Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary | TDH
Jemgyýet

Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary

опубликованно 20.02.2019 // 582 - просмотров
 

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şolarda maşgalalaryň kyrkysy jaý toýlaryny tutdular.

Dört gatly täze jaýlar Şagadam köçesiniň ugrunda bina edildi hem-de bu ýerde kemala gelýän ýaşaýyş toplumynyň düzüm bölegine öwrüldi. Jaýlaryň biri «Daşoguznebitgazgurluşyk» edarasynyň 4-nji gurluşyk müdirliginiň hünärmenleri, beýlekisi “Diýaryň kärhanasy» hususy kärhanasynyň işçileri tarapyndan bina edildi.

Täze jaýlarda amatly ýaşamak üçin ähli şertler döredildi. Döwletimiziň häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryna bildirýän talaplaryna laýyklykda, şolaryň öýleri giň we beýik otaglara eýedir. Dört otagly öýleriň umumy meýdany iki ýüz inedördül metrden gowrak bolsa, üç otagly öýleriň meýdany 140 inedördül metre barabardyr. Ýaşaýjylaryň amatlyklary üçin şolarda egin-eşik asylýan hem-de guradylýan otaglar gurlup, sarp edilýän elektrik energiýany, suwy we gazy hasaplaýjylar oturdyldy. Täze jaýlaryň ýanaşyk ýerleri hem abadanlaşdyrylyp, doly yşyklandyryldy.

Bu ýerde şu günki waka mynasybetli guralan dabaralara welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Çeper höwesjeň toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk öwüşginini artdyrdy. Olaryň ýerine ýetirmeginde aýdymdyr sazlar ýaňlandy. Işde tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabarada çykyp geplänler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döredijilikli syýasaty üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, tutuş ýurdumyzda, şol sanda Daşoguz welaýatynda iň gowy dünýä tejribesini, innowasion tehnologiýalary, özboluşly bezeg işlerini peýdalanmak bilen ýaýbaňlandyrylan giň gerimli ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy munuň aýdyň mysalydyr.

Hususan-da, şu günler welaýatyň dolandyryş merkeziniň Şagadam we Daşoguz köçeleriniň ugrunda ýokary amatlykly köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň onlarçasyny hem-de beýleki dürli maksatly desgalary öz içine alýan ýaşaýyş toplumlarynyň birbada ikisi gurulýar. Görogly köçesiniň ugrunda hem ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsi gurulýar, beýleki şäher etrapçalarynyň üsti hem ýakyn wagtda dört gatly jaýlar bilen ýetiriler.

Şolaryň gurluşygyna hususy kärhanalar hem gatnaşýarlar. «Diýaryň kärhanasy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan soňky iki ýylyň içinde şäherde eýýäm köp öýli jaýlaryň bäşisi gurlup, ulanmaga berildi. Ýaşaýyş jaýlaryny artdyrmagyň ýokary depginleri milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan durmuş syýasatynyň üstünligine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň durmuş şertlerini hemmetaraplaýyn gowulandyrmaga gönükdirilen dürli döwlet maksatnamalarynyň netijelidigine şaýatlyk edýär.

***

Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde täze jaý toýlary tutuldy. Bu şatlykly waka bilen täze öý eýelerini welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gutladylar. Döredijilik toparlarynyň ajaýyp aýdymdyr sazly çykyşlary baýramçylyga ýakymly öwüşgin çaýdy.

40 maşgala niýetlenen dört gatly täze jaýlar «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň 18-nji gurluşyk-gurnama müdirliginiň gurluşykçylary tarapyndan paýly esasda bina edildi. Täze binalar soňky ýyllarda Zelili köçesiniň ugrunda gurlan ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly beýleki binalaryň üstüni ýetirdi.

Şolardaky öýler şäher gurluşygynyň ýokary talaplaryna kybap gelýär. 2 we 3 hem-de 4 otagly giň otaglary, oňat enjamlaşdyrylan aşhanalary, uly eýwanlary we beýleki amatlyklary bolan öýler maşgalalaryň göwnünden turýar. Otaglar timarlananda, döwrebap serişdeler ulanyldy. Abadanlaşdyrylan ýanaşyk ýerlerde çagalar üçin oýun we sport meýdançalary göz öňünde tutuldy.

Türkmenistanlylary ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, gündogar welaýatda «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlap, ýaşaýyş jaý gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär.

Ýanwar aýynyň ahyrynda Türkmenabatda döwrebap jaýlaryň ikisiniň ulanmaga berilmegini nazara almak bilen, ýylyň başyndan bäri geçen gysga döwürde maşgalalaryň eýýäm 130-dan gowragy jaý toýlaryny tutdular. Mart aýynda bolsa 16 we 24 maşgala üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň ýene-de ikisini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy batly depginde dowam edýär. Geçen ýylyň tomsunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi dabaraly ýagdaýda onuň düýbüni tutdy. Bu ýerde 32 öýli 4 gatly jaýlaryň 17-si hem-de kottej görnüşli iki gatly jaýlaryň 170-si we beýleki ugurdaş desgalar bina edilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter