Türkmenistanyň Prezidenti milli olimpiýa ýygyndysynyň taýýarlyk şertleri bilen tanyşdy we atçylyk toplumyna bardy | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidenti milli olimpiýa ýygyndysynyň taýýarlyk şertleri bilen tanyşdy we atçylyk toplumyna bardy

опубликованно 03.03.2019 // 321 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy.

Bahar paslynyň ilkinji dynç gününde ir bilen döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine geldi.

Mälim bolşy ýaly, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary görkezijiler sportuny ösdürmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.

Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow döwlet Baştutanymyza 2020-nji ýylda Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi, ýurdumyza wekilçilik edip, ýaryşlara gatnaşjak türgenleriň seçilip alnyşy hem-de olaryň sanawy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň hatarynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylary hem bar.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary düzümlerinde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly hasabatlary berdiler.

Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, Tokioda geçiriljek iri sport ýaryşlaryna türgenlerimiziň örän işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmaklaryny gazanmak ugrunda tagalla gaýgyrmaly däldigini nygtady. Taýýarlyk görmek üçin hemme zerur şertler döredilen paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky köpugurly sport toplumyndaky mümkinçilikleri has doly peýdalanmak gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz türgenleriň ruhy-ahlak taýdan taýýarlanylmagynyň hem örän möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen türgenleri watansöýüjilik, halkymyza, Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny esasy ýörelge edinmelidirler. Olar Türkmenistanyň ähli ugurlarda, şol sanda sport ulgamynda dünýä derejeli abraýa eýe bolýandygyny subut etmelidirler.

Munuň üçin bolsa ýaşlaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary watansöýüjilik ruhuna laýyk gelýän ýörelgeler, jemgyýetiň we döwletiň bähbidine taýýarlyk bilen utgaşdyrylmalydyr. Bu işde taryha, gahryman pederlerimiziň durmuş tejribesine, milli gahrymanlarymyzyň göreldesine salgylanmak gerek. Şeýle mysallaryň işjeň ulanylmagy watançylyk duýgusyny artdyrýan, taryhy hakydany ebedileşdirýän aň-düşünjäni dartgynly tälimler bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Häzirki zaman ýaşlary, aýratyn-da, türgenler beýik pederlerimiziň şöhratly ýoluny mynasyp dowam etdirmelidirler. Olar dürli ugurlar boýunça uly ýeňişleri gazanyp, şanly üstünlikleriň hormatyna türkmen Tugunyň al-asmanda parladylmagyna mynasyp goşant goşmalydyrlar.

Ýaşlar eziz Watanymyzyň geljegidir, döwletimiz mundan beýläk-de ýaş nesliň zehinini açmak, şol sanda türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlara işjeň gatnaşmagy üçin zerur şertleri üpjün eder diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary barada aýdyp, halkara derejedäki iri ýaryşlara taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly kararyň taslamasyny işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Sport häsiýeti, maksada okgunlylygy, çydamlylygy, mertligi we durnuklylygy terbiýelemegiň ajaýyp serişdesidir. Sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, özüňden hemişe üstün çykmagyň netijesinde ynam, merdemlik, güýç, tizlik, başarnyk we oýlanyşyklylyk, ruhdan düşmezlik we beýlekileriň ýeňşine guwanmak ýaly häsiýetler peýda bolýar. Bu häsiýetleriň ählisi özünde ruhy baýlygy, ahlak arassalygyny we beden taýdan kämilligi sazlaşykly utgaşdyrýan şahsyýetiň özüne erk etmeginiň we beden taýdan iň oňat häsiýetlerini jemleýär. Bu ajaýyp häsiýetleri özünde terbiýeläp bilen adam uly hormat goýulmagyna mynasypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Sportuň islendik görnüşinde ýaryşlar berk düzgünler boýunça geçirilýär. Şol düzgünler diňe bir bäsleşilýän ýaryşyň barşyny däl, eýsem, oňa taýýarlyk görülmegini şertlendirýär, türgeniň ruhy taýdan taýýarlygyny kesgitleýär. Türgenden erk etmek ukybyny, pikir edip bilmeginiň kesgitli bir häsiýetlerini, duýgularyna — tolgunmalaryna, içki dünýäsine erk etmek başarnygyny talap edýär. Şoňa görä-de, türgenler taýýarlanylanda, beden we ruhy taýdan okuw geçilmeginiň sowatlylyk bilen guralmagy möhüm orun eýelemelidir. Şeýle taýýarlykly okuwlar ýeňşe gönükdirýär, gerekli pursatda ähli beden we ruhy güýçleri jemlemäge kömek edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, halkara ýaryşlarda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etmek hem-de Watanymyzyň sport abraýyny artdyrmak her bir türgeniň mukaddes borjudyr.

Bedenterbiýe we sport, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalary dünýä medeniýetiniň möhüm gymmatlyklarydyr. Bular her döwletiň ýagdaýy hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň durnuklylygy babatda baha berip boljak, jemgyýetiň medeniýet derejesi boýunça esasy görkezijileriň hataryna girýär. Mundan başga-da, bedenterbiýe we sport gözelligiň we saglygyň çeşmesi bolup, jemgyýeti birleşdirýän we adamlary beýik işlere ruhlandyrýan güýçdür diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şu babatda Garaşsyz Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýär.

Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyklykda, sport ulgamynyň ösdürilmegine iri maýa goýumlar gönükdirilýär. Bu ugurda halkymyzyň bähbidine düýpli özgertmeler we giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda soňky ýyllarda dünýä ölçeglerine kybap gelýän derejede gurlan köp sanly sport we atçylyk sport toplumlary, stadionlar hem-de beýleki sport desgalary şaýatlyk edýär.

Biziň ussat türgenlerimiz ajaýyp başarnyklaryny görkezip, halkara ýaryşlarda uly netijeleri gazanýarlar. Bu bolsa watandaşlarymyzyň buýsanç duýgusyny artdyryp, jemgyýetimiziň jebisligini berkidýär. Biziň sporty we bedenterbiýe hereketini ösdürmäge gönükdirilen yzygiderli we ulgamlaýyn işlerimiz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär hem-de ýokary baha mynasyp bolýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sporty ösdürmek meselelerine, ýaşlarda ruhy we beden taýdan mümkinçilikleriniň sazlaşykly utgaşmagyna, türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş etmegine hem-de zerur bolan sport tejribesini ele almaga biz döwlet derejesinde mundan beýläk-de ähmiýet bereris.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hormatly Prezidentimize paýtagtymyz Aşgabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän sport toplumlarynyň we olaryň desgalarynyň taslamalaryny görkezdi. Şeýle hem Olimpiýa şäherçesinde we paýtagtymyzyň beýleki künjeklerinde bar bolan sport desgalaryny netijeli peýdalanmak ugrunda maksatnamalaýyn çäreler barada habar berildi.

Milli Liderimiz taslamalar bilen tanşyp, olary makullady hem-de sport desgalarynyň ählisini ýokary hil derejesinde, dünýäniň ösen tehnologiýalaryny we tejribelerini ulanyp, häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyryp gurmagy hem-de olaryň bellenilen möhletlerinde ulanylmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen welosipedde Olimpiýa şäherçesiniň çäklerini, bu ýerdäki sport desgalaryny, binalaryny synlady.

Bu şäherjigiň ajaýyp görnüşi Günüň mylaýym şöhlesiniň astynda ak mermerli binalary bilen göwher ýaly ýalkym saçýar. Ak mermerli binalar dünýäniň iň owadan şäherleriniň hatarynda pugta orun eýeleýän merjen paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen ajaýyp utgaşyklylygy emele getirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň saglygy we abadançylygy, berk bedenli we belent ruhly ýaşlary terbiýelemek baradaky aladany döwlet ähmiýetli wezipe hökmünde kesgitlän milli Liderimiz köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu ugurda eýýäm anyk we yzygiderli işler amala aşyryldy.

Bu sportuň dürli görnüşleri boýunça umumymilli spartakiadalary hem-de halkara ýaryşlary guramak, sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek bolup durýar. Ýurdumyzda köpçülikleýin welosiped ýaryşlary yzygiderli geçirilip başlandy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, şeýle çäreler ilatyň saglygyny berkitmäge, ekologiýa abadançylygynyň derejesini ýokarlandyrmaga we welosiped sportuny wagyz etmäge ýardam berýär. Çünki şunuň ýaly sport baýramçylyklary oňa gatnaşyjylary sportuň söýgüli görnüşleri bilen mundan beýläk-de has yzygiderli meşgullanmaga iterýär. Mundan başga-da, köpçülikleýin sport çäreleri sagdynlyk we terbiýeçilik ähmiýetli ugurlary bilen bir hatarda ruhuňy göteriji täsirli duýgulary özünde jemläp, dynç alyş hem-de wagyz ediş işlerini utgaşdyrýar.

Bu çärelere döwlet Baştutanymyzyň özüniň gatnaşmagy bolsa diňe bir bu wakanyň däl, eýsem, milletiň saglygyna degişli meseleler bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň derejesini artdyrýar, beden, ruhy we ahlak taýdan sagdynlaşdyrmagyň toplumlaýyn milli ulgamynyň kemala getirilmeginiň döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Bu gün welosiped sporty ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyna we adamyň saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir.

Welosiped sporty 2017-nji ýylyň sentýabrynda Aşgabatda uly üstünlik bilen geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna hem girizildi. Merkezi Aziýa sebitinde iň iri sport desgasy bolan paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde ajaýyp toplum — üsti ýapyk welotrek binasy guruldy. Ol ölçegleri boýunça iň ýokary halkara ülňülere kybap gelýär. Häzirki wagtda bu ýerde türkmen türgenleri türgenleşiklerini geçýärler we öňde boljak halkara ýaryşlara taýýarlanýarlar.

Sportuň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn ýardam bermek Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerine we gymmatlyklaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýän Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türgenleri terbiýelemek, olarda maksadaokgunlylygy, zähmetsöýerligi, halkara derejede ýeňiş gazanmaga bolan erki kemala getirmek meselelerine uly üns berýär.

Mälim bolşy ýaly, 22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam boýunça nobatdaky mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz «Aşgabat şäherinde Welosiped binasyny gurmak hakynda» Karara gol çekdi. Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan belent desga Çandybil we Bekrewe şaýollarynyň çatrygynda oturdylar.

Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlarynyň daş keşbi we olaryň içerki ýagdaýy bilen tanyşlygyndan soň milli Liderimiz olary türkmen türgenlerini jogapkärli ýaryşlara, aýratyn-da, Ýaponiýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak üçin doly güýjünde ulanmak, türgenlerimiziň türgenleşikleri hem-de ussatlyklaryny ýokarlandyrmaklary üçin iň oňat şertleri döretmek barada görkezme berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynyň türgenleşik zalyna gelip, bu ýerde sport enjamlarynda degişli maşklary ýerine ýetirdi.

Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, türgenleri taýýarlamak, dürli ýaryşlary, şol sanda halkara derejedäki ýaryşlary geçirmek üçin hemme şertler döredildi. Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumlary ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir. Köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli türgenleriň we höwesjeňleriň, şeýle hem dürli ýaşdaky adamlaryň netijeli türgenleşmegini üpjün edýär.

Döwlet Baştutanymyz egindeşlerine bu enjamlar bilen meşgullanmagyň adamyň saglygyna neneňsi täsir edýändigi, güýç sarp edilip ýerine ýetirilýän maşklaryň bedene edýän täsiri, düşýän agramy synanyň ol ýa-da beýleki böleklerine nädip dogry we dürs paýlamalydygy dogrusynda gürrüň berdi. Milli Liderimiz enjamlaryň her biriniň aýratynlygyna ünsi çekip, maşklaryň netijeliliginiň olaryň dogry ulanylmagyna hem-de adam bedenine ýetirjek peýdasyna, sagdynlygyň we ruhubelentligiň saklanylmagyna baglydygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz egindeşleri bilen gürrüňdeşlikde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň her bir türkmenistanlynyň gündelik durmuşynyň kadasyna öwrülmelidigini nygtady hem-de yzygiderli beden maşklarynyň adamyň işe ukyplylygyny artdyrýandygyny, yhlasly döredijilik we akyl-paýhas işlerine höweslendirýändigini belledi.

Häzir Türkmenistanda sport diňe adamlaryň müňlerçesini sagdyn-durmuş ýörelgesine çekmek bilen çäklenmän, eýsem halkymyzyň durmuşynyň keşbine öwrülýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sport ulgamynda döwlet syýasatynyň baş maksady beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmekden ybaratdyr. Sport — munuň özi täze belentliklere tarap okgunlylygyň beýanydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda sportuň tarapdarlarynyň we oňa eýerijileriň sany ýyl-ýyldan artýar, bu bolsa hakykatdan-da, sagdyn jemgyýetiň döredilmegine kömek edýär.

Milli Liderimiziň göreldesine eýerip, ýolbaşçylar hem sport enjamlarynyň dürli görnüşlerinde maşklary ýerine ýetirdiler.

Milli Liderimiziň ösüşlere beslenen syýasaty bütin dünýä jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe boldy. Milletiň genofonduny has-da pugtalandyrmak boýunça maksatnamalar, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri şol syýasatyň esasynda durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Hormat Ordeni bilen sylaglanmagy, şeýle hem milli Liderimize adaty Fudokan-Şotokan karate-do (WTFSKF) Bütindünýä federasiýasy tarapyndan Ýokary hormat derejesindäki 10-njy danynyň eýesiniň (karatede we dzýudoda) Diplomynyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň sport hereketiniň öňünde ägirt uly hyzmatlarynyň, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmekdäki, hakykatdan-da, bahasyna ýetip bolmajak goşandynyň ýokary derejede ykrar edilýändiginiň ajaýyp subutnamasy boldy.

Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakynda kabul eden çözgüdi bu syýasatyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň ýene bir subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup, bu abraýly oýunlary kabul etmäge hukuk alandygy bellärliklidir.

Örän uly üstünlik bilen geçen Aziada — 2017 dünýäde uly seslenme döretdi hem-de türkmen halkynyň hakyky buýsanjyna öwrüldi. 2018-nji ýylda ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça — Amuldan Hazara çenli halkara awtorallini we Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny uly üstünlik bilen geçirdi.

Olimpiýa şäherçesini gözden geçirenden soňra, döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyna ugrady.

Dynç gününde hormatly Prezidentimiz, adaty endigine eýerip, Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde şu ýylyň başynda doglan Rowaç atly taý bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz ilki bilen asylly ýörelgä eýerip, Rowajyň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy. Munuň özi ýagşy dessurlary ýaran edinen halkymyzyň haýyrly işe ak ýol arzuw edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Rowaç atly taý bilen birsellem gezim etdi. Taýçanak özüne bildirilýän üns-alada hoşallygyň nyşany hökmünde kişňedi. Munuň özi ynsan bilen behişdi bedewiň özboluşly arabaglanyşygyny alamatlandyrdy.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli atçylyk pudagy täze belentlige çykdy, ýurdumyzda onuň düzümini ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, sportuň atçylyk görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini wagyz etmek boýunça uly işler geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň başynda doglan taýçanaga hormatly Prezidentimiziň ýylyň nyşany hökmünde Rowaç diýip at dakmagy 2019-njy ýylyň halkymyz üçin uly rowaçlyklaryň, beýik ýeňişleriň ýyly boljakdygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Milli Liderimiziň başda durmagynda halkymyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak hem-de dünýä ýaýmak, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.

Gözelligi we syratlylygy bilen tapawutlanyp, eýesiniň islegini gözünden aňýan bedewler şol mirasyň bir bölegi bolup durýar. Türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewleri ynsan paýhasy bilen döredilen gözelligiň we sazlaşygyň nusgasydyr. Hut şonuň üçin bolsa gerek, asylly bedew Türkmenistanyň häzirki döwrüniň nyşany — taryhy tejribäniň dowamlylygy, zähmet we gujur-gaýrat bilen ruhlanan belent maksatlaryň nusgasy bolup durýar.

Türkmen seçgiçileri, seýisleriň ençeme nesilleri ahalteke bedewlerinde ajaýyp tebigy häsiýetleri kemala getirip, ýyndamlyk we çydamlylyk, galyberse-de, wepalylyk şolaryň esasylary bolup, ynsan gylykly bedewler bu häsiýeti bilen adama bolan garaýşyny beýan edýär.

Şonuň üçin olaryň behişdi bedewler diýip atlandyrylmagy hem tötänden däldir.

Atlary ösdürip ýetişdirmegiň tebigat bilen sazlaşykda amala aşyrylýandygyny, türkmenleriň tohum atlaryny kemala getirmekde olaryň tebigy aýratynlyklary bilen halk seçgiçiliginiň köpasyrlyk sungatyny utgaşdyrýandygyny bellemek gerek. Hakyky bedewi kemala getirmek — uly zähmet we söýgüdir. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasynyň miwesi bolup, olar häzirki döwürde döwrebap derejede ösdürilýär we kämilleşdirilýär.

Ata-babalarymyz beýik seýisçilik sungatynyň gözbaşynda durup, bu baradaky rowaýat dünýä doldy. Seýisler taýlary saýlap-seçip, olary beýleki tohumlaryň garyşmagyndan gorap, ajaýyp atyň aýratyn görnüşini döretdiler. Sahawatly türkmen topragy bolsa dünýä belli atlaryň kemala gelmegine täsirini ýetirip, ähli döwürleriň we halklaryň iň gowy atlarynyň dogduk mesgenine öwrüldi. Bu gün ahalteke bedewi ylham-joşgun, ruhubelentlik döwrüniň maksatlaryny özünde jemleýän ajaýyp nusga bolup, onuň hereketi ösüşleriň we täze ýeňişleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň okgunly hereketini aňladýar. Bu bolsa «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynda-da nurana arzuwlaryň dabaralanmasyny alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyzyň Rowaç atly ajaýyp taýçanak we ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşmagy ylham joşgunyna täze kuwwat berdi. Behişdi bedewleriň mährinden ruhlanan milli Liderimiz «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyny jemlänem bolsa, bu ýerdäki ýakymly pursatlardan göwni galkyp, eline galam alyp, kitaba ýene-de birnäçe maglumatlary, täsirli pursatlary, oý-pikirlerini girizdi.

Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, onuň gadymdan gözbaş alýan, seýisçilik sungaty bilen bagly däp-dessurlaryny aýawly saklamak, olary dünýä ýaýmak meseleleri döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan işler milli Liderimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlap ýazan ajaýyp kitaplarynda öz beýanyny tapdy. Olar dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, halkara derejedäki gymmatly gollanmalara öwrüldiler. «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynda milli Liderimiz ahalteke bedewleriniň taryhyna, olaryň gazanan şan-şöhratyna we häzirki döwürde ýeten derejesine bagyşlanan maglumatlary beýan edýär. Olaryň şan-şöhraty asyrlar aşyp, iň gowy däplerini dowam edýän seýisçilik ýörelgeleri, onuň at seýislemekdäki usullary dogrusynda kitapda gürrüň berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, nusgawy edebiýatda, halk döredijiliginde bedewler barada giňişleýin gürrüň edilmegi halkymyzyň atlara goýýan hormat-sarpasynyň örän belentdigini has aýdyňlygy bilen äşgär edýär. Gadymy döwürlerden biziň günlerimize ýetip gelen zergärçilik sungatynda atlara degişli şaý-sepler möhüm orun eýeleýär. Milli Liderimiz taryhy maglumatlara salgylanyp, türkmen zergärleriniň ahalteke bedewleri üçin dünýä nusgalyk derejedäki şaý-sepleri taýýarlandyklary barada giňişleýin gürrüň berýär.

Hakykatdan-da, arassa ganly bedew hakyky genji-hazynadyr, türkmen seýisleri öz atlaryny göwher bilen bezäp-besläpdirler. Ahalteke bedewi janly sungat eseri bolup, ol tebigatyň we ynsanyň sazlaşygynda ençeme asyrlaryň dowamynda döredi.

Aýratyn-da, döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewleriniň reňk aýratynlyklarynyň özboluşlylygy barada aýdyp, olaryň türkmen tebigaty bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýändigini belleýär. Türkmen topragynyň daglary, derýalary, milletiň kalby deýin giň sähralary bedew atlaryň şöhratynyň dünýä dolmagynda möhüm orun eýeläpdirler. Hut şu şertler bedewlerimiz üçin oňyn mümkinçilikleri üpjün edipdir.

Şeýle hem kitapda türkmen atlarynyň nesil ugurlarynyň kämil derejede bolmagy babatda aýratyn goşant goşan atşynaslar nesilleriniň bolandygy ýatlanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, türkmen atşynaslary at seýislemegiň özboluşly ýoluny döredip, onuň kämil derejä göterilmegi ugrunda tagallalaryny gaýgyrmandyrlar.

Täze kitabyň sahypalarynda häzirki döwürde ýurdumyzda milli atşynaslyk ýörelgeleriniň yzygiderli ösdürilmegi, türkmen atlarynyň gadymy şöhratynyň has-da belende göterilmegi we milli atşynaslyk ýörelgeleriniň dünýäde giňden wagyz edilmegi ugrunda giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň işinde şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň özboluşly häsiýetleri, beden gurluşy hem-de arassa ganly ahalteke bedewiniň alamatlary bolup durýan reňkleriň tebigat bilen sazlaşygy barada pikir ýöredilýär.

Milli Liderimiz täze eseri döredende milli atşynaslyga degişli taryhy çeşmeleri we gymmatly maglumatlary işjeň peýdalanýar. Bu bolsa eseriň has täsirli hem-de atçylyk bilen meşgullanýan ähli adamlar üçin ähmiýetli bolmagynyň baş şertini emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly bu kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli halkymyza ajaýyp sowgat bolar.

Döredijilik bilen meşgullanandan soň, döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyndan ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter