«Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahata gatnaşyjylara | TDH
Syýasat habarlary

«Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahata gatnaşyjylara

опубликованно 18.02.2019 // 455 - просмотров
 

Hormatly dabaraly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

Sizi «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahatyň öz işine başlamagy, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Şu günki wekilçilikli mejlisiň gün tertibiniň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryna hem-de derwaýys halkara meseleleri çözmek bilen bagly öňde goýlan wezipelere bagyşlanmagy uly ähmiýete eýedir.

Bitarap Türkmenistan dünýäde kuwwatly we ýokary depginler bilen ösýän döwletleriň biri bolmak bilen, sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň uly mümkinçiliklere eýe bolan ykdysadyýeti daşary ýurt maýa goýumlary üçin özüne çekiji bolup durýar. Bilim, saglygy goraýyş, ylym we beýleki pudaklarda özgertmeler dowam edýär. Şeýle giň mümkinçilikleri netijeli ulanmak arkaly biziň döwletimiz täze üstünliklere tarap ynamly öňe barýar we bagtyýar durmuşyň nusgasy bolup durýar. Munuň özi bolsa Durnukly ösüş maksatlaryna milli derejede anyk mazmun bermek bilen, adam hakyndaky aladanyň iň ýokary, döwlet derejesinde kepillendirilmeginden gelip çykýar.

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, Türkmenistan ýokary tehnologiýaly maglumat alyşmagyň we sanly dolandyryşyň döwrebap ulgamyny döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny, şol sanda elektron senagatyny ösdürmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny amala aşyrmaga girişildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň düzüm birliginde daşary-ykdysady meseleler bilen meşgullanmak üçin bölüm döredildi. Onuň işi ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli ýollaryny tapmakda we durmuşa geçirmekde anyk teklipleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!

«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen üstümizdäki, 2019-njy ýylda ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi babatda syýasy-jemgyýetçilik, ykdysady, medeni taýdan belent wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ylmyň, bilimiň, saglygy goraýşyň, durmuş ulgamynyň okgunly ösüşine gönükdirilen giň möçberli meýilnamalar hem amala aşyrylar. Bu öňde goýlan maksatlara ýetmegi daşary-syýasy we diplomatik taýdan üpjün etmek üçin, Türkmenistanyň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky täsirli ornuny mundan beýläk-de berkitmäge, şol bir wagtda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerimizi netijeli durmuşa geçirmäge degişli çäreler hem-de anyk meýilnamalar işlenilip düzüldi we olar guramaçylykly durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary-syýasy ugry Merkezi Aziýada, Orta we Ýakyn Gündogarda netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga oňyn täsir etmek bilen bilelikde, sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde barha aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Şonuň bilen birlikde, biz Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga gönükdirilen bilelikdäki tagallalaryň netijeli bolmagyna aýratyn üns berýäris.

Türkmenistan halkara giňişlikde syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmegiň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn we strategik hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Şu nukdaýnazardan, biz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda hem-de beýleki möhüm halkara maslahatlarda öňe süren başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri iş ýüzünde we bellenen möhletde ýerine ýetirýäris.

Türkmenistanyň daşary-syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerinde energetika, ulag hem-de suw diplomatiýasynyň ähmiýetli ornunyň has-da artýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Türkmenistanyň diplomatik gullugy dünýä we sebit ösüşiniň şu günki ýagdaýlaryny hasaba almak bilen we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan tapgyrlaýyn wezipelerden ugur alyp, toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar, iş usullaryny hem-de ylmy-tejribe çemeleşmelerini kämilleşdirýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň düzüminde türkmen diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça ýörite Okuw merkeziniň döredilmegi hem halkara gatnaşyklar ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyny täze derejä çykarmaga ýardam eder diýip ynanýaryn. Munuň özi bolsa halkara gatnaşyklar we diplomatiýasy boýunça geçirilýän ylmy-barlag we seljerme işlerini güýçlendirmäge giň mümkinçilikleri döreder.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar!

Sizi «Türkmen diplomatiýasy: halkara meseleleri çözmegiň hyzmatynda» atly dabaraly maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş arzuw edýärin!

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter