Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi žurnaly pudakdaky täze ösüşler barada | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi žurnaly pudakdaky täze ösüşler barada

опубликованно 06.03.2019 // 158 - просмотров
 

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» žurnalynyň nobatdaky sany türkmen şähergurluşygynyň ertirki gününe, görnükli çyzgylaryň, täze pikirleriň döreýän we kemala gelýän ýeri bolan taslama düzüjileriň we dizaýnerleriň döredijilik barlaghanasyna göz aýlamaga mümkinçilik berýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezini hem-de Lebap welaýatynda birbada birnäçe şäherçeleri gurmak hakynda Kararlara gol çekdi. Munuň özi, dogrudan-da, ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek üçin taryhy pursatdyr. Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan neşir edilýän žurnalyň makalalarynyň birinde ykbal kesgitleýji çözgüdiň kabul edilmegine nähili işleriň itergi berendigi barada gürrüň berilýär.

Makalada döwlet Baştutanymyzyň Gökdepe etrabynda bolup, ol ýerde Ahalyň dolandyryş merkezini döretmek boýunça deslapky taslamalar hem-de ony gurmagyň görnüşleri bilen tanşandygy barada aýdylýar. Hödürlenen taslamalar boýunça hormatly Prezidentimiziň tekliplerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taslamalar ekologiýa talaplaryna, ähli binalaryň seýsmiki taýdan durnukly bolmagyna degişli ölçeglere we oňaýlylygyň häzirki zaman ýagdaýlaryna kybap gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu babatda baş ýörelge dolandyryş merkeziniň ilatynyň işlemäge, okamaga, dynç almaga, sport, döredijilik bilen meşgullanmaga, söwda, dynç alyş we sagaldyş ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaga hemme mümkinçiliklere eýe bolmagy üçin şäher giňişliginiň durmuş ulgamynyň guralyşynyň ýeterlik derejede bolmagyny gazanmaga gönükdirilendir.

Wagtyň geçmegi bilen Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi onuň baý taryhyny göz öňünde tutup, binagärligi boýunça ak mermerli paýtagtymyzyň täsirli bolşundan kem bolmaly däldir. Şähergurluşyk çözgütleri barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda soňky ýyllarda nusgawy ýörelgeleri hem-de binagärligiň milli däplerini utgaşdyrýan özboluşly ýörelge emele geldi. Muňa garamazdan, bu ýörelge bilen ösüp, birkysmy gurmakdan gaça durmak, ajaýyp binagärlik gurluşlary goldamak gerek. Çünki, biziň şäherlerimiziň we obalarymyzyň gözelligi — munuň özi olaryň ýaşaýjylarynyň oňaýlylygynyň hem alamatydyr.

Taslamalaryň üstünde ýene-de işlemek boýunça milli Liderimiziň tabşyryklary hünärmenleriň we jogapkär adamlaryň hereket etmegi üçin gönüden-göni ugur görkeziji boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karara gol çekmegi bilen Gökdepe etrabynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň gurluşygyna badalga berler. Ony Baş meýilnama laýyklykda, iki tapgyrda amala aşyrmak maksat edinilýär. Meýilnamany Gurluşyk we binagärlik ministrligi taýýarlar, gurluşyk işleri 2022-nji ýylda tamamlanar.

«Milli binagärligiň geljegi: ussatlyga tarap» diýen makalada hünärli işgärleri, ýokary hünär derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamak hem-de türkmen şähergurluşygyň geljegi baradaky meseleler açylyp görkezilýär.

Gürrüň adamlaryň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda, hojalyk guralyny senagatlaşdyrmak we kämilleşdirmek arkaly gurluşygyň netijeliligini ýokarlandyrmakda gönüden-göni binagärligiň wezipeleri barada barýar — bu talaplaryň ählisi taslama institutlary we ussahanalar üçin ertirki gün gerekli hünärmenler taýýarlanylýan ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryna hem deň derejede degişlidir.

Häzir Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hünärleriň üçüsi: «Binagärlik», «Binagärlik gurşawynyň dizaýny», «Şähergurluşygy we ilatly ýerleri meýilleşdirmek» diýen hünärler boýunça işgärler taýýarlanylýar. Bu bölümlerde üç ýüzden gowrak talyp bilim alýar, olar alty ýylyň dowamynda okuwyň doly kursuny okap geçýärler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow talyplar taýýarlanylanda, okatmagyň häzirki zaman usullaryny we tehnologiýasyny olaryň geljekde işlejek ýerlerinde anyk işler bilen bilelikde ulanmagyň zerurdygyny aýdýar. Binagärlik barada aýdylanda bolsa, okuw işine ylmy guramaçylygyň, iň täze kompýuter programmalarynyň ornaşdyrylmagy, ýokary okuw mekdebiniň taslama we gurluşyk guramalary, binagärleriň özbaşdak döredijilik ussahanalary bilen göni aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagy olaryň taýýarlanylyşynyň gowulandyrylmagyna ýardam berýär.

«Biziň pikirimizçe, her welaýat umumy taýýarlykdan başga ýerli tebigy, taryhy, milli aýratynlyklardan başy çykýan ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen bolmaly. Zehinli, jan aýaman öz söýgüli kärine hyzmat etmäge ukyply ökde hünärmenleri taýýarlamak binagärlik bilimi ulgamynyň mukaddes borjy bolup durýar» diýip, makalany ýazan ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlar düzüminiň adyndan belleýär.

Bu sözleriň subutnamasy hökmünde makalanyň ýany bilen ýerleşdirilen suratlar — binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplarynyň döredijilik işleri getirilýär. Ýaşaýyş etraplarynyň, aýry-aýry binalaryň taslama çyzgylary täze pikirliligi, milli usulyýet bilen utgaşyklylykda daşary ýurt tejribesiniň batyrgaý peýdalanylmagy, adaty ýaly görünýän wezipelere-de çemeleşmeleriň ajaýyplygy bilen täsir galdyrýar.

Bu bolsa binagärleriň ýaş nesliniň başarnygyndan ruhubelentligi we uly umytlary besleýär. Olaryň ussatlygyna we başarnygyna köp babatda biziň ýaşaýyş-durmuşymyz bagly bolar. Çünki, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, durmuş gurşawymyzyň oňaýlylygyny diňe bir amatly şertler däl, eýsem, kalbyňy şatlandyrýan ajaýyp çeperçilik çözgütleri hem kesgitleýär.

Žurnalyň «Ylym» bölüminde gurluşyk senagatynda täze tehnologiýalaryň ulanylyşy, Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag instituty tarapyndan işlenip taýýarlanylan usullar, onuň hünärmenleri tarapyndan çylşyrymly toprak şertlerindäki binalara we desgalara seýsmiki täsirleri peseltmek meseleleri boýunça alnyp barylýan işler baradaky makalalar çap edildi.

Žurnal şeýle hem gurluşyk sungatynyň we şäher bezeginiň iň oňat eserleriniň bäsleşiginiň iň gyzykly işleri bilen okyjylary tanyşdyrýar. Bu bäsleşik Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasyndaky serginiň netijeleri boýunça geçirildi. Bu çäre hünär ugurlar boýunça bilim alýan ýaş hünärmenlerde we talyplarda döredijilik ösüşine we öz mümkinçiliklerini açyp görkezmäge ymtylmalaryny höweslendirmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan guraldy. Şeýle ymtylmalaryň bolmagyna bäsdeşlik ruhy hem ýardam berýär. Sergä döwlet taslama guramalary we degişli ýokary okuw mekdepler, şeýle hem hünär derejeli döredijilik ussahanalary hem-de ýurdumyzyň Binagärler birleşmesiniň agzalary bolan aýratyn işleýän ussatlar gatnaşdylar.

Giňişleýin sergi Türkmenistanyň şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, adamlaryň zähmet çekmegi we dynç almagy üçin hemme zerur şertleri döretmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmäge binagärleriň goşandyny doly derejede görkezdi. Sergi şeýle hem ýurdumyzda binagärlik-gurluşyk işini ösdürmekde täze alamatlary ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi, bäsleşigiň eminleri bolsa has görnükli işleri belledi hem-de pikir ajaýyplygy we ýerine ýetirilişiniň ýokary derejesi bilen tapawutlanýan taslamalaryň hödürlenen 300-e golaýyndan iň oňat 12-sini atlandyrdy.

Oýlanyşyklylyk we netijeli çözgütleriň batyrgaýlygy, tygşytlylyk, keşbiniň gözelligi, milli özboluşlylygyň bolmagy, binagärlik pikiriň täzeçillik derejesi ýaly ugurlar boýunça baha berildi. Sylaglanan işleriň, esasan, ýaşlar — talyplar hem-de ýakynda uçurym bolanlar, häzir bolsa binagär hünäriniň eýeleri tarapyndan döredilendigi bellärliklidir.

Žurnalyň nobatdaky sanyna şeýle hem seýsmiki töwekgelçiliklere baha bermekde we Türkmenistanyň Hökümetiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) gatnaşyklarynyň çäklerinde seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda, «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynda Uly Gyzgalany gorap saklamak we onda iş alyp barmak boýunça amala aşyrylan türkmen-amerikan taslamasy barada makalalar girdi.

Orta asyr binagärliginiň bu täsin ýadygärligi daşary ýurt edebiýatynda Uly Gyzgala hökmünde bellidir. 2012-nji ýylda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky milli müdirliginiň Uly Gyzgalany öwrenmek we täzeden dikeltmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan taslamany taýýarlandygyny ýatlamak ýerlikli bolar.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň desgalarynyň hataryna girýän ýurdumyzdaky iň iri binagärlik seýilgähiniň hakyky keşbine öwrülen bu ajaýyp binagärlik ýadygärliginiň suratlary okyjylara dikeldiji ussalaryň — türkmen hünärmenleriniň hem-de olaryň Beýik Britaniýadan, Polşadan, Fransiýadan bolan kärdeşleriniň köp ýyllyk işleriniň netijelerini görmäge mümkinçilik berýär. Taslama tamamlandy, ýöne, goraghanada, ilkinji nobatda, täsin ýadygärligiň näzik syrçaly diwarlarynyň goralyp saklanmagyny üpjün etmek üçin syýahatçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri ýerine ýetirmek garaşýar.

Žurnalyň «Önümçilik» bölüminde Ahal welaýatynda, Owadandepede bina edilen ýurdumyzda iň iri gazy gaýtadan işleýji kärhananyň gurluşygy barada gürrüň berilýär.

Žurnalda şeýle hem ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň aýdyň görkezijisi bolup durýan Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň ýagdaýyna möhüm syn berilýär. Bu baradaky gürrüňler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň berýän hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde milli ykdysadyýetimiziň gurluşyk pudagynda işewürleriň we telekeçileriň barha artýan ornuna bagyşlanan makalada dowam etdirilýär.

«Aşgabat aglomerasiýa giňişliginde» atly makala okyjylaryň aýratyn ünsüni çekýär. Makalada paýtagtymyzyň aglomerasion ykdysadyýetini we onuň ýakynyndaky etraplary ösdürmek, gurşap alýan çäkleri jemlemek hem-de iri ýaşaýyş toplumyny döretmek boýunça meýilnamalara garalýar.

Şäherlerimiziň we obalarymyzyň doly derejeli ýaşaýyş-durmuşyny, olaryň özüne çekiji daş keşbini, düzgün-tertibi we gözelligi her gün üpjün edýän jemagat gulluklarynyň gündelik iş aladalary baradaky makala hem gyzyklanma döreder.

Žurnal her sanynda tejribeli hünärmenlere, mugallymlara söz berip, binagärlik biliminiň hili baradaky mesele boýunça ussat hünärmenleriň gatnaşyklaryny ösdürmegi dowam edýär. Žurnalyň täze sanynda makalany ýazan özboluşly pikirlenmäni kemala getirmek üçin binagärlik döredijiliginiň ähmiýeti barada pikir ýöredýär. Elbetde, häzir ähli taslama önümleri kompýuter dizaýny we modelirleme boýunça programmalaryň kömegi bilen işlenip taýýarlanýar. Geljegiň sanly ulgam arkaly taslama düzmek bilendigine şek-şübhe ýokdur. Ýöne, pikir adamyň kellesinde döreýär. Şu arabaglanyşygy bolsa binagärlik sungaty bar mahaly bozup bolmaz.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çykýan «Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» neşiri bilermenleriň garaýşy arkaly, ýöne hünärmenleriň hem-de giň okyjylar köpçüliginiň gyzyklanmasynyň nukdaýnazaryndan berilýän gyzykly makalalaryň saýlanyp ýerleşdirilmegi bilen ýene-de begendirdi. Onuň nobatdaky sany maglumatlara, many-mazmuna baý we elbetde, owadan boldy. Bu bolsa neşiriň öwrenijilik häsiýetli, peýdaly we ýakymly bolmagyny üpjün edýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter