Türkmenistanyň Ilçisi HHR-yň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Ilçisi HHR-yň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

опубликованно 20.02.2019 // 317 - просмотров
 

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ynanç hatyny gowşurdy.

Söhbetdeşligiň barşynda ýurdumyzyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy hytaý liderine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salam hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we iki ýurduň arasynda köpugurly özara hereketi diwersifikasialaşdyrmak üçin bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Öz gezeginde, HHR-yň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, ýurduň gülläp ösmeginiň we halkynyň abadanlygynyň hatyrasyna alyp barýan uly möçberli işinde üstünlikler arzuw etdi.

Türkmenistanyň Ilçisine işinde üstünlikler arzuw etmek bilen, hytaý lideri hyzmatdaşlygyň toplanan mümkinçiligini has-da işjeňleşdirmek babatda diplomatik wezipesinde oňa hemmetaraplaýyn goldaw beriljekdigine ynandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter