Watanymyzyň täze taryhynda ykbal çözüji sene | TDH
Syýasat habarlary

Watanymyzyň täze taryhynda ykbal çözüji sene

опубликованно 12.02.2019 // 590 - просмотров
 

Şu gün — 12-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň geçirilenine laýyk iki ýyl boldy, şonda watandaşlarymyzyň millionlarçasy özleriniň konstitusion hukugyndan peýdalanyp hem-de raýatlyk borçlaryny berjaý etmek bilen milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ses berip, geljekki 7 ýylda döwlet Baştutany wezipesini ynandylar.

12-nji fewral türkmen halky üçin ykbal çözüji häsiýete eýedir — 2017-nji we 2012-nji ýyllarda şol gün Watanymyzyň iň täze taryhynyň baş ugry kesgitlenildi, bu möhüm işleriň başy 2007-nji ýylyň fewral aýynda türkmen halky ilkinji gezek täze durmuş ugrunda ses berende başlanypdy. Şonda türkmenistanlylar tiz wagtda ýurdumyzy dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykaran ägirt uly özgertmeler üçin hem ses beripdi. Şol döwürde Türkmenistanyň geljegi üçin örän jogapkärli hem-de möhüm çözgüt kabul edildi. Saýlaw möwsüminiň barşynda we onuň jemlerinde jemgyýetimiziň mizemez bitewüligi, milli Liderimiziň ähli başlangyçlarynyň çäksiz ynama we goldawa eýe bolmagy, mundan beýläk-de tutanýerli zähmet çekip, beýik maksatlara ýetmäge taýýarlyk hyjuwy öz beýanyny tapdy.

Şu günki senä gabat gelýän uly ähmiýetli waka Watanymyzyň özygtyýarly ösüş ýolunyň geçilen nobatdaky tapgyryna nazar aýlamaga, onuň şöhratly gazananlaryna we ýeten belent sepgitlerine şaýat bolmaga, ählihalk tarapyndan saýlanylan parasatly syýasatçy hem-de gujur-gaýratly täzeçil Lider, uzakdan görüji syýasy işgär hem-de zehinli alym, meşhur döwlet işgäri we diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylan ägirt uly işlere baha bermäge esas döredýär. Emma milli Liderimiz, ozaly bilen, ata Watanymyzy çäksiz söýýän hem-de mähriban halkymyzyň döredijilik kuwwatyna tutuş durky bilen ynanýan hakyky watançydyr.

Biziň ählimiz milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Türkmenistany okgunly ösýän ýurtlaryň hataryna çykarandygynyň, ygtybarly hyzmatdaş we parahatçylyk dörediji, ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan döwlet hökmünde onuň halkara abraýynyň belende göterilendiginiň şaýady bolduk. Ýurdumyzyň halkara gatnaşyklardaky eýeleýän orny, onda içerki syýasatyň näderejede üstünliklere beslenýändigine, halkymyzyň abadançylyk derejesine, durmuş we demokratik ýörelgeleriň, raýat edaralarynyň netijeliligine baglydyr, hormatly Prezidentimiz jemgyýetimiziň aň-düşünjesiniň ösdürilmegi üçin ähli şertleri döredip, bu düzümleriň kämilleşdirilmegini hemmetaraplaýyn höweslendirýär.

Binýatlaýyn pudaklaryň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy hem-de döwletimiziň durmuş düzümleriniň kämilleşdirilmegi, gadymy türkmen topragynyň keşbiniň bütinleýin özgerdilmegi bilen bir hatarda, iň möhüm üstünlikler durmuş ulgamynda gazanylýar. Olar adamlaryň durmuşynyň hiliniň ýokarlanmagynda, hukuk kepillikleriniň ygtybarlylygynda, ruhy we döredijilik işjeňliginde öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iň öňdebaryjy halkara tejribä hem-de Türkmenistany dünýä syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşmaga gönükdirilen ýurdumyzy ösdürmegiň düýpli täze taslamalaryna we ugurlaryna badalga bermek bilen, ähli özgertmeleri halkymyzyň mynasyp durmuş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirdi, olar maddy abadançylygy we amatly ýaşamagy, jemgyýetimiziň ruhy kämilligini hem-de döredijilik we aň-paýhas taýdan şahsyýetiň öz ukyplaryny doly açmaga mümkinçiliklerini özünde jemleýär.

Hormatly Prezidentimiz täze döwlet taglymatynyň kemala gelmegine aýratyn ähmiýet berýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar onuň baş maksadyna öwrüldi. Halka daýanmak we halkyň bähbidine diýen sözler milli Liderimiziň baş ýörelgesidir.

Pederlerimiziň baý tejribesini özünde jemleýän ruhy gymmatlyklar türkmen jemgyýetinde syýasy medeniýetiň mizemez binýady bolup durýar. Däp-dessurlaryň täze meýiller bilen sazlaşygy, oňyn özgertmeleriň gadymdan gelýän ýörelgeler esasynda dowam etdirilmegi häzirki zaman türkmen syýasy medeniýetiniň mahsus aýratynlyklarydyr, ol hakyky halk demokratiýasyna esaslanýar.

Başgaça aýdylanda, taryhy miras ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagyň hem-de türkmen jemgyýetini ösdürmegiň möhüm serişdeleriniň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli maksatnamalarynda bellenilen täze giňişlikleriň we mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegi hem halkymyzyň taryhy tejribesi, onuň gadymy dünýä garaýyşlary esasynda guraldy.

Biziň hem-de tutuş dünýä bileleşiginiň gözüniň alnynda ägirt uly maksatnamalar durmuşa geçirildi, batyrgaý başlangyçlar, çuňňur syýasy, ykdysady, durmuş özgertmeleri anyk häsiýete eýe bolup, Türkmenistany kuwwatly, gülläp ösýän döwlete öwürdi. Jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, senagat ulgamynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, tarpdan diýen ýaly kemala getirilýän, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleriň döredilmegi we täze eksport giňişlikleriniň açylmagy milli Liderimiziň ähli özgetmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydyr.

Halkara ulag düzümleriniň, gaz geçirijileriniň, awtomobil hem-de demir ýollaryň, deňiz we howa ugurlarynyň, nebiti hem-de gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleriň we beýlekileriň köpugurly ulgamynyň döredilmeginde möhüm ädimler ädildi. Özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi, halk hojalygyny dolandyrmagyň tutuş ulgamynyň düýpli täzeden gurulmagy, bazar gatnaşyklaryň we hususy bölegiň okgunly ösdürilmegi görlüp-eşidilmedik ýokary depgine eýe boldy.

Ýakynda Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze maksatnamasy kabul edildi, onda milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak, bazar gurallarynyň we usullarynyň doly herekete getirilmegi, iň täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, halkara hem-de sebit ähmiýetli iri maýa goýum taslamalarynyň amala aşyrylmagyna döwlete dahylsyz bölegiň goşandynyň artdyrylmagy babatynda giň gerimli meýilnamalar kesgitlenildi.

Bu strategik ähmiýetli resminamanyň kabul edilmegi bilen, milli Liderimiziň köp derejeli özgertmeleri amala aşyrmagyň, halk hojalygynyň we döwleti dolandyrmagyň tutuş ulgamynyň düzümleýin gaýtadan guralmagynyň nobatdaky tapgyry badalga aldy. Önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçilikleriň güýçlendirilmegi, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleriniň artdyrylmagy ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, şolary düýpli gaýtadan işlemegiň hem-de ýokary goşmaça gymmatyň döredilmeginiň hasabyna amala aşyrylar.

Ýedi ýyllyk maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny, telekeçiligiň bu işlere işjeň çekilmegini, hususylaşdyrmak çäreleriniň giňeldilmegini, paýdarlar jemgyýetleriniň döredilmegini, innowasiýa ugurly senagat toplumlarynyň ösdürilmegini talap edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilatyň durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň möhüm ugry biziň tutuş halkymyzyň hem-de her bir raýatyň durmuş abadançylygynyň, hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyna gönükdirilendir hem-de şeýle bolmagynda galýar. Saglygy goraýyş, ylym we bilim, medeniýet ulgamlarynyň hem-de işleriň beýleki görnüşleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak geljekki çäreleriň möhüm ugry hökmünde görkezildi, olar kämil jemgyýetiň kemala gelmegine ýardam eder.

Şolar bilen birlikde, 2019 — 2025-nji ýyllar üçin ýurdumyzyň baş ugry hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe sürlen hem-de halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan düýpli başlangyçlary, şol sanda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça teklipleriniň esasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurdumyzda gazanylan sepgitleri beýan edýär.

Öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçiriljekdigine hiç hili şübhe bolup bilmez, çünki geçen ýyllaryň iş tejribesi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryndan bäri öz Lideriniň daşynda mäkäm jebisleşen türkmen halkynyň iň bir giň gerimli meýilnamalary hem amala aşyrmaga ukyplydygyny görkezdi.

Biziň her birimiziň durmuşymyza oňyn täsirini ýetiren Türkmenistanda gazanylan ýokary netijeler, ýetilen anyk sepgitler, uly üstünlikler ýurdumyzyň raýatlarynyň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz ynamynyň ygtybarly binýady boldy. Bu ýokary wezipede milli Liderimiziň durmuşa geçiren işleriniň netijeleri «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şu ýylyň şygarynyň örän esaslydygyny şertlendirdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter