Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

 

Aşgabat, 21-nji iýul (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Margaret Çany hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebit býurosynyň direktory Žužanna Ýakaby kabul etdi. Myhmanlar “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýörite Aşgabada geldiler.

Abraýly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyzy bu şanly sene mynasybetli gutlap, tutuş türkmen halkyna parahatçylyk, rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, myhmanlar milli Liderimize Türkmenistanyň hormatly döwlet sylagyny—“Bitaraplyk” ordenini gowşurandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Munuň özi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda oňyn hyzmatdaşlygy ýola goýmakda olaryň uly hyzmatynyň ykrarnamasyna öwrüldi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza bilelikdäki tagallalar bilen geçirilýän “Gazanan üstünliklerimizi berkitmek sagdyn geljegimiziň esasydyr” atly halkara saglygy goraýyş maslahatynyň ýokary derejede guralandygy üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Bu maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň onlarça ýurdundan daşary ýurtlaryň wekiliýetleri türkmen paýtagtyna geldiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli sözler we gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, milli saglygy goraýyş ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de kämilleşdirmek boýunça giň möçberli özgertmeler maksatnamalaryny yzygiderli durmuşa geçirmäge uly goşant goşan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belledi. Türkmenistanyň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygy döwlet ösüşiniň esasy maksatlaryna doly laýyk gelýär. Raýatlarymyzyň saglygyny goramak şol maksatlaryň esasylarynyň biridir.

Dostluk ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda uzakmöhletleýin, özara ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, ileri tutulýan ugurlary we geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1992-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň agzalygyna kabul edildi hem-de şol döwürden bäri bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň, şol sanda howply ýokanç keselleriň öňüni almak we olary aradan aýrymak baradaky taslamalaryň çäklerinde bilelikde uly işler amala aşyryldy. Hususan-da, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlarynyň hatarynda drakunkulýoz, gyzamyk, gyzylja keselleriniň we çagalar poliomielitiniň doly aradan aýrylmagyny görkezmek bolar. Şeýle hem geçen ýyllaryň dowamynda duzy ýodlaşdyrmak we uny demir bilen baýlaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyryldy. Munuň özi sebitde ýaýran keselleriň köpüsiniň öňüni almaga mümkinçilik berdi. Bu üstünlikler köpsanly halkara güwänamalary bilen tassyklanyldy. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda dünýäniň iň gowy tejribesini nazara almak bilen, milli saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek boýunça geçirilýän çäreleriň halkara bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Margaret Çan we Žužanna Ýakab ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak babatda, hususan-da, ömrüň dowamlylygyny uzaltmakda, temmäkä garşy işjeň göreşmekde, çaga ölümini we eneleriň kesellemeginiň derejesini peseltmekde we beýleki köp ugurlarda gazanylan üstünliklere ýokary baha berip, bu ugurda ýetilen sepgitleriň milli Liderimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygyna şaýatlyk edýändigini nygtadylar. Halkymyzyň bagtyýar durmuşy, saglygy we abadançylygy baradaky alada bolsa şol syýasatyň esasyny düzýär.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan “Saglyk” döwlet maksatnamsynyň çäklerinde amala aşyrylýan milli saglygy goraýyş ulgamyndaky özgertmeleriň netijesinde döwrebap lukmançylyk hyzmatlarynyň örän köp görnüşi türkmenistanlylar üçin elýeterli boldy. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlan döwrebap hassahanalar we keseli anyklaýyş-bejeriş merkezleri şol hyzmatlary hödürleýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi bilen bilelikde bularyň ählisi beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýelemäge ýardam edýär.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylary türkmen Lideriniň amala aşyrýan işlerini hem-de täze başlangyçlaryny goldaýandyklaryny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň golaýda tassyklanan täze “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Bu maksatnama toplanan oňyn tejribe hem-de saglygy goraýyş ulgamyndaky gaýragoýulmasyz wezipeler nazara alnyp, işlenip taýýarlanyldy. Mälim bolşy ýaly, adamyň saglygyna uly zyýan ýetirýän ýaramaz endiklere garşy göreşmek ýakyn 10 ýyl üçin niýetlenilip kabul edilen maksatnamanyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistan temmäkä gözegçilik etmegiň halkara ölçeglerini we esasy ýörelgelerini kesgitlän BSGG-niň 2011-nji ýyldaky Çarçuwaly konwensiýasyna goşulyp, temmäkä garşy giň möçberli göreş ýaýbaňlandyryldy. Baryp 2000-nji ýylda ýurdumyzda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edilipdi. 2013-nji ýylda bolsa “Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky” Kanun güýje girdi. Şondan soňra ýurdumyzda satylýan temmäki önümleriniň bahasynyň ýokarlandyrylmagy, çilim çekilmegine gözegçilik etmek boýunça berk çäreleriň amala aşyrylmagy netijesinde ýürek-damar we resperator keselleri ep-esli azaltdy. Şunuň bilen baglylykda, Margaret Çan we Žužanna Ýakab hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň adyndan temmäkä garşy göreşmekde Türkmenistanda gazanylan uly üstünlikler bilen ýene-de bir gezek gutladylar. Ýewropa sebitini tämmäkiden azat etmäge goşan ägirt uly goşandy üçin nobatdaky hormatly sylagyň—ýadygärlik nyşanynyň gowşurylmagy hem bu üstünlikleriň ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasy boldy.

Myhmanlar bu möhüm ugurda ählumumy we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň ornuny belläp, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň köp ugurly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtadylar. Aşgabatda her ýyl geçirilýän halkara saglygy goraýyş maslahatlaryň we sergileri bu hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şol maslahatlar Türkmenistanyň saglygy goraraýyş we derman senagaty ulgamynyň gazanýan üstünliklerini hem-de ýetýän belent sepgitlerini aýdyňlyk bilen görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eneligi we çagalygy goramak babatda guramanyň berýän goldawy, çagalarda sanjym geçirmekde giň möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde berýän kömegi üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýokary wezipeli wekillerine aýratyn minnetdarlyk bildirdi. Sanjym çäresini geçirmegiň gerimi boýunça Türkmenistan indi köp ýyllaryň dowamynda Merkezi Aziýa sebitinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär.

Milli Liderimiz döwletimiziň “Milletiň saglygy—ýurduň baýlygy!” diýen şygardan ugur alyp, adamyň saglygyny iň gymmatly baýlyk hasaplaýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, zyýanly endiklere garşy göreşmek we sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça maksadalaýyk işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçylary birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, häzirki döwrüň ählumumy maksatlaryna hem-de wezipelerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna hem-de hemmetaraplaýyn giňeldiljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter