Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy | TDH
Ykdysadyýet

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy

опубликованно 20.02.2019 // 364 - просмотров
 

Türkmenistan ägirt uly tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, olary tutuş adamzadyň bähbidine peýdalanmaga ymtylýar. Amatly geosyýasy we ykdysady ýagdaýy, uglewodorodlaryň baý ýataklary, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň ýöredýän syýasaty netijesinde Diýarymyz soňky ýyllarda ýangyç-energetika toplumynda eýeleýän ornuny halkara derejede berkitdi.

Türkmenistan deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk nukdaýnazaryndan çykyş edip, bu strategik ulgamda däbe öwrülen gatnaşyklaryny dowam etmek bilen bir hatarda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gös-göni energiýa gatnaşyklarynyň çägini ep-esli giňeltdi, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýdy.

Türkmen topragynda «mawy ýangyjyň» örän uly gorlarynyň bolmagy barada umumy ykrar edilen, şol sanda halkara bilermenler tarapyndan ykrar edilen ýagdaý ýurdumyza islendik ugurda tebigy gazyny uzak möhletleýin ugratmaga mümkinçilik berýär, häzir oňa dünýä bazarynda bolan isleg örän uludyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň 2018-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde belleýşi ýaly, nebitgaz senagatyny ösdürmek garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri boldy we şeýle bolmagynda galýar. Sebäbi uglewodorod serişdelerini çykarýan, gaýtadan işleýän we eksport edýän önümçilikler döwletimize köp girdeji getirýän, geljegi uly bolan ugurlardyr.

Döwlet Baştutanymyz eksport etmegiň ugurlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, ösen köpugurly turba geçiriji üpjünçilik ulgamlarynyň döredilmegini Garaşsyz döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň hatarynda görkezdi.

Soňky ýyllarda amala aşyrylan giň gerimli maýa goýum taslamalarymyza, hususan-da, Hytaýa we Eýrana täze gaz geçirijileriň gurulmagyna, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýerine ýetirilýän gurluşygyna berkarar döwletimiziň halkara energetika hyzmatdaşlygyna goşan hakyky goşandy hökmünde garamak bolar. Bu bolsa Merkezi Aziýa sebitiniň umumy ýagdaýyna we ösüşine oňyn täsir edýär, ony dünýä ähmiýetli energetika merkezleriniň birine öwürýär diýip, milli Liderimiz belledi.

«Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmäge 8 milliard amerikan dollaryna golaý maýa goýumlary gönükdirildi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ýakyn geljek ýyllaryň dowamynda nebitgaz toplumyna 159,9 milliard manat maýa goýum serişdelerini gönükdirmek göz öňünde tutulýar.

Geçen ýylyň oktýabrynyň başynda Halkara pul gaznasynyň (HPG) ýaýradan metbugat habarynda dünýä bazarynda nebit önümlerine nyrhlaryň ýokarlanmagynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine we daşary söwda dolanyşygyna hem-de esasy maliýe meýilnamanyň — Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegine oňyn täsirini ýetirýändigi bellenilýär. Bilermenleriň pikirine görä, geljekde tebigy gazyň, nebithimiýa önümleriniň beýleki görnüşleriniň eksport möçberiniň artdyrylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşine ýardam berer.

23-nji fewralda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga bermek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhetabat — Turgundy demir ýoluny ulanmaga bermek mynasybetli dabaralar geçirildi. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri gatnaşdylar.

TOPH taslamasy — Türkmenistanyň energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky möhüm ädim bolup, milli ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň kuwwatyny artdyrmak, öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň deňagramlylygynyň üpjün edilmegi bilen dünýä bazarlaryna energiýa serişdelerini ugratmagyň ösen ulgamyny döretmek onuň esasy ugurlary bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli başlangyçlarynyň möhümdigine hem-de zerurdygyna öňde goýlan maksatlary gazanmaga gönükdirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary biragyzdan kabul etmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Uzynlygy 1840 kilometre ýetiriljek gaz geçiriji doly ulanmaga berlenden soň, ýylda 33 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny akdyrmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gaz geçirijiniň owgan böleginiň düýbüni tutmak mynasybetli geçirilen dabarada belledi. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegine, durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna hem-de energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam eder diýip, milli Liderimiz belledi.

Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümetiniň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi barada hökümetara Ylalaşyga, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça kabul ediji döwletiň Hökümeti bilen Ylalaşygyň baş şertlerine we beýlekilere gol çekildi.

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurdaky işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny gazanmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyzyň ýokarda agzalan ugur boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça Iş toparyny döretmek hakynda 15-nji ýanwarda Karara gol çekendigini ýatlamak ýerlikli bolar.

Ministrler Kabinetiniň 19-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna 2016-njy ýylyň maý aýynda bolan resmi saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyga laýyklykda, Saud ösüş gaznasynyň TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlaryny bölüp berendigi barada habar berildi. Bu waka daşary ýurtly maýadarlaryň agzalýan taslamanyň gurluşygyna uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär. Olar bu taslamanyň derwaýyslygyna hem-de kuwwatyna, onuň bähbitliligine ýokary baha berýärler.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Saud Arabystany tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň hataryna girýär. Munuň özi ýangyç-energetika ulgamynda, şeýle hem beýleki pudaklarda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döredýär. TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy sebitiň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berer, durmuş hem-de ynsanperwer häsiýetli meseleleri çözmäge, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder. Bu gaz geçiriji arkaly Günorta — Gündogar Aziýanyň iri ýurtlaryna tebigy gaz uzak möhletleýin esasda iberiler, diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2018-nji ýylyň 8-nji martynda geçirilen mejlisinde BMG-niň Owganystana ýardam etmek, şol sanda söwda we üstaşyr ugurlardaky sebit gatnaşyklaryna ýardam bermek çärelerini öz içine alýan, bu ýurdy ösdürmek babatdaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen Kararnama kabul edildi. Resminamada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag, energetika, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýolunyň gurluşygy, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe halkara üstaşyr geçelgesi («Lazurit» geçelgesi) ýaly, halkara taslamalary boýunça öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilýär.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň ählisini bu taslamalary goldamaga hem-de olaryň netijeli durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge resmi taýdan çagyrdy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň sebit we sebitara gatnaşyklary ösdürmek işinde eýeleýän orny BMG tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Munuň özi milli Liderimiziň öňe süren iri möçberli uzak möhletleýin taslamalarynyň geljekde amala aşyrylmagynda halkara goldawyna eýe boljakdygyny esaslandyrýan ýagdaýdyr.

18-nji iýulda Nýu-Ýorkda BMG ÖM-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi: hemmeler üçin ygtybarly, durnukly we döwrebap energiýa elýeterliligi üpjün etmek üçin täze energetika Beýik Ýüpek ýoludyr» diýen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy Owganystan Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň we Hindistan Respublikasynyň Hemişelik wekilhanalary bilen bilelikde çäräniň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Tanyşdyrylyş çäresiniň barşynda diňe bir taslama gatnaşýan ýurtlaryň däl, eýsem, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegi hem-de energetika howpsuzlygyny üpjün etmek üçin TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Çärä gatnaşyjylar hemmeler üçin energiýanyň elýeterliligini üpjün etmek üçin täze energetika Beýik Ýüpek ýoly hökmünde TOPH taslamasyny ilerletmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli ädimlerine ýokary baha berdiler.

18-nji oktýabrda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-saud hökümetara toparynyň altynjy mejlisi geçirildi, onda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek — hususan-da, TOPH gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyna maýa goýumlaryny artdyrmak boýunça anyk teklipler aýdyldy.

Saud Arabystany Patyşalygynyň söwda we maýa goýumlar ministri Majid bin Abdulla Al Kasabiniň gatnaşan duşuşygyna ýygnananlar bu ugurda özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti barada aýdyp, öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Oktýabr aýynda Aziýanyň ösüş banky (AÖB) Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk, energetika, nebitgaz ýaly ulgamlaryna, şeýle hem hususy bölege maýa goýumlaryny gönükdirmäge taýýardygyny beýan etdi. Bu bank tarapyndan hödürlenen meýilnama boýunça 2019 — 2021-nji ýyllarda milli ykdysadyýetimize ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaý maýa serişdelerini goýmak göz öňünde tutulýar. Taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň barşynda onuň möçberleriniň has-da artmagyna garaşylýar.

Aziýanyň ösüş banky TOPH taslamasy boýunça esasy hyzmatdaşlaryň biri bolmak bilen, 2019 — 2021-nji ýyllar üçin maýa goýumlar boýunça iş meýilnamasyna bu ugry hem goşdy. Şol bir wagtyň özünde AÖB tarapyndan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, ýurdumyzda energetika üpjünçiliginiň ýokary derejesini saklamak mümkinçiligini döretmäge ýardam berýän halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygyny, ulag-aragatnaşyk ulgamynda beýleki möhüm düzümleýin taslamalary maliýeleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň sebitde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň okgunly ösmegine hyzmat etmäge gönükdirilen öňdengörüji strategiýasyna ýokary baha bermek we ony doly goldamak bilen, Aziýanyň ösüş banky milli Liderimiziň öňe sürýän teklipleriniň, şol sanda Owganystany durmuş-ykdysady taýdan dikeltmek we onuň sebitdäki häzirki zaman dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy baradaky başlangyjynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam etmäge taýýardygyny beýan edýär.

15-nji noýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk CAREC Maksatnamasynyň 17-nji ministrler maslahaty geçirildi. Wekilçilikli foruma gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy CAREC-e agza ýurtlar üçin uly ähmiýete eýedir. Bu taslama Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ep-esli artdyrmak bilen, sebitiň döwletleriniň energetika howpsuzlygyny hem-de ykdysady durnuklylygyny pugtalandyrmaga ýardam eder we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň kuwwatly esasy bolar.

10-njy dekabrda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda TOPH gaz geçirijisiniň Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinden geçýän bölegini gurmagyň taslamasyny ätiýaçlandyrmagyň strategiýasyny taýýarlamak we maslahat bermek boýunça hyzmatlary etmek, şeýle hem ätiýaçlandyryş maksatnamasyny işläp taýýarlamak, dünýäniň iri ätiýaçlandyryş guramalary bilen gepleşikleri geçirmek boýunça «TAPI Pipeline Company Limited» paýdarlar jemgyýeti tarapyndan yglan edilen halkara bäsleşigiň netijeleri barada habar berildi. Bäsleşigi geçirýän topara tehniki-täjirçilik teklipleri, hususan-da, Beýik Britaniýanyň «Willis Towers Watson» kompaniýasyndan amatly teklip gelip gowuşdy.

2018-nji ýyl Türkmenistanyň nebitgaz ulgamyndaky desgalaryň köp sanlysynyň ulanmaga berilmegi bilen taryha girdi. Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň binýadyny berkitmek bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde sebitiň iň iri senagat desgalary ulanylmaga berildi.

21-nji iýulda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýyllyk kuwwaty dürli görnüşli örtükleriň 21 müň tonnasyna barabar bolan biaksial-ugurly polipropilen örtügini öndürýän täze kärhananyň işe girizilmegi mynasybetli dabara boldy. Taslamanyň umumy bahasy 31 million 700 müň ýewro barabardyr.

Çig mal hökmünde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ulanylýan TPP 382 BF kysymly polipropilen ulanylýar. Ol ajaýyp dielektrik aýratynlyga eýedir we örän berkdir, gaýtadan işlemekde örän durnuklydyr. Özüniň görkezijileri hem-de ulanyş häsiýetleri boýunça bu polimer halkara ülňülere, şol sanda azyk önümleri hem-de derman serişdeleri üçin bellenen ülňülere laýyk gelýär.

17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gyýanly şäherçesinde sebitde iri polimer zawodynyň — polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça iri gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Zawodda Türkmenistan üçin täze önümiň — ýokary dykyzlykdaky polietileniň önümçiligi özleşdirildi. Ol pes basyşda etileniň polimerleşdirilmegi netijesinde alynýar. Şunda InnoveneTMS tehnologiýasy ulanylýar. Ol dünýäde giňden ýaýran nebit we gazhimiýa senagatynyň üçlügine girýär. Güwänama «INEOS Technologies» (Beýik Britaniýa) — iri halkara korporasiýasy tarapyndan berildi, onuň düzümine «BP», «ICI» ве «BASF» ýaly ägirtlerden satyn alnan himiýa kärhanalary girýär.

Täze toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär. Iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanada her ýyl 386 müň tonna ýokary hilli polietilen, 81 müň tonna hem polipropilen öndüriler. Şu önümleri öndürmek üçin tebigy gazyň düzüminden alnan zerur bolan etan, propan ýaly maddalardan başga galan arassa 4,5 milliard kub metri ýangyç hökmünde gaz geçiriji ulgamlara akdyrylýar.

Bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryna deň bolan bu taslama «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar — «LG International», «Hyundai Engineering» (Koreýa Respublikasy), şeýle hem «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalary bilen bilelikde amala aşyryldy. Üçtaraplaýyn şertnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2013-nji ýylda Ýaponiýa amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde gol çekildi.

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan bu täze desga Garaşsyz hem-de Bitarap ýurdumyzyň senagat taýdan ösen döwlete, taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Berkarar Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny mähriban halkymyzyň bähbidine ulanmak babatda alyp barýan giň gerimli işlerimiziň subutnamasydyr diýip, hormatly Prezidentimiz gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edende belledi.

Şeýlelikde, tebigy gazy has düýpli we toplumlaýyn işläp taýýarlamagy ugur edinmek bilen, Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iberýän döwlet hökmünde öz ornuny berkitmek bilen çäklenmän, eýsem, energetika eksportynyň harytlyk düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika işewürliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna oňa gatnaşmagynyň häsiýetini hil taýdan üýtgeder.

24-nji oktýabrda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümlerini saklamak we düşürmek üçin niýetlenen awtomatlaşdyrylan täze Kenar kärhanasynyň demir ýol estakadasy ulanmaga berildi. Bu desganyň işe girizilmegi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň nebit terminalynyň goýberiş ukyplylygyny ep-esli artdyrmaga, sebitde iri nebithimiýa kärhanasynda çykarylýan önümlerini ýurdumyzyň we daşary ýurtly sarp edijilere ygtybarly iberilmegini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döretmäge gönükdirilendir.

Täze demir ýol estakadasy demir ýol boýunça ýylda nebit önümleriniň 3 million 850 müň tonnasyny, şol sanda awtomobil benzininiň 1 million 800 müň tonnasyny çeleklere ýüklemäge we ibermäge şert döredýär.

Halkara ölçeglere kybap gelýän toplum häzirki zaman tehnologiýa hem-de gözegçilik — ölçeýji enjamlar, degişli programma-tehniki serişdeler bilen üpjün edilendir. Bu enjamlar dolandyryş işlerini, nebit önümlerini düşürmegi-ýüklemegi awtomatlaşdyrmagy, enjamlaryň işi barada dessin maglumaty almagy, maglumatlary takyk hasaplamagy, olary gaýtadan işlemegi, şeýle hem awariýalara we ýangyna garşy gorag ulgamlarynyň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün edýär.

Nebitiň we gazyň çykarylmagynyň artdyrylmagy, pudagyň çig mal binýadynyň pugtalandyrylmagy, dünýä bazarlarynda türkmen energiýa göterijilerini ibermegi köp görnüşli ulgamynyň döredilmegi bilen bir hatarda, energetika ulgamynyň kärhanalaryny tehniki we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrmaga, uglewodorod çig mallaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektrik energetikasyna degişli bolan çig mallary gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat kärhanalarynyň gurulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Şeýlelikde, Ahal welaýatyndaky Owadandepede tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygy alnyp barylýar. Dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilen iň döwrebap gazhimiýa toplumynda her ýyl «mawy ýangyjyň» 1 milliard 785 million kub metri gaýtadan işleniler hem-de Euro-5 standarty boýunça iň ýokary ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän A-92 kysymly benziniň 600 müň tonnasy çykarylar, şeýle hem 12 müň tonna dizel ýangyjy we 115 müň tonna suwuklandyrylan gaz öndüriler.

Polimerleri öndürmek boýunça iri önümçiligi döretmek Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi has uly ugurlarynyň biridir. Ol senagatda, gurluşykda, ulagda, oba hojalygynda, şeýle hem durmuş harytlarynyň giň görnüşlerini öndürmekde peýdalanylýan önümleriň ýüzlerçesini işläp çykarmakda esasy düzüm hasaplanylýar.

2018-nji ýylyň noýabrynyň ortasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça ýurdumyzyň wekiliýetiniň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi. Nebitgaz ulgamyna ýöriteleşen kompaniýalar özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezen, netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredilen türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirdiler. Onda Owadandepede tebigy gazy gaýtadan işlemek ýoly bilen sintetik benzini öndürmek boýunça ýene bir zawody gurmak we Gyýanlyda polimer kärhanasynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak babatda teklip aýdyldy.

Martda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň birnäçe desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça birnäçe meýilnamalar aýdyldy. Şeýlelikde, bu ýerde haýal kokslaýjy gurnama oturdylar. Gurnamany bina etmek boýunça yglan edilen bäsleşikde Birleşen Arap Emirlikleriniň «WTL FZE» kompaniýalar konsorsiumy (geljekki baş potratçy) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Westport Trading Europe Limited» kompaniýasy ýeňiji boldy.

Amerikanyň bu kompaniýasy ýurdumyzyň nebitgaz bazarynda has-da bellidir. Ol ýylda ýokary hilli ýol bitumynyň 37,2 müň tonnasynyň önümçiligi boýunça döwrebap desgany ulanmaga berdi we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ýokary oktanly benzin almaga niýetlenen desgany döwrebaplaşdyrdy.

«Foster Wheeler» kompaniýasy bu pudagyň täze desgasynyň taslamasyny taýýarlady we oňa lisenziýa berdi. Bu toplum haýal kokslaýjy we gudrony arassalaýjy iki gurnamadan ybaratdyr. Olaryň esasy wezipesi gudronyň we mazudyň agyr galyndylaryny işläp taýýarlaýar.

Haýal kokslaýjy desga nebiti gaýtadan işleýän zawod üçin möhüm tehnologik gurnamalaryň biri bolup durýar. Onuň taslama kuwwatlygy her ýylda 900 müň tonna önüme barabardyr. Şeýle hem bu desgada nebit koksunyň summar möçberinden başga-da, suwuklandyrylan gaz çykarylýar. Soňra ol eksporta ugradylýan harytlyk suwuklandyrylan gazy almak üçin ýörite gurnamada goşmaça arassalaýşy geçer.

Haýal kokslaýjy desgada taýýarlanylan koks benzini A-80 görnüşdäki benziniň önümçiligi üçin zerur serişde bolup durýar. Şeýle hem ol ýokary oktanly benzin almak üçin ýörite desga çig mal hökmünde ugradylar. Ýeňil koksly gaz şol bir wagtyň özünde dizel ýangyjyny gidroarassalaýyş boýunça desga üçin çig mal bolup durýar. Onda Euro-5 standartyna laýyk gelýän awtomobil ýangyjy öndüriler. Agyr koks gazy bolsa kärhanada hereket edýän katalitik desga üçin çig mala öwrülýär.

Şeýlelikde, täze desga Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebiti öňküden 10 — 20 göterim has gowy derejede çuňlukda gaýtadan işlemäge we ýokary goşmaça bahasy bolan dury nebit önümleriniň işlenip taýýarlanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrar. Taslamaçylaryň teklibine görä, desganyň gurluşygynda nebiti gaýtadan işlemekde we enjamlary öndürmekde öňdebaryjylaryň iň kämil tejribesi ulanylar. Hususan-da, koks kameralarynyň ýokarky we aşaky gapaklaryny ýapmak hem-de açmak awtomatik mehanizmleri arkaly ýola goýlar. Bu bolsa koksy reaktorlardan düşürmäge taýýarlyk wagtynda el zähmetini aradan aýrar.

2018-nji ýyl ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we dünýäniň energetika howpsuzlygyny has-da berkitmäge pugta esas döredip, türkmen uglewodorod serişdeleriniň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmak üçin täze geljegi açan ähmiýetli wakalar bilen ýatda galdy.

12-nji awgustda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyryp, Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy.

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekilmegi sammitiň ähmiýetli netijesi bolup, ol täze taslamalary, şol sanda nebitgaz ulgamynda täze taslamalary amala aşyrmak üçin mümkinçilikleri döretdi.

Taryhy ähmiýetli bu resminamanyň kabul edilmegi netijesinde Hazarüsti gaz geçirijisini çekmek üçin hukuk binýady döredildi. Bu gaz geçirijiniň taslamasynda 30 ýyldan az bolmadyk möhletiň dowamynda Hazar deňziniň türkmen kenaryna çenli gazy eltmek şerti bilen, her ýylda Ýewropa bazaryna türkmen energiýa serişdeleriniň 30 milliard kub metrini ibermek göz öňünde tutulýar.

9-njy oktýabrda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Konstantin Çuýçenkony hem-de «Gazprom» açyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berlip, döwletara hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Nebitgaz ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlarynyň biridir. Munuň özi dünýäniň energetika döwletleri bolan hem-de ýangyç serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iki döwlet üçin strategik ugur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasynda 2028-nji ýyla çenli gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda hereket edýän ylalaşygy durmuşa geçirmegiň dürli meseleleri, şol sanda türkmen gazynyň satyn alnyşyny dikeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Russiýanyň holdinginiň gazy gaýtadan işlemek, gazhimiýa pudagyny ösdürmek we beýleki ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigi tassyklanyldy.

22-nji oktýabrda wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Brýussele bolan saparynyň netijeleri barada habar berildi. Şol ýerde duşuşyklaryň birnäçesi, şol sanda Energetika birleşigi boýunça Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şewçowiç hem-de Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça Baş müdiriýetiniň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi.

Habar berlişi ýaly, duşuşyklaryň barşynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny amala aşyrmak meselelerinde hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hazar ösüş korporasiýasynyň iş ýörelgelerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, bu energetika taslamasyny amala aşyrmak boýunça iş toparynyň gepleşiklerini, şol sanda ykdysady, ekologiýa we täjirçilik ugurly meseleleri dowam etdirmek çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýewropa Bileleşigi tarapyndan Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem-de türkmen tebigy gazynyň Ýewropa bazaryna iberilmegine uly gyzyklanma bildirildi. Ýewropa Bileleşigi tarapyndan gepleşiklere gatnaşyjylar energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etjek bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegine maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu taslama diňe bir milli wezipelere laýyk gelmek bilen çäklenmän, eýsem, yklymyň energiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmaga hem gönükdirilendir.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen pudaklaýyn sergiler we maslahatlar dünýäniň işewür-jemgyýetçiliginiň wekilleri tarapyndan ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Geçen ýylyň maý aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň IX halkara gaz kongresi geçirildi. Oňa 30-dan gowrak ýurtdan 400-e golaý adam, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň, ABŞ-nyň, BAE-niň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň, GDA-nyň we beýleki döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň barşynda energiýa serişdeleriniň dünýä bazaryny ösdürmegiň, energetika howpsuzlygynyň möhüm meselelerine hem-de dünýä bazarlaryna gazy möhüm iberiji hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna garadylar.

Çäräniň çäklerinde daşary ýurt işewürleri bilen ýurdumyzyň nebitgaz edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda işewür duşuşyklar geçirildi. Daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri nebitgaz senagatynyň dürli ulgamlarynda iň täze tehnologiýalaryň, ylmy işläp taýýarlamalaryň hem-de öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagyny göz öňünde tutýan köp sanly maýa goýum tekliplerini beýan etdiler.

Noýabrda Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara sergi we maslahat geçirildi. Oňa gatnaşan daşary ýurt wekiliýetleriniň wekilçilikli düzümi ýurdumyzyň üstünliklerine Ýer ýüzüniň işewür toparlarynyň gyzyklanmasynyň barha artýandygyna nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Munuň özi Türkmenistanyň ägirt uly uglewodorod serişdeleri, açyk energetika syýasaty, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň netijeli halkara başlangyçlary bilen şertlendirilendir. Bu başlangyçlar ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir hem-de dünýä bileleşigi tarapyndan biragyzdan goldanýar.

Aşgabat forumy geçirilip gelinýän ýyllary içinde dünýä ýüzünde esasy pudaklaýyn çekişmeler meýdançasyna öwrülip, bu ýerde ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna, halkara bilermenlere häzirki zaman energetikasynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, ortamöhletleýin we uzak möhletleýin geljekde dünýäniň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşini çaklamaga mümkinçilik döredildi.

Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, soňky onýyllyklarda energiýanyň ekologiýa taýdan has arassa çeşmesi hökmünde tebigy gazyň ähmiýeti barha saldamly bolýar. Şu babatda maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanda gazy gaýtadan işleýän önümçiligiň ösdürilişine ünsi çekdiler. Şol önümçilikler ýokary hilli eksport ugurly önümleri öndürmäge gönükdirilendir.

Ýakyn wagtda ýurdumyzda birnäçe taslamalaryň amala aşyrylmagy maksat edinilýär. Şol taslamalar gazhimiýa önümleriniň, şol sanda pes dykyzlykly polietileniň, polipropileniň, poliwinilasetatyň, poliwinilhloridiň, metanolyň, suwuk hloruň, natriý sulfatyň we beýlekileriň önümçiligini giňeltmäge gönükdirilendir.

Foruma gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň çäklerindäki geljegi uly känler maýa goýmak hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar, esasy halkara kompaniýalarynyň wekilleri bolsa gury ýerde we Hazar deňziniň ulgamynda barylmasy kyn bolan känleri gözläp tapmak hem-de işläp taýýarlamak babatda öňdebaryjy, ýokary netijeli tehnologiýalary hödürlemäge taýýardyklaryny aýtdylar.

Noýabrda ýurdumyzyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen ADIPEC — 2018 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna hem gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar guralyp, olaryň barşynda Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasy ugurlary, bu ulgamda ýetilen sepgitler, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler boýunça pikir alyşmalar boldy.

2018-nji ýylyň netijeleriniň görkezişi ýaly, Türkmenistan nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna ony düzümlerini giňeltmäge tarap ugur alýar. Şu babatda tebigy gazy gaýtadan işlemek hem-de önümleriň täze görnüşlerini çykarmak ýurdumyz üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, dünýä we sebit derejesinde durnukly ykdysady ösüş maksatlary bilen arabaglanyşyklydyr.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter