Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 06.03.2019 // 841 - просмотров
 

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ýakup Meretmuhammedowiç Annaýew Aşgabat şäheriniň harby prokurory wezipesine bellenilip, Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýustisiýanyň geňeşçisi Babamyrat Hemraýewiç Gurbanow Mary welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesine bellenilip, Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Öwezgeldi Gurbanowiç Berdiýew Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Guwanç Amanowiç Kadyrow Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň prokurory wezipesine bellenilip, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

2-nji derejeli ýurist Nurmämmet Amandurdyýewiç Annaberdiýew Ahal welaýatynyň harby prokurory wezipesine bellenildi.

2-nji derejeli ýurist Berdimyrat Niýazberdiýewiç Annaýew Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Ruslan Hemraýewiç Döwranow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

2-nji derejeli ýurist Aba Muhammetdurdyýewiç Ataýew Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

2-nji derejeli ýurist Meýlis Tirkeşowiç Ýelmyratow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

2-nji derejeli ýurist Meýlis Akmyradowiç Hojaýew Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

2-nji derejeli ýurist Batyr Nurmyradowiç Wekilow Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

2-nji derejeli ýurist Tirkeş Çarymyradowiç Mämmedow Mary welaýatynyň Mary etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi.

Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Halmuhammet Jumamuhammedowiç Myradow Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Mergen Jumamyradowiç Amanow Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Merdan Meretgeldiýewiç Rejepow Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Kowus Baýramdurdyýewiç Sähedow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Baş prokurory Atdaýew Batyr Taganowiçe käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Gurdow Mergen Meretdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter