Neşesiz jemgyýet ugrunda – bagtyýar durmuş we ajaýyp geljek ugrunda! | TDH
Jemgyýet

Neşesiz jemgyýet ugrunda – bagtyýar durmuş we ajaýyp geljek ugrunda!

опубликованно 19.01.2015 // 808 - просмотров
 

19-njy ýanwarda göni aragatnaşyk arkaly geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşekeşlige hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy barlyşyksyz göreşmek boýunça çäreleri güýçlendirmegiň möhümdigi barada aýdyp, hukuk goraýjy edaralaryň, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, durmuşa degişli düzümleriň ählisiniň öňünde neşekeşlige hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we kontrabandasyna garşy göreşmek boýunça anyk wezipeleri goýdy.

Neşekeşlik meselesi ýer ýüzündäki ilatyň saglygyna, dünýäniň ykdysady ulgamyna, döwletleriň hukuk tertibine we milli howpsuzlygyna ählumumy howp salýan ýagdaýdyr. Milli Liderimiz biziň jebisleşip, her birimiziň öz ornumyzda bu örän howply ýagdaýa garşy berk durup, öz maşgalalarymyzyň abançylygyny, öz çagalarymyzyň bagtyýar geljegini we ata Watanymyzyň parahatçylygyny goramalydygymyzy belleýär. Neşekeşlige garşy göreş döwletiň neşe serişdeleriniň ýaýradylmagy boýunça berk ugra eýermegini göz öňünde tutýar. Hut döwlet düzümleri bu zährimaryň söwdasyny edýänlere garşy netijeli göreşmek üçin zerur serişdelere we täsirli güýje eýedir. Şu ugurda amala aşyrylýan çäreler anyk netijeleri berýär.

Hormatly Prezidentimiz Guranguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň neşekeşligiň islendik görnüşde ýüze çykmagyna garşy aýgytly göreşjekdigini birnäçe gezek nygtady, çünki bu hakykatdan-da ýer ýüzünde duşýan bu nägehan türkmen halkynyň aň-düşünjesine asla laýyk gelmeýär. Ýurdumyzda şu ugurdaky işler toplumlaýyn, ähli düzümleriň – harby we hukuk goraýjy edaralaryň, bilim we saglygy goraýyş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmegi arkaly alnyp barylýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça 1961, 1971 we 1980-nji ýyllardaky konwensiýalarynyň üçüsiniň ählisine, şeýle hem hukuk goraýjy edaralara tehniki taýdan kömek bermek we bularyň işgärlerine tälim bermek boýunça halkara maksatnamalarynyň we taslamalarynyň birnäçesine goşuldy. Türkmenistanyň hökümeti Birleşen Milletlper Guramasynyň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça Müdirligi (UNODC) we Merkezi Aziýadaky beýleki döwletler bilen bilelikde Merkezi Aziýa sebitinde neşe serişdeleriniň ýaýramagyna gözegçilik etmek ugrundaky hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň deňizdäki Döwlet serhediniň goralmagyny güýçlendirmek üçin Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň serhet gulluklarynyň wekilleri bilen bilelikde ysnyşykly işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi soňky döwürde hakykatdan-da, tutuş dünýäde ählumumy howpa öwrülen neşekeşlik bilen bagly meseleleriň diňe bilelikde, tagallalary birleşdirmek hem-de bu nägehana garşy barlyşyksyz göreşmek arkaly çözülip bilinjekdigini görkezdi. Guramaçylykly jenaýatçylykly işiň köp girdejili bu görnüşiniň halkara terrorçylygy we ýaragyň söwdasy bilen berk bagly bolmagy onuň aýratyn howply tarapy bolup durýar.

Ýurdumyzda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalaryna garaşly bolan adamlara kömek bermek boýunça Milli maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biri neşe serişdeleriniň kontrabandasynyň öňüni almakdan, neşekeşligi gijikdirmän ýüze çykarmakdan we bejermekden, şeýle hem onuň öňüni almakdan ybaratdyr. Bu maksatnama möhüm çäreleriň birnäçesiniň amala aşyrylmagyna badalga berdi, şondan öň “Neşe serişdelerine, psihotrop maddalara, prekursorlara we bularyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça çäreler hakynda” Türkmenstanyň Kanuny hem kabul edilipdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ählumumy meselä aýratyn üns bermegi netijesinde, Türkmenistanda düşündiriş – öňüni almak çäreleri has-da işjeňleşdirildi, häzirki wagtda bulara gyzyklanma bildirýän düzümleriň ählisi – hukuk goraýjy, lukmançylyk edaralary, jemgyýetçilik, dini guramalar we bilim edaralary, köpçülikleýin habar beriş edaralary goşuldy.

Ekilmegi gadagan edilen we düzüminde neşe serişdeleri bolan ösümlikleri gözläp tapmak we ýok etmek, ýörite çäreleriň, dessin – gözleg hereketleriniň geçirilmegi netijesinde elden alnan neşe serişdelerini ýok etmek boýunça yzygiderli işleriň amala aşyrylmagy Türkmenistanyň neşekeşlige - adamy geljekden, hünärinden, maşgalasyndan mahrum edip, diňe bir neşekeşiň däl-de, eýsem onuň ýakynlarynyň hem durmuşyny kynlaşdyrmaga ukyply bolan bu zyýanly endige garşy aýgytly göreşýändigini tassyklaýar. Mälim bolşy ýaly, neşe serişdeleriniň aýratyn howplulygy köplenç halatda bularyň täsirine ýaşlaryň, zähmete ukyply adamlaryň düşmeginden ybaratdyr. Bu zyýanly endik şol adamlary kanuny, bagtyýar maşgala durmuşyny bozmaga iterip biler.

Şoňa görä-de adam neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň nämelere getirýändigini çagalygyndan bilmelidir hem-de islendik ýagdaýda dogry çözgütleri kabul edip, paýhasly hereket etmegi başarmalydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sagdyn durmuş ýörelgesiniň ugur edilmegine ýardam berýän maksatnamalaryň işlenip taýýarlanylmagynyň we ornaşdyrylmagynyň şu meseläni çözmegiň ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, adamyň saglygynyň diňe bir onuň özüniň däl-de, döwletiň, ýurduň, ata Watanymyzyň esasy gymmatlygy bolup durýandygy baradaky umumymilli başlangyjyň berkarar edilmegini öňe sürýär.

Jemgyýetiň esasy ünsi ýaşlaryň saglygynyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna, olara islendik ýaramaz endikleri ýazgarmagyň öwredilmegine gönükdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda saglygy berkitmpek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek esasy ugra öwrüldi. Çünki ýaş nesil sporty saýlap almak arkaly, neşesiz sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýär. Şunda şahsyýeti ahlak taýdan terbiýelemegiň, onuň raýat hökmündäki dünýägaraýşyny kemala getirmegiň, jogapkärçiligini artdyrmagyň usuly hökmünde ýaşlaryň we ýetginjekleriň jemgyýete peýdaly zähmete çekilmegini işjeňleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaşlaryň dynç alşyny göwnejaý guramak, munuň üçin oňaýly şertleri döretmek uly ähmiýete eýedir. Türkmen döwletiniň Baştutany sagaldyş we medeni – terbiýeçilik çärelerini geçirmek üçin sport zallaryny we meýdançalaryeny göwnejaý ulanmagyň möhümdigine ýolbaşçylaryň ünsüni çekip, sungatyň we medeniýet edaralarynyň hem wajyp ähmiýetlidigini belleýär, çünki bular adamyň ruhy dünýäsine, onuň düşünjesine we duýgularyna, pikirlenişine we aňyna täsir edýär.

Gynansak-da, ýeňil gazanç etmegiň kül-külüne düşen hem-de neşe serişdeleriniň söwdasy we olaryň kontrabandasy ýaly ýaramaz pişe bilen meşgullanýan adamlar heniz gabat gelýär. Milli Liderimiz bularyň hemmeler tarapyndan näletlenip, ýazgarylmalydygyny, olaryň hakykatdan-da, aklanmaga mynasyp däldigini belledi. Çünki olaryň gijigen ökünji kül bolan ömürleri gaýtaryp bilmez, kimdir biriniň çagalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň we ýakynlarynyň bozulan ykballaryny düzedip bilmez. Hut şoňa görä-de döwlet Baştutanymyz parlamentarileri entek beýnisi bekemedik çagalara, ýetginjeklere, ýaşlara neşekeşligi öwredýänlere garşy ulanylýan jeza çärelerini güýçlendirmäge çagyrdy.

Çünki neşe söwdasyny edýän islendik adam ýaşlary ýa-da ruhy taýdan gowşak adamlary neşe serişdelerini ulanmaga çekip, olara neneňsi zyýan ýetirýändigine aňry ýany bilen düşünýär – hut şeýle görnüşde ruhy we beden taýdan adamyň durmuşy bozulýar. Neşe söwdasyny guraýjylar we oňa gatnaşýanlar ynsansyz, ahlaksyz, ýakynlaryna duýgudaşlyk bildirmeýän adamlardyr.

Neşe serişdeleri adamyň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň düýpli esaslaryny hem-de milletiň ahlak, durmuş, syýasy, ykdysady ýörelgelerini we genofondyny bozmaga ukyplydyr. Şoňa görä-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we neşekeşlige garşy aýgytly göreşmek boýunça döwlet düzümleriniň we raýat jemgyýetiniň institutlarynyň özara arkalaşykly hereket etmeginiň netijeli usulyny döretmegiň zerurlygyny ilkinji nobatdaky wezipeleriň biri hökmünde görkezdi.

Hakykatyna garanyňda, döwlet Baştutanymyz jemgyýetiň XXI asyrda neşekeşlige garşy göreşmegiň hil taýdan täze ideologiýasyny, täze çemeleşmeleri, täze filosofiýany işläp taýýaralmagyň möhümdigine düşünmegini öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy durmagyň çäreleriniň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginiň möhümdigine aýratyn ünsi çekip, neşe serişdelerine garşy durýan görnüşde terbiýelemegiň we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, milli gymmatlyklary wagyz etmegiň zerurdygyny nygtady. Çünki neşe söwdasyny edýänler ýetginjeklere öz täsirini ýetirip, şunda neşe serişdelerine garaşly adamlaryň toparyny emele getirmek üçin edep-terbiýäni pese düşürmek babatda daşary ýurt “tejribesinden” peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti neşekeşlige garşy göreşde milli tagallalary şol nägehanyň biziň topragymyzda ösmegine getirýän şertleriň düýpgöter ýok edilmegine gönükdirýär. Tutuş dünýäde neşekeşlige ilkinji nobatda jemgyýetiň özüniň garşy durmagyny işjeňleşdirmek üçin ata-enelerden, mugallymlardan başlap, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde täsir etmegiň ähli görnüşleri arkaly maglumat berýän we wagyz edýän çäreleri, durmuşa degişli çagyryşlary güýçlendirmek zerur.

Beýleki bir tarapdan bolsa, hukuk goraýjy, sagdyn jemgyýetiň howpsuzlygyna gözegçilik edýän beýleki düzümleriň, döwlet we dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň jogapkärçiligini, neşe söwdasyny edýänlere amala aşyran jenaýatlary üçin jeza çärelerini güýçlendirmek möhümdir.

Şeýlelikde, döwletiň kanunlary we neşekeşligiň öňüni almakda netijeli işlemek neşe serişdeleri bilen bagly jenaýatçylyga garşy umumy göreşimizde üstünligiň gazanylmagyny üpjün eder, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden şol göreşi her bir raýatyň erkin, bagtyýar, parahat we göwnejaý ýaşaýşy, garaşsyz ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrundaky milli hereketdir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter