Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutuş dabarasynda sözlän sözi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutuş dabarasynda sözlän sözi

 

Hormatly adamlar! Gadyrly myhmanlar!

Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar. Ýakynda Oraza baýramyny, Galla baýramyny belläp geçdik. Indi bolsa Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen bagly dabaralara gatnaşýarys.

Hormatly adamlar şu dabaralaryň çäklerinde täze halkara lukmançylyk merkezleriniň düýbüni tutýarys. 180 orunlyk hirurgiýa merkezi, 120 orunlyk endokrenologiýa merkeziniň düýbüni tutýarys.

Döwriň üýtgemegi hem-de wagtyň geçmegi bilen täze keseller hem ýüze çykýar. Dünýäde süýji keseli köp ýaýrandyr. Şonuň üçin hem şol keseliň öňüni almak, bejermek we keselden saplamak ýa-da hirurgiýa bejeriş usulyýeti gerek bolan ýagdaýynda bu merkezleriň ähmiýeti uly bolar.

Hormatly adamlar biz 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny kabul etdik. Maksatnamanyň esasy wezipesiniň keselleri bejermek däl-de olaryň öňüni almakdygyny, şonuň esasynda hem şu döwrüň içinde uly işleriň amala aşyrylandygyny, birnäçe keselleriň ýurdumyzda ýok edilendigini bellemeli., Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä saglyk guramasynyň hem-de beýleki birnäçe abraýly halkara guramalarynyň şol keselleriň ýok edilendigi baradaky güwänamalarynyň ýurdumyza gowşurylandygyny aýtmak isleýärin. Keselleiň öňüni almak üçin maşgala lukmanlaryny, meýletin ätiýaçlandyryş gäwänamasyny girizdik, şeýlelikde köp keselleriň öňüni aldyk, bu ulgamda başga-da uly işler amala aşyryldy. Käbir keselleriň öňüni almak we bejermek üçin merkezleşdirilen hassahanalar zerur bolup durýar.

Biz halkara saglyk merkezleriniň müdiriýetini döretdik. Onuň düzümine kardiologiýa merkezi, halkara iç keselleri merkezi, halkara anyklaýyş merkezi, kelle we boýun keselleri halkara merkezi, ene mähri merkezi, göz kesellerini bejerýän oftolmologiýa merkezi, diş bejerýän stamotalogiýa merkezleri girýär.

Her ýylyň şu güni ýurdumyzda şanly sene hökmünde giňden bellenilýär. Şunlukda, täze lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak ýa-da açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şu gün hem biz täze okuw-bilim merkezini açarys. Meniň her gezek hem belläp geçişim ýaly ykdysadyýetiň haýsy pudagy bolsa-da, ylym bilen aýakdaş gitmesek, oňyn netije gazanyp bilmeris. Bu okuw-ylym merkezi geljekde ylmy-barlag işlerini geçirer ýaly, lukmanlarymyzyň öz hünärini ýokarlandyrmak üçin, kliniki ordinatorlar, aspirantlar, doktorantlar degişli ylmy işleri alyp barar ýaly hem-de ylmyň gazananlaryny amaly tarapdan durmuşa geçirip .biler ýaly zerur şertler üpjün edilýär. Ýurdumyzda mundan beýläk-de köp keselleriň öňüni almak boýunça zerur işler alnyp barlar.

Ýene bir açyljak desga halkara Kardiologiýa merkezidir. Ol durky täzelenilen we düýbünden täzeden gurlan binalardan ybaratdyr. Öňki kardiologiýa merkezi 20 orunlyk bolan bolsa, täze halkara kardiologiýa we kardiohirurgiýa merkezi 150 orunlukdyr. Bu ýerde raýatlarymyz üçin ýürek-damar keselleriniň öňüni almak, bejermek ýa-da hirurgiýa taýdan bejeriş amallaryny ýerine ýetirmek mümkinçiligi emele geldi. Bu merkezler täze saglyk halkara müdiriýetiniň düzümine girýär.

Sagdyn nesli ösdürip ýetişdirmek üçin öňi bilen eneleriň sagdynlygy zerur bolup durýar. Şu gün biz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy merkezini açarys. Bu ýerde biziň aýal-gyzlarymyz, çagalar üçin ähli lukmançylyk hyzmatlary, şol sanda akuşerçilik-ginekologiýa bejeriş işleri ýola goýlar. Zerur bolsa bu ýerde ylmy-barlag işleri hem geçirilip bilner.

Eziz watandaşlar, gadyrly myhmanlar!

Adam durmuşynda, elbetde ýalňyşyp hem biler. Käbir ýaramaz endikler – çilimkeşlik, arakhorluk, neşekeşlik ýaly belalardan saplanmak üçin şu gün Tejen şäherinde 120 orunlyk ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini açýarys.

Hormatly adamlar we gadyrly myhmanlar!

Lukmançylykda bejeriş işlerini elbetde derman serişdelerini peýdalanmazdan geçirip bolmaýar. Dermanyň ýokary hili, olaryň möhleti, ulanylyşy, barlanylyşy bejeriş işine täsirini ýetirýär. Şulary göz öňünde tutup, şu gün biz Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana müdirliginiň soňky ülňülere laýyk gelýän döwrebap ammarlaryny açýarys. Häzirki döwürler biziň baş maksadydymyz dermanlary ýokary hil derejesinde we öz wagtynda ähli dermanhanalara ýetirmekden ybaratdyr.

20 ýylyň içinde, hakykatdan hem uly işler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda merkezleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Gaýragoýulmazys tiz kömek merkezi, döwük-ýenjik merkezi, ýokanç keseleriň garşysyna niýetlenen toplum, ýöriteleşdirilen harby hassahanalar, welaýatlarda bina edilen Ene mähri, Anyklaýyş merkezleri, obalarda gurlan saglyk öýleri – näçe sanasaň sanap oturmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly adamlar we gadyrly myhmanlar!

Men, sizi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen ýene-de bir gezek gutlaýaryn,size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerine bolsa ynsan saglygyny bejermekde, berkitmekde alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärin. Sag boluň!

***

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutuş dabarasynda sözlän sözi teswirde

Döwlet Baştatynymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Diýarymyzda toýlaryň toýa ulaşýandygyny, ýakynda Oraza baýramynyň, Galla baýramynyň giňden bellenilip geçilendigini aýtdy. Indi bolsa Saglygy goraýyş we deman senagaty işgärleriniň gününi hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamsynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen bagly dabaralara gatnaşýarys, diýip hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwolet Baştutanymyz şu günki guralan dabaralaryň çäklerinde täze halkara lukmançylyk merkezleriniň düýbüniň tutulýandygyny, onda 180 orunlyk hirurgiýa merkeziniň we 120 orunlyk endokrenologiýa merkeziniň bardygyny belledi.

Döwriň üýtgemegi hem-de wagtyň geçmegi bilen täze keseller hem ýüze çykýar. Dünýäde süýji keseli köp ýaýrandyr. Şonuň üçin hem şol keseliň öňüni almak, bejermek, dikeltmek ýa-da hirurgiýa bejeriş usulyny amala aşyrmak üçin şunuň ýaly döwrebap merkezler zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigini belläp, onuň esasy wezipesiniň keselleri bejermek däl-de olaryň öňüni almakdygyny aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz şu geçen döwrüň içinde bu ugurda uly işleriň amala aşyrylandygyny, birnäçe keselleriň ýurdumyzda doly ýok etdilendigini be
belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä saglyk guramasynyň hem-de beýleki birnäçe abraýly halkara guramalarynyň şol keselleriň Türkmenistanda ýok edilendigi baradaky güwänamalarynyň ýurdumyza gowşurylandygyny aýtmak bilen, milli Liderimiz keselleriň öňüni almak üçin maşgala lukmanlarynyň, meýletin ätiýaçlandyryş gwänamasynyň girizilendigini, şeýlelikde köp keselleriň öňüniň alnandygyny, şunlukda bu ulgamda başga-da uly işleriň amala aşyrylandygyny aýtdy.

Käbir keselleriň öňüni almak we bejermek üçin merkezleşdirilen hasahanalar zerur bolup durýar. Şunlukda, biz halkara saglyk merkezleriniň müdiriýetini döretdik. Onuň düzümine kardiologiýa merkezi, halkara iç keselleri merkezi, halkara anyklaýyş merkezi, kelle we boýun keselleri halkara merkezi, ene mähri merkezi, göz kesellerini bejerýän oftolmologiýa merkezi, diş bejerýän stamotalogiýa merkezleri girýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Her ýylyň şu gününde täze lukmançylyk desgalarynyň düýbüni tutmak ýa-da açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şu gün hem biz täze okuw-bilim merkezini açarys. Meniň her gezek hem belläp geçişim ýaly ykdysadyýetiň haýsy pudagy bolsa-da, ylym bilen aýakdaş gitmesek, oňyn netije gazanyp bilmeris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. .

Bu okuw-ylym merkezi geljekde ylmy-barlag işlerini geçirer ýaly, lukmanlarymyzyň öz hünärini ýokarlandyrmak üçin, kliniki ordinatorlar, aspirantlar, doktorantlar öz işlerini geçirer ýaly hem-de ylmyň gazananlaryny amaly taraplan durmuşa geçirip gelejekde köp keselleriň öňüni alsalar örän dogry bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Ýene bir açyljak desga halkara Kardiologiýa merkezidir. Ol durky täzelenilen we täzeden gurlan binalardan ybaradyr. Öňki kardiologiýa merkezi 20 orunlyk, bolan bolsa, täze halkara kardiologiýa we kardiohirurgiýa merkezi 150 orunlukdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu ýerde ýürek-damar kesellerine duçar bolanlara zerur lukmançylyk kömegi berilýär. Merkezde keselleriň öňüni almak, bejermek ýa-da hirurgiýa taýdan bejeriş amallaryny ýerine ýetirmek işleri häzirkizaman enjamlaryň üsti bilen amala aşyrylýar diýip, milli Liderimiz nygtady.

Sagdyn nesilleriň kemala gelmeginde enäniň sagdyn bolmagy zerurdyr diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz şu gün paýtagtymyzda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy merkeziniň açylýandygyny, bu ýerde biziň aýal-gyzlar we çagalar üçin ähli lukmançylyk hyzmatlarynyň, şol sanda akuşerçilik-ginekologiýa bejeriş işleriniň ýola goýulýandygyny aýtdy. Şeýle hem, bu ýerde ylmy-barlag işlerini adyp barmak üçin zerur mümkinçilikler döredildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Adam durmuşynda, elbetde ýalňyşluk hem bolýar. Ýaşlaryň käbirinde çilimkeşlik, arakhorluk, neşekeşlik ýaly ýaramaz endikleriň ýüze çykýan halatlary hem bolýar. Şunuň ýaly howply belalardan saplanmak üçin şu gün Tejen şäherinde 120 orunlyk ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezini açýarys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Lukmançylykda bejeriş işlerini derman serişdelerini netijeli peýdalanmazdan geçirip bolmaýar. Dermanyň ýokary hil derejesi, olaryň möhleti hem-de netijeli ulanylyşy, bejeriş işine oňyn täsirini ýetirýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi . Şunuň bilen baglylykda şu gün Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Baş dermanhana müdirliginiň häzirkizaman ülňülerine doly laýyk gelýän döwrebap ammarlar gurlup ulanmaga berildi. Ony gurmakdan maksadymyz dermanlary ýokary hilli saklamakdan we olary öz wagtynda ähli dermanhanalara ýetirmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentiimz aýtdy.

Şu geçen 20 ýylyň içinde, hakykatdan hem uly işler amala aşyryldy. Paýtagtymyzda merkezleşdirilen lukmançylyk edaralarynyň ençemesi gurlup ulanmaga berildi. Gaýragoýulmazys tiz kömek merkezi, döwük-ýenjik merkezi, ýokanç keseleriň garşysyna niýetlenen toplum, ýöriteleşdirilen harby hassahanalar, welaýatlarda bina edilen Ene mähri, Anyklaýyş merkezleri, obalarda gurlan saglyk öýleri – näçe sanasaň sanap oturmaly diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni hem-de “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen bu ýere ýygnananlary ýene-de bir gezek gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, egsilmez bagt, saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerine ynsan saglygyny bejermekde, berkitmekde alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter