Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň demokratik ýörelgelerini pugtalandyryp | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň demokratik ýörelgelerini pugtalandyryp

опубликованно 20.01.2015 // 975 - просмотров
 

Häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagy we giňeldilmegi, ýurdumyzyň döwlet-hukuk we jemgyýetçilik ösüşiniň ösüşli başlangyçlaryň we milli maksatnamalaryň iş ýüzünde amal edilmegi, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwlet-häkimiýet edaralarynyň işiniň ýokary netijeliligi häkimiýet bilen halkyň arasyndaky özara düşünişmegi, olaryň özara ynamy we goldawy bilen şertlenendir. Bu bolsa biziň umumy üstünligimiziň girewi bolup durýar. Ýurdumyzyň demokratik saýlaw ulgamy şeýle özara hereketiň esasy bolup hyzmat edýär.

Muňa geçen ýylyň degişli wakalary aýdyň şaýatlyk edýär. Ol wakalar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary üçin örän saldamly boldy. Saýlawlaryň ikisi geçirildi. Olar okruglaryň käbiri boýunça çykyp gidenleriň ýerine Mary welaýatynyň “Kemine” 99-njy okrugynda, “Zarpçy” 103-nji okrugynda, Mejlisiň deputatlygyna we Geňeş agzalarynyň saýlawlary, şeýle hem welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarydyr.

Dalaşgärleri hödürlemeklik raýatlaryň işjeň gatnaşmagynda geçirildi. Muňa köp babatda ýerlerde ýerine ýetirilen guramaçylyk işleri ýardam etdi. Ähli saýlaw okruglarynda bir orna birnäçe dalaşgär hödürlenildi.

Öz okrugyna wekilçilik etmek hukugyna eýe bolmaga syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlaryň toparlary tarapyndan öňe sürlen, watandaşlarymyzyň uly hormatyndan we ynamyndan peýdalanýan iň mynasyp dalaşgärler bäsleşdiler. Şol bäsleşige ilkinji gezek Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler partiýasy gatnaşdy.

Saýlaw möwsüminiň barşynda, dalaşgärler bilen duşuşyklaryň çäklerinde adamlar olaryň hünär we guramaçylyk häsiýetleri, saýlawyň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şol maksatnamalaryň mazmuny milli Liderimiziň Türkmenistanyň has-da gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň bähbidine alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşant goşmaga meýillerinde jemlenýär.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl täze Agrar partiýasy döredildi. Onuň döredilmegi geçirilýän demokratik özgertmeleriň ýolunda ýene-de bir möhüm ädime öwrüldi. Köp partiýaly jemgyýetçilik-syýasy ulgamynyň yzygiderli kemala getirilmegi şol özgertmeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, onuň wekilleri Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky milli synçylar bilen işlemek boýunça toparyň düzümine girizildi. Indiki saýlawlarda bolsa, partiýa öz dalaşgärlerini hödürlemek bilen doly derejede gatnaşyp biler.

Saýlawlar bäsdeşlik ýörelgelerinde açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda başlan ösüşlere beslenen özgertmeleriniň ýoluna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň tassyknamasyna öwrüldi.

Saýlawçylaryň ýokary işjeňligi bellenildi. Saýlaw okruglarynyň ikisi boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara bu okruglaryň çäklerinde ýaşaýan 43 müň 624 adam gatnaşdy. Bu bolsa saýlawçylaryň sanawyna girizilen umumy sanyň 88,68 göterimine deňdir.

Käbir okruglar boýunça Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna 42 müň 707 adam gatnaşdy. Munuň özi saýlawçylaryň umumy sanynyň 87,38 göterimdir. 298 dalaşgärden ýerlerde halk häkimiýetiniň edaralarynyň wekilleriniň 149-sy saýlandy. Şol sanda Ahal welaýatynda – 20, Balkan welaýatynda - 6, Daşoguz welaýatynda - 24, Lebap welaýatynda – 35, Mary welaýatynda - 64 wekiller saýlandy.

Halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary barada aýdylanda, resmi taýdan hasaba alnan dalaşgärleriň 3 müň 524-sinden welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň 240-sy hem-de etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 1480-si saýlandy.

Halkyň saýlanlarynyň bilim we hünär derejesi ýokary -- olaryň köpüsi oba we suw hojalyk pudagynda, ýangyç-energetika toplumynda, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda işleýän ýokary derejeli hünärmenler, syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklarynyň we ýaşlar guramalarynyň işjeňleridir. Olaryň hataryna biziň ýurdumyzda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri girdiler.

Merkezi saýlaw toparynyň ygtyýarynda bar bolan maddy-tehniki binýat, saýlaw toparlarynyň ählisiniň işgärleriniň hereketleriniň dessinligi we ylalaşyklylygy maglumatlary bökdençsiz işlemäge we Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyna ugratmaga mümkinçilik berdi.

Döwletiň wekilçilikli edaralarynyň ählisiniň hakyky demokratiýalylyk esasynda saýlawlylyk ýörelgesi halkyň we häkimiýetiň özara ynamynyň möhüm kepiline öwrüldi, raýatlaryň ýerlerde jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga özleriniň konstitusion hukuklaryndan peýdalanmaklaryny işjeňleşdirmek üçin has oňaýly şertleri döredýär. Öz gezeginde ilatyň giň gatlagynyň döwlet dolandyryş edaralarynyň kemala getirilmegine we işlerine şunuň ýaly gönüden-göni gatnaşmagy olaryň syýasy we hukuk medeniýetiniň ösüşini şertlendirip, jemgyýetiň ýurdy ösdürmegiň esasy wezipelerini çözmekdäki ornuny ýokarlandyrýar.

Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda milli parlamentiň deputatlary bilen geçirilen duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň saýlaw ulgamyna degişli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň Türkmenistanyň Mejlisiniň hemişe üns merkezinde bolmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, toplanan tejribä daýanyp hem-de döwrüň bildirýän talabyna laýyklykda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň kämilleşdirilmeginiň zerurdygy bellenildi.

Bu Kodeksiň düzgünnamalarynyň kämilleşdirilmegi döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda demokratik özgertmeleri çuňlaşdyrmak, dünýäniň öňdebaryjy hem-de saýlawlary geçirmegiň milli tejribelerini nazarda tutup, şeýle hem halkara kadalaryna we bu ugurdaky ülňülere laýyklykda halk häkimiýetliligiň esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak baradaky maksatnamasyny durmuşa geçirmekde nobatdaky wajyp ädime öwrülmegine gönükdirilendir.

Şeýlelik bilen, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň durmuşynyň demokratik esaslaryny maksadalaýyk kämilleşdirmek we pugtalandyrmak ugrunda durmuşa geçirýän ýörelgesi Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde, mähriban halkymyzyň eşretli we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde täze belentliklere ýetmäge gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter