Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda dünýä tejribesini ornaşdyrmagy çaltlandyrýar | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda dünýä tejribesini ornaşdyrmagy çaltlandyrýar

опубликованно 20.02.2019 // 534 - просмотров
 

Ministrler Kabinetiniň 1-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy sanlaşdyrma ulgamyna esaslanan ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin, ilkinji nobatda, bu işe gatnaşjak ýaşlary okatmagyň we taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylym-bilim we tehnologiýa ulgamlarynda özgertmeleri çaltlandyrmak zerurdyr. Ýokary okuw mekdepleri we ylmy-barlag edaralary bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmek üçin telekeçileri işjeň çekmek wajypdyr. Täze institutlar, mekdepler, mekdebe çenli edaralar üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak güýçlendirilmelidir. Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde gowy bilim almagyny gazanmak biziň maksadymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Ozal habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň 19-njy fewralda gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň degişli ýokary okuw mekdepleriniň wekillerine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Buharestiň raýat gurluşygy tehniki uniwersitetiniň arasynda hem-de Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň arasynda bilim hem-de ylmy-barlag hyzmatdaşlygy boýunça Özara düşünişmek hakynda ähtnamalary ýerine ýetirmek boýunça 2019 — 2023-nji ýyllar üçin çäreleriň Meýilnamalaryna Türkmen tarapyndan gol çekmäge ygtyýar berildi.

Şonuň yzysüre — 20-nji fewralda Türkmenistanda işjeň ösýän sanly ykdysadyýet üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, dünýä giňişliginde ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmäge goşant goşjak bäsdeşlige ukyply ýaş nesli kemala getirmek babatda möhüm wezipeleri çözmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekdi, olara laýyklykda, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary Koreýa Respublikasyndan, Ýaponiýadan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Rumyniýadan we Awstriýa Respublikasyndan bolan kärdeşleri bilen tejribe alyşmak üçin daşary ýurtlara iş saparlaryna ugradylar.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýruklaryna laýyklykda, iş saparlary anyk maksatlara hem-de wezipelere eýedir. Olar ýurdumyzyň elektron senagatyny döretmegi we ösdürmegi, sanly ykdysadyýete, sanly tehnologiýalara geçen ýurtlaryň tejribäni öwrenmegi, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmekde halkara tejribesini öwrenmegi, gazna biržasynyň işini ýola goýmaga, halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak tejribesi bilen tanyşmagy maksat edinýär.

Bilim ulgamynyň hünärmenleri oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde dünýä tejribesini öwrenmek üçin iş saparlaryna ugradylar. Mundan başga-da, ýurdumyzda dizaýnerçilik sungatyny ösdürmek, binagärlik gurşawynyň dizaýnyny kämilleşdirmek hem-de jemagat hojalygynyň inžener üpjünçilik ulgamlaryny ulanmagyň dünýä tejribesini öwrenmek, ussat türgenleri we tälimçileri taýýarlamak maksady bilen iş saparlary guralýar.

Geljekde milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýji boljak ýaşlaryň ylmy we döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmak işinde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň häsiýetli alamatyna öwrüldi.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň bilim ulgamyny işjeň ösdürmek barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleri Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, uly durmuş-ykdysady netijä hem eýe bolýar.

Syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ylmy kuwwatyň yzygiderli artdyrylmagyny, hünärmenleriň gözýetimini giňeltmegi, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak başarnygyny, ýagny ýokary bilimli, hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny talap edýär.

14-nji fewralda milli Liderimiziň jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň hem-de medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, şu günki ýaşlarymyz ozalky nesillerden düýbünden tapawutlanýar. Watançylygy, ynsanperwerligi, dostlugy we hoşniýetliligi durmuş kadasyna öwren bagtyýar ýaşlarymyz öňdebaryjy maglumat tehnologiýalaryndan gowy baş çykarýar. Çylşyrymly önümçilik tehnologiýalaryny dolandyrmagy başarýar. Ylym we tehnika babatda döwletimiziň ösüş depginini çaltlandyrmak, tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça döredijilik başlangyçlary bilen çykyş edýär.

Şu nukdaýnazardan, ýaşlarymyza halkara derejeli iri ykdysady ulgamlary dolandyrmagy arkaýyn ynanyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem milli Liderimiziň öz çykyşynda belleýşi ýaly, eger jemgyýetimiziň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirip, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlary, inženerleri, tehnologlary we hünärmenleri taýýarlap bilmesek, onda bäsdeşlige ukyply döwletiň derejesine çykmak bize aňsat düşmez. Şunuň bilen baglylykda, umumymilli ösüşiň möhüm şerti hökmünde sanly bilim ulgamyna, aýratyn-da, sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak wezipelerini çözmäge uly üns bermelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Häzir ýurdumyzyň professorlarydyr mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, halkara guramalar we gaznalar bilen gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilikler ep-esli artdy. Munuň şeýledigine, hususan-da, Türkmenistanda yzygiderli geçirilýän maslahatlar, simpoziumlar, seminarlar, sergiler, ylym we bilim ulgamynyň wekilleriniň duşuşyklary şaýatlyk edýär, şolara köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşýandygyny-da bellemek gerek.

Türkmenistan ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, eziz Diýarymyzyň senagatyny batly depginler bilen ilerletmäge tarap ugur almak bilen, dürli ugurlarda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň depginlerini artdyrmagy hem-de hilini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri ýaş ykdysatçylary ýetişdirmek üçin daşary ýurtlaryň okuw mekdepleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Olaryň bilimleri öňdebaryjy ýokary netijeli önümçilikleri döretmäge, senagatyň ähli görnüşlerini özleşdirmäge, eziz Diýarymyzda öndürilen, dünýä bazarynda ýokary hilli harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin zerur bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» hem-de giň halkara gatnaşyklar syýasaty netijesinde, daşary ýurtly kärdeşleri bilen işjeň gatnaşmaga mümkinçilik alan türkmen ýokary okuw mekdepleri ýokary hünärli ýaş makroykdysatçylary taýýarlamagy ugur edinýär. Çünki olaryň geçirýän seljermeleri netijesinde, diňe ýurdumyzyň halk hojalygynyň ykdysadyýetiniň däl-de, eýsem, dünýä bazarynyň ösüşi babatda ylmy taýdan esaslandyrylan çaklamalar üçin şertler döreýär. Şunda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meýilnamalaryny düzmek mümkinçiligi döreýär.

Döwlet Baştutanymyzyň 7-nji fewralda Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda belleýşi ýaly, ýurdumyzda bilim bermegiň täze standartlaryny, dünýäde gazanylan öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak arkaly okuwyň hilini ýokarlandyrmak möhümdir, munuň özi ähli bilim edaralary üçin internet ulgamynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmäge, bilimiň hilini artdyrmaga mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy, tejribe alyşmagy, professor-mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy aýratyn orun eýeleýär. Olar işjeň ýaşlaryň Watanymyzy ösdürmäge goşant goşmak islegini giňden goldaýarlar.

Häzir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giňden goldamagy netijesinde, Watanymyzyň geljeginiň bilim ojagy bolan ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady tutuş dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Munuň özi sanly ykdysadyýeti dolandyrjak ýaş nesli kemala getirmek üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Onuň özleşdirilmegi durmuş-ykdysady ösüşiň täze belentliklerine ýetmegiň açary bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter