Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 17.02.2019 // 725 - просмотров
 

Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
***

Türkmenistan bilen Horwatiýa Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek, türkmen hem-de özbek işewürler toparlarynyň arasynda özara peýdaly gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge ýardam bermek hem-de «Işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň arasyndaky Ylalaşygyň» düzgünlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Edaranyň ýanyndaky «Türkmenistan — Özbegistan» işewürler geňeşiniň Türkmen bölegini görkezilen düzümde döretmek baradaky teklibi makullanyldy.
***

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş kadalaryny giňden ornaşdyrmak we keselleriň öňüni almak, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap hassahanalary gurmak işlerini dowam etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň häkimligine Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň taslamalaryny düzmek hem-de olary döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdeleri bilen üpjün etmek, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, hassahanalar üçin elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň taslamalaryny düzmek, durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak we olary umumy ulgama birikdirmek şertinde gurmak barada «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň fewral aýynda başlap we hassahanalary 2021-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter