Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň arasyndaky gepleşikler | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň arasyndaky gepleşikler

опубликованно 21.02.2019 // 915 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden owgan Lideriniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagynda Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, şol ýerde belent mertebeli myhmany resmi garşylamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Owganystanyň Prezidentini mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite ornaşdyrylan münbere geçýärler.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler. Milli Liderimiz owgan kärdeşini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Öz nobatynda, goňşy döwletiň Baştutany hormatly Prezidentimizi Owganystanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdanyndan dabaraly ýöräp geçýärler.

Soňra iki ýurduň Liderleri Ruhyýet köşgüne ugraýarlar. Bu ýerde, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-owgan gepleşikleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganini myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň ilkibaşdan özara ynanyşmak, netijeli häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, iki halky birleşdirýän, taryhyň dowamynda emele gelen ruhy-medeni gatnaşyklar bilen şertlendirilendir.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki döwürde türkmen-owgan gatnaşyklary täze tapgyry başdan geçirýär hem-de olary pugtalandyrmak we giňeltmek üçin anyk ädimler ädilýär.

Belent mertebeli myhman mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, Türkmenistanda ýene-de bolup görmek mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy. Owganystan Türkmenistan bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýar. Prezident Mohammad Aşraf Ganiniň belleýşi ýaly, owgan halky türkmen Lideriniň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berýär we goldaýar. Bu syýasat bolsa oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar hem-de sebitde we dünýäde howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň aýrylmaz şerti bolup durýar.

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen-owgan gatnaşyklary hemişe özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk esasynda guraldy diýip, belent mertebeli myhman nygtady hem-de iki doganlyk ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň umumy abadançylygyň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi.

Özara düşünişmek hem-de ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegine aýratyn üns berdiler. Şunda sebitiň abadançylygy üçin uly ähmiýete eýe bolan bilelikdäki möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge üns berildi. Şol taslamalaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi bilen baglanyşykly taslamalar bar.

Iki ýurduň Liderleri söwda-ykdysady ulgamda türkmen-owgan gatnaşyklarynyň giňeldilmeginiň wajypdygyny aýdyp, ynsanperwer-medeni ulgamda däp bolan hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça-da pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganini hem-de owgan wekiliýetiniň agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak meselelerini iň bir netijeli ýagdaýda, doganlyk we özara düşünişmek ruhunda ara alyp maslahatlaşmaga hemişe taýýardygyny nygtady.

Biziň häzirki duşuşygymyz Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününde geçýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Türkmenistan we Owganystan daşary syýasat ulgamynda dünýäniň häzirki ösüşiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşligine esaslanýan uzak döwürlik oňyn tejribe topladylar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz iki ýurduň halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde alyp barýan hyzmatdaşlygyny aýratyn belledi. Türkmenistan BMG-niň çäklerinde döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin Owganystana minnetdardyr. Hususan-da, Owganystan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň biziň ýurdumyzyň teklip eden energetika howpsuzlygy we durnukly ulag ulgamy boýunça kabul eden Rezolýusiýalarynyň birnäçe gezek awtordaşy bolup çykyş etdi.

Owganystanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň dürli edaralaryna saýlawlarda hem Türkmenistanyň dalaşgärligini hemişe goldaýar. Biz halkara guramalarda birek-biregi goldamak tejribesini geljekde hem dowam ederis. Sebit we ählumumy meseleleriň iň bir giň topary boýunça syýasy-diplomatik taýdan özara arkalaşykly hereketlerimizi yzygiderli giňelderis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli Liderimiz häzirki döwürde öňde durýan esasy meseläniň sebitde berk we uzak möhletli parahatçylygy, durnukly ösüşi hem-de howpsuzlygy üpjün etmekden ybaratdygyny aýdyp, bu ugurda ysnyşykly we netijeli türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň şu maksada ýetmekde, sebitdäki işleri netijeli ösdürmekde esasy şertleriň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we olary ýok etmäge gönükdirilen gurallary döretmekde, degişli syýasy-diplomatik usullary işläp taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasyna, beýleki halkara we sebit guramalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Bitarap döwlet hem-de Owganystanyň ýakyn goňşusy hökmünde biziň ýurdumyz Owganystanyň Hökümetiniň we bu ýurtdaky ýagdaýy parahatçylykly, syýasy taýdan düzgünleşdirmäge gyzyklanýan ähli taraplaryň arasynda göni gatnaşyklary guramak üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardyr.

Sebitde howpsuzlygy üpjün etmek terrorçylyk howpuna netijeli garşy durmak bilen berk baglydyr. Türkmenistan bu ugurda ikitaraplaýyn ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etmäge, halkara guramalar bilen arkalaşykly işlemäge taýýardyr. Bu meselede Birleşen Milletler Guramasynyň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmek aýgytlaýjy şert bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biziň ýurdumyz kabul edilen bilelikdäki resminamalaryň, hususan-da, 2011-nji ýyldaky Aşgabat Jarnamasynyň hem-de Merkezi Aziýa üçin hereketleriň Bilelikdäki meýilnamasynyň esasynda has ysnyşykly we utgaşykly işlemäge gyzyklanýan ähli döwletleri hem-de halkara guramalary hyzmatdaşlyga çagyrýar. Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, Türkmenistan bilen Owganystanyň ikitaraplaýyn derejede hem-de köptaraplaýyn görnüşde neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna, serhetüsti guramaçylykly jenaýatçylyga we beýleki bikanun işlere garşy geljekde hem göreşjekdigine ynam bildirdi.

Owgan tarapynyň gatnaşmagynda energetika, ulag hem-de kommunikasiýa ýaly örän möhüm ugurlarda iri üpjünçilik taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Owganystanda syýasy durnuklylygyň, ýurdy ykdysady we durmuş taýdan dikeltmegiň, onuň sebit hem-de dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulmagynyň esasy şerti bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu ugurda yzygiderli iş alyp barmak bilen, birnäçe iri sebit taslamalaryny öňe sürdi. Bu taslamalar eýýäm iş ýüzünde amala aşyrylyp başlandy. Bir ýyl mundan ozal iki ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berildi. Şonda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy, şeýle hem Serhetabat — Turgundy ugry boýunça täze demir ýol açylyp, işe girizildi.

Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda uly bolmadyk, ýerli derejeli beýleki bilelikdäki taslamalar üçin hem täze mümkinçilikler açylýar. Mysal üçin, biz köne Kelif — Şybyrgan gaz geçirijisi boýunça türkmen tebigy gazyny ibermegi öz güýjümiz bilen ýola goýup bilerdik. Şu mesele boýunça eýýäm iki ýurduň degişli pudak edaralarynyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Elektrik energetikasy pudagynda hem hyzmatdaşlyk giňden ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Geçen ýyl Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy ulanmaga berildi. Hamýap — Garkyn ugry boýunça hem şular ýaly ulgamy gurmak göz öňünde tutulýar.

Sebitde giň gerimli ulag üpjünçilik ulgamlaryny döretmegiň taslamalaryna Owganystany çekmek häzirki döwürde möhüm wezipe bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, Serhetabat — Turgundy demir ýol gatnawynyň taslamasy üstünlikli amala aşyryldy we Türkmenistan bu ýoluň gurluşygyny Hyrat şäherine çenli dowam etdirmek baradaky gepleşiklere başlamaga taýýardyr.

Häzirki wagtda Akina demir ýol menzilinde ýoluň 10 kilometrlik böleginiň gurluşygy alnyp barylýar. Bu demir ýoluň gurluşygyny Andhoý şäherine çenli dowam etdirmek boýunça tehniki-ykdysady taslamany taýýarlamak meselesine garamaga-da türkmen tarapy taýýardyr.

«Lazurit» taslamasyny amala aşyrmak boýunça bäştaraplaýyn hyzmatdaşlyk işjeň we maksada gönükdirilip alnyp barylýar. Bu örän möhüm ulag geçelgesiniň gurluşygynyň ähli meselelerini ylalaşmak maksady bilen, biz oňa gatnaşýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň yzygiderli duşuşygyny dowam etmegi göz öňünde tutýarys. Milli Liderimiz mümkinçilikden peýdalanyp, bu taslama uly üns berýändigi we ony goldaýandygy üçin belent mertebeli myhmana minnetdarlyk bildirdi.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möçberleri barada aýdylanda bolsa, onuň görkezijileriniň erbet bolmandygyny bellemek isleýärin.

Geçen, 2018-nji ýylda özara söwda dolanyşygy 684 million amerikan dollaryna golaý boldy. Bu bolsa 2017-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, ep-esli köpdür diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda dolanyşygynyň möçberlerini has-da artdyrmak we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin mümkinçilikleri gözlemegiň, ykdysady hyzmatdaşlyga orta we kiçi telekeçiligiň has işjeň gatnaşmagynyň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz telekeçilik ulgamynyň iki ýurduň bazarlaryna ynamly girmelidigini aýdyp, senagat harytlary önümçiligi, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy we beýleki ugurlar ýaly bilelikdäki kooperasiýanyň dürli görnüşleriniň ýola goýulmalydygyny belledi. Sebäbi türkmenleriň we owganlaryň özara söwdany, telekeçiligi alyp barmakda köpasyrlyk tejribesi we däpleri bar. Bizde birek-birege teklip eder ýaly zatlar köp.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewürler bileleşikleri işjeň hereket etmelidirler. Bilelikdäki işewürler maslahatlaryny ýygy-ýygydan geçirmelidirler, iki ýurduň haryt öndürijileriniň sergilerini guramalydyrlar. Biz bolsa işewürler bileleşikleriniň ugry boýunça hyzmatdaşlyga doly goldaw bereris diýip, milli Liderimiz nygtady.

Şeýle hem Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň işini güýçlendirmek, onuň mümkinçiligini doly derejede ulanmak, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny we ugurlaryny gözlemek zerurdyr.

Häzirki döwürde ynsanperwer ulgamy hem hyzmatdaşlygyň zerur tarapydyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şoňa görä-de, Owganystana ynsanperwer kömegi bermegiň ýörite maksatnamasyna laýyklykda, biziň ýurdumyz Balh welaýatynda mekdep, Farýap welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda bolsa çaga dogrulýan öýi gurup, ulanmaga berdi. Türkmenistan Owganystanda durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny geljekde hem dowam eder.

Goňşy döwletler bilim ulgamynda hem ysnyşykly hyzmatdaşlyk edýärler. Owgan oglan-gyzlarynyň ýüzlerçesi Türkmenistanda bilim alyp, döwlet gullugynda işleýär, owgan ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýär.

Häzirki döwürde hem owgan talyplary ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Owgan talyplaryny Türkmenistanda taýýarlamak geljekde hem dowam etdiriler.

Milli Liderimiz ylym we medeniýet ulgamlarynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny aýdyp, sungat ussatlarynyň wekillerini alyşmagyň, türkmen we owgan halklarynyň baý hem-de özboluşly taryhy mirasyny bilelikde öwrenmegiň maksat edinilýändigini nygtady.

Şu gün iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň bozulmazdygyny, sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak üçin ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taraplaryň taýýardyklary tassyklanyldy. Özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlyga, giň gerimli taslamalary bilelikde amala aşyrmaga berk eýerilýändigi beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Mohammad Aşraf Ganä alyp barýan netijeli işleri, Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge üýtgewsiz taýýardygy we uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi hem-de ähli owgan halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Baştutanyna söz berilýär. Prezident Mohammad Aşraf Gani milli Liderimize OYR-nyň wekiliýetiniň gadymy türkmen myhmansöýerligi ruhunda kabul edilendigi hem-de gepleşikleriň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu saparyň iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 27 ýyllygyna gabat gelendigini belledi.

Soňky dört ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde ägirt uly işler ýerine ýetirildi diýip, belent mertebeli myhman aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, türkmen Lideriniň bu giň möçberli işi, sözüň doly manysynda, tutuş sebit üçin nusgalyk bolup durýar. Owganystan hemişe Türkmenistanyň amala aşyrýan bitaraplyk syýasatyny goldaýar we mundan beýläk-de goldar. Şol syýasat bolsa oňyn halkara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Prezident Mohammad Aşraf Gani ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesine degip geçmek bilen, «Lazurit» ulag-üstaşyr geçelgesiniň (Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe) ähmiýetini nygtady. Onuň netijeli ulanylmagy bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn täsir eder, giň geoykdysady giňişlikde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ýardam eder diýip, belent mertebeli myhman belledi we döwlet Baştutanymyza şu ýoly ösdürmek boýunça berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Goňşy döwletiň Baştutany şeýle hem özara gatnaşyklaryň dürli ugurlarda, şol sanda demir ýol ulagy we aragatnaşyk ulgamynda uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, owgan tarapynyň halkara ähmiýetli polat ýollaryň gurluşygyna hem gatnaşjakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani Serhetabat —Turgundy demir ýolunyň Hyrat şäherine çenli dowam etdirilmegi baradaky başlangyjyň örän wajypdygyny nygtap, bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin owgan tarapynyň degişli işleri ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy.

Şunuň bilen birlikde, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek boýunça taslamanyň geljeginiň uludygy bellenildi. Bu taslama sebitiň ýurtlary üçin ykdysady taýdan örän amatly bolar.

Belent mertebeli myhman uzak möhletli häsiýete eýe bolan energetika ulgamyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezip, Türkmenistanyň adyna Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga taýýarlyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Dostlukly ýurduň Lideri TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamanyň sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetini nygtap, owgan tarapynyň bu ugurda netijeli ädimleri ätjekdigine ynandyrdy.

Prezident Mohammad Aşraf Gani şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda owgan ýaşlarynyň okamagy baradaky meseläniň çözülmegi hem-de bu ugurda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýakyndan goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, Merkezi we Gündogar Aziýanyň ýurtlaryny netijeli gatnaşyklar baglanyşdyrypdyr. Türkmen-owgan gatnaşyklary barada aýdylanda bolsa, ol özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Prezident Mohammad Aşraf Gani bular barada aýtmak bilen, iki ýurduň arasyndaky taryhy-medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem halyçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Beýleki ulgamlarda hem netijeli gatnaşyklary ösdürmek, degişli düzümleriň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly şertler bar.

Şunuň bilen birlikde, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň Owganystan üçin uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Belent mertebeli myhman ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimize döredijilikli başlangyçlary hem-de gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge yzygiderli goldaw berýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, özara bähbitli türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama hem-de Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatyna iberilýän türkmen elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Howa gatnawy hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Owganystanyň Demir ýol ulaglary edarasynyň arasynda Akina — Andhoý demir ýoluny gurmak barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmen-owgan döwlet serhedinde halkara demir ýol geçiriş ýeri hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmen-owgan döwlet serhedinde Serhetabat — Turgundy stansiýalarynyň arasynda demir ýol gatnawyny guramagyň Kadalaryna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda gümrük işlerinde hyzmatdaşlyk we özara ýardam bermek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Owganystanyň Milli arhiwiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

Soňra iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň jemlerini teswirläp, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeli bolandygyny nygtady.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, sebit we halkara syýasatyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, ähli meseleler boýunça özara düşünişendigimizi bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny belläp, iki ýurduň hem halkara giňişlikde deňhukuklylyk, adalatlylyk, özygtyýarly döwletleriň içerki işlerine gatyşmazlyk ýörelgeleriniň ileri tutulmagynyň tarapdary bolup çykyş edýändigini nygtady.

Taraplar iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynda ýakyndan hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek, özara goldaw bermek tejribesini dowam etdirmek barada ylalaşdylar. Türkmenistan we Owganystan beýleki halkara guramalaryň çäklerinde, hususan-da, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynda we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda hyzmatdaşlygy ösdürerler.

Gepleşikleriň barşynda sebitdäki ýagdaý hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Owganystanyň sebitimizde parahatçylygyň we howpsuzlygyň berk binýadynyň döredilmeginiň pugta tarapdarlary bolup durýandyklaryny belledi. Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, halkara düzümler we guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen bu maksada ýetmek üçin bilelikde ysnyşykly we utgaşykly işlejekdiklerini beýan etdiler. Merkezi Aziýany durnuklylygyň, hyzmatdaşlygyň we durnukly ösüşiň zolagyna öwürmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar halkara terrorçylyga garşy barlyşyksyz göreşi dowam etdirmegi pugta maksat edinýärler. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Ählumumy Terrorçylyga garşy göreş strategiýasyny toplumlaýyn durmuşa geçirmek üstünligiň girewi bolup durýar. Türkmenistan we Owganystan bu strategiýanyň düzgünleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi, bütindünýä we sebit möçberlerinde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça kabul edilen beýleki bilelikdäki resminamalary, hususan-da, 2011-nji ýyldaky Aşgabat Jarnamasyny ýerine ýetirmek ugrunda bileleşip iş alyp bararlar.

Soňra milli Liderimiziň belleýşi ýaly, gepleşikleriň dowamynda Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaý babatdaky garaýşy barada habar berildi. Biz bu ýurtda syýasy taýdan düzgünleşdirmegi diňe parahatçylykly, gepleşikler arkaly gazanyp boljakdygyna ynanýarys. Bu meseläni güýç ulanyp, çözüp bolmajakdygy aýdyňdyr. Şunuň bilen baglylykda, bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan goňşusy Owganystanyň Hökümetiniň we ähli gyzyklanma bildirýän owgan taraplarynyň arasynda göni gepleşikleri guramak üçin ähli zerur şertleri döretmäge taýýardygyny birnäçe gezek beýan etdi. Şu gün ýurdumyzyň bu garaýşy ýene-de bir gezek tassyklanyldy.

Şeýle hem, biz Owganystanyň giň möçberli halkara we sebit derejesindäki ykdysady we üpjünçilik ulgamlarynyň taslamalaryna çekilmeginiň bu ýurtda parahatçylygy we agzybirligi gazanmagyň örän möhüm şerti bolup durýandygyna ynanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu biziň berk garaýşymyzdyr.
Türkmenistan bu garaýşa eýermek bilen, soňky ýyllarda Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag, kommunikasiýa ulgamlarynda örän möhüm taslamalaryň ençemesini öňe sürdi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny görkezmek bolar. Bu taslamanyň durmuş maksatlaryna gönükdirilmegi onuň möhüm düzüm bölegi bolup durýar. Gaz geçirijiniň gurulmagy Owganystanda 12 müň iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer. Şeýle hem Owganystanyň çäkleri boýunça gazyň diňe üstaşyr geçirilmegi her ýylda 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdäniň Owganystanyň gaznasyna gelip gowuşmagyny üpjün eder.

Häzirki döwürde taslamany iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça işler depginli alnyp barylýar. Bu ugurda ähli zerur ylalaşyklara we beýleki resminamalara gol çekildi. Taslamany amala aşyrmaga zerur maliýe serişdeleri çekilýär. «TAPI» konsorsiumy hem döredildi we netijeli işleýär. Konsorsiumyň düzümine taslama gatnaşýan ähli döwletleriň milli gaz kompaniýalary girýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň çäklerinde gaz geçirijiniň we degişli gaz çykaryjy hem-de iberiji üpjünçilik ulgamlarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Owganystanda bolsa gaz geçirijiniň geçjek bütin ugry boýunça topografiýa we geodeziýa işleri tamamlandy.

Döwlet Baştutanymyz 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynda Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň, Pakistanyň Premýer-ministriniň, şeýle hem Hindistanyň döwlet ministriniň gatnaşmagynda kuwwaty 2 000 megawat bolan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygyna badalga berlendigini ýatladyp, elektrik energetikasy ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň netijeli amala aşyrylýandygyny belledi. Indi 20 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen elektrik energiýasy Owganystanyň demirgazyk we günbatar welaýatlaryna iberilýär. Bu döwrüň dowamynda türkmen hünärmenleri tarapyndan Owganystanyň çäginde elektrik geçiriji ulgamlaryň 400 kilometre golaýy guruldy.

Sebitara ähmiýetli giň möçberli kommunikasiýa ulgamyny döretmek maksady bilen, häzirki döwürde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy hem çekilýär.

Bulardan başga-da, geçen ýyl türkmen hünärmenleri tarapyndan Serhetabat — Turgundy demir ýol şahasy guruldy. Bu bolsa türkmen-owgan serhedinden Hyrada çenli demir ýoluň gurluşygynyň başlangyç tapgyrydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdirdi.

Türkmenistan bilen Owganystan multimodal «Lazurit» ulag geçelgesiniň gurluşygynyň örän iri taslamasyna gatnaşyjylar bolup durýar. Şu gün bu örän möhüm ulag geçelgesiniň ulanylmagy bilen bagly ähli meseleleri ylalaşmak maksady bilen, oňa gatnaşýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň yzygiderli duşuşyklaryny dowam etdirmäge taýýardygy tassyklanyldy. Şeýle hem gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň gatnaşmagynda beýleki taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmegiň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýagdaýyna we bu gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik seretdik. Hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek, onuň täze ugurlaryna çykmak maksady bilen, iki ýurduň degişli pudak edaralaryna möhüm tabşyryklaryň berilmegi barada ylalaşyldy.

Türkmenistan owgan halkyna ynsanperwer kömegini bermegi, bu ýurtda durmuş maksatly desgalary gurmagy dowam etdirer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şu maksat bilen, degişli maksatnama işlenip taýýarlanyldy we amala aşyrylýar.

Bilim ulgamynda hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär diýip, milli Liderimiz belledi. Owgan ýigitleriniň we gyzlarynyň ýüzlerçesi ýurdumyzda zerur bolan bilimi alyp, Owganystanyň döwlet gullugynda işleýärler, owgan ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda zähmet çekýärler.

Häzirki döwürde owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde, hususan-da, oba hojalyk, mugallymçylyk, energetika ýokary okuw mekdeplerinde, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde, ulag we aragatnaşyk institutynda bilim alýarlar. Türkmenistan owgan tarapynyň ýüztutmalaryna laýyklykda, öz okuw mekdeplerinde Owganystan üçin hünärmenleri mundan beýläk-de taýýarlar.

Medeni, ylym, sport ugurlarynda hem döwletara hyzmatdaşlyk barha giňeldiler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz geçirilen gepleşiklere kanagatlanma bildirip, şu günki duşuşygyň iki döwletiň hoşniýetli goňşuçylyga, doganlyga, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga esaslanan gatnaşyklarynyň üýtgewsiz häsiýete eýe bolandygyny tassyklandygyny nygtady.

Milli Liderimiz saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini belläp, sözüniň ahyrynda doganlyk owgan halkyna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky tüýs ýürekden arzuwlaryny ýollady.

Prezident Mohammad Aşraf Gani köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenip hem-de ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, şu gün Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan gününe 27 ýyl dolýandygyny buýsanç bilen belledi.

Nygtalyşy ýaly, geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri boýunça strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekildi. Munuň özi köp ugurlar boýunça uzakmöhletli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin örän möhüm ädim bolup durýar. Bularyň ählisi döwletara gatnaşyklaryň has ýokary derejä çykaryljakdygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän syýasaty netijeli gepleşikleri geçirmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu netijeli öňdengörüjilikli strategiýa halkara gatnaşyklaryň oňyn şerti hökmünde çykyş edýär. Owganystan ykdysady we durmuş ulgamlaryny dikeltmek ýoluna düşüp, Türkmenistan bilen netijeli hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürýär.

Şunuň bilen baglylykda, owgan Lideri «Lazurit» ulag-üstaşyr geçelgesiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň, şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň we onuň bilen özara baglanyşykly elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek baradaky taslamalaryň, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmegiň ähmiýetini nygtady. Bularyň ählisi sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýär hem-de halklaryň abadançylygyny üpjün etmäge ýardam edýär.

Belent mertebeli myhman terrorçylyk we ekstremizm ýaly wehimlere garşy göreşmegiň häzirki wagtda umumy tagallalary birleşdirmeli möhüm meseleleriň biridigini belläp, Owganystanyň we Türkmenistanyň mundan beýläk-de bu ugurda gatnaşyklary ösdürjekdigini, sebitde howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyny aýtdy. Biziň ýurtlarymyz BMG-niň Ählumumy terrorçylyga garşy strategiýasyny, beýleki degişli halkara resminamalary durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleri alyp barmak bilen, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi göz öňünde tutýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Owganystanyň bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde oňyn görelde görkezýändigi nygtaldy. Türkmen Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän başlangyçlary Merkezi Aziýanyň, Kawkazyň hem-de Ýewropanyň ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin oňaýly şertleri döredýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy Merkezi we Günorta Aziýanyň döwletleriniň arasynda köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin mümkinçilikleri açýar.

Prezident Mohammad Aşraf Gani demir ýol pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Kerki — Ymamnazar — Akina polat ýolunyň gurluşygyny dowam etdirmegiň hem-de Serhetabat — Turgundy demir ýoluny Hyrat şäherine çenli uzaltmagyň geljeginiň uludygyny belledi.

Bularyň ählisi hyzmatdaşlygyň ägirt uly kuwwatynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Belent mertebeli myhman TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna gaýdyp gelmek hem-de Türkmenistanyň çäginde ony durmuşa geçirmek boýunça işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny bellemek bilen, geljekde-de bu işleriň iki ýurt tarapyndan hem işjeň we netijeli amala aşyryljakdygyna ynam bildirdi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy çekmek boýunça hem zerur işler geçirilýär. Bu taslamany amala aşyrmaga Türkiýe Respublikasynyň kompaniýalarynyň hem isleg bildirýändigi guwançly ýagdaýdyr diýip, owgan Lideri aýtdy.

Aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljeginiň uludygy bellenildi. Bularyň ählisi sebitara gatnaşyklary ösdürmäge kuwwatly itergi berer.

Ynsanperwer ulgamda türkmen-owgan gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär. Munuň özi iki ýurduň ýaşlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder. Soňky dört ýylyň dowamynda köp sanly bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirildi diýip, Owganystanyň Baştutany aýtdy we olaryň oňat netije berjekdigine ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda Prezident Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we ähli doganlyk türkmen halkyna ikitaraplaýyn netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goldaw berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, ýola goýlan netijeli döwletara syýasy gatnaşyklar meýilleşdirilen hem-de umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň ygtybarly kepili bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi günortanlyk naharyny berdi.

Günüň ikinji ýarymynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna bardy, şol ýerde professor-mugallymlar düzüminiň we talyplaryň öňünde çykyş etdi.

Goňşy döwletiň Baştutany talyplaryň sowallaryna jogap berip we sebitde netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmekde ýurdumyzyň möhüm ornuny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän oňyn başlangyçlarynyň, şol sanda owgan meselesini parahatçylyk ýol arkaly kadalaşdyrmak baradaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetini hem-de wajypdygyny nygtady.

Prezident Mohammad Aşraf Gani şu gün geçirilen gepleşiklere hem-de olaryň netijeleri boýunça kabul edilen ikitaraplaýyn resminamalara ýokary baha berip, türkmen Liderine Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek işine, onuň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna saldamly goşandy we işjeň garaýyşlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Nygtalyşy ýaly, bu babatda owgan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzümleýin taslamalaryň, hususan-da, energetika we ulag ýaly möhüm ugurlardaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Owgan Lideri taraplaryň mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, berk erk-islegine daýanýan bu hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Türkmenistana resmi saparynyň maksatnamasyny tamamlap, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we Aşgabatdan ugrady.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter