Adam hukuklaryny berjaý etmek – Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry | TDH
Jemgyýet

Adam hukuklaryny berjaý etmek – Türkmenistan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

опубликованно 17.01.2015 // 794 - просмотров
 

Aşgabat, 17-nji ýanwar (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda geçirilen mejlise milli parlamentiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çagyryldy. Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, toparyň degişli döwürde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Mejlisde nygtalyşy ýaly, Pudagara topary tarapyndan dünýä tejribesi we türkmen halkynyň demokratik ýörelgeleri hasaba alnyp, döwletiň we jemgyýetiň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça uly işler geçirildi.

Hususan-da, milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan özgertmeleriň strategiki esasy bolan milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen Pudagara topary häzir hereket edýän kadalaşdyryjy – hukuk namalaryna syny amala aşyrdy we Türkmenistanyň Mejlisine adam hukuklary babatynda halkara kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmak, şeýle hem bu ugurdaky özgertmeleri mundan beýläk hem dowam etdirmek boýunça teklipleriň tutuş toplumyny iberdi.

Mejlisiň barşynda, şeýle hem toparyň 2015-nji ýyl üçin iş meýilnamasy kabul edildi we birnäçe beýleki meselelere garaldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter