň gözbaşy. Olar bizi alada bilen gurşap alýarlar, özleriniň ruhy jomartlygy bilen daşky dünýäni has kämilleşdirýärler we ynsanperwerleşdirýärler.

Döwlet Baştutanymyz ýaş nesilleriň döwrebap derejede terbiýelenmegine, ösüşine jemgyýetiň ruhy esaslarynyň berkidilmegine, onda watansöýüjilik, umumadamzat gymmatlyklarynyň tassyk edilmegine, zenanlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyna, maşgala hem-de enelige goldaw berilmegine aýratyn ähmiýet berýär.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda mundan beýläk-de zenanlaryň zehinlerini we ukyplaryny doly durmuşa geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler dörediler. Köp çagaly maşgalalara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak döwletimiziň esasy aladasyna öwrüler. Halkara zenanlar güni mynasybetli ähli amatlyklary özünde jemleýän täze öýleriň açarlarynyň köp çagaly maşgalalaryň nobatdaky tapgyryna gowşurylmagy olaryň baýramçylyk şatlyklaryny has-da belende göterdi.

Dünýä mähribanlyk eçilýän eneleriň keşbi, olaryň özboluşlylygy hem-de adatdan daşary mähribanlygy ähli asyrlaryň we halklaryň mukaddes düşünjesi bilen utgaşýar. Ösüp barýan ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmeginde, asyrlaryň dowamynda türkmen maşgalalarynda emele gelen mukaddeslikleriň berkidilmeginde, pederlerimiziň miras goýan iň gowy häsiýetleriniň we ýörelgeleriniň geljekki durmuşyň eýeleri bolan nesillere ýetirilmeginde zenanlara möhüm orun degişlidir.

Hut şonuň üçin hem zenanlaryň baýramçylygy mynasybetli her ýylda geçirilýän dabaralarda köp çagaly eneleri sylaglamak çäresi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” hormatly adyna zenanlaryň iki ýüzden gowragy mynasyp boldy.

Dabara gatnaşyjylar ýurdumyzyň ähli zenanlarynyň adyndan durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, türkmen zenanlarynyň bagtyýar durmuşy hem-de hemmetaraplaýyn işi üçin döredilýän amatly şertler, ýaş nesiller hakyndaky edilýän alada we jemgyýetimizde ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň saklanmagy ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda tutuş ýurdumyzda baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Baharyň şu ajaýyp günlerinde zenanlara gutlag sözleri we mähirli arzuwlar aýdylýar. Şeýle hem konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklar guralýar.

Ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, guramalarda we eýeçiligiň ähli görnüşindäki kärhanalarda zenanlara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklaryny gowşurmak dabarasy boldy. Asylly däbe görä, bu sowgatlara gelin-gyzlaryň hemmesi, şol sanda talyp, okuwçy gyzlar, çagalar baglarynda terbiýelenilýän gyzjagazlar mynasyp boldular.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter