Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 11.02.2019 // 656 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary we Aşgabat şäherini 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky wezipelere garaldy.

Milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda türkmen paýtagtyny toplumlaýyn esasda ösdürmek wе abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy.

Dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça, baýramçylyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýarlyk çäreleri barada hem habar berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň paýtagtymyzy şähergurluşyk-binagärlik taýdan ösdürmäge, şäher ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilmelidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki durmuş maksatly binalarynyň ýyladylyşy, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilişi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem şäherdäki suw çüwdürimleri, beýleki suw desgalary talabalaýyk derejede işledilmelidir, ýerasty suwlaryň ýagdaýy yzygiderli gözegçilikde saklanmalydyr.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şanly senelere we ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde welaýaty 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça zerur işleriň amala aşyrylýandygy barada habar berildi.

Häkim gowaça ekişine ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işleriniň häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýandygyny nazarda tutup, bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, gowaça ekiljek ýerler, ekiş möwsüminde işlediljek tehnikalaryň hem-de öňde boljak möwsüme gatnaşjak kärendeçi-pagtaçylaryň sanawy kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ahal welaýatyny 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda degişli meýilnamalaryň işlenip taýýarlanylmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, onuň üçin ýer böleklerini bermek hem-de kärendeçileriň alan ýerlerine ideg edişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmak meseleleriniň örän ähmiýetlidigini aýtdy.

Hususan-da, ak ekinlere ideg etmek, ösüş suwuny tutmak, şol bir wagtyň özünde oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Meýilleşdirilen işleriň ýokary agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmagy geljekde bol hasyl alynmagynyň kepili bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gyş paslynyň dowam etmegi bilen baglylykda welaýatda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdeplerdir çagalar baglarynyň talabalaýyk ýyladylyşy, tebigy gaz hem-de elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek meseleleriniň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli künjeklerinde türkmen halky we tutuş sebitiň ýurtlary üçin ähmiýetli bolan Milli bahar baýramyna — Nowruz baýramyna degişli derejede taýýarlyk görmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, öňde boljak ýaz ekişine taýýarlyk çäreleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýaty 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça zerur işler amala aşyrylýar.

Şeýle hem häkim möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, welaýatyň ähli künjeklerinde öňde boljak şanly seneleri guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleri we baýramçylyk çäreleriniň medeni maksatnamasy barada habar berdi.

Milli Liderimiz obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň ähmiýetini belläp, bu babatda welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda zerur bolan ähli işleriň ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy. Hususan-da, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işler agrotehniki kada laýyk derejede ýola goýulmalydyr we bu işlere örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işlere ünsi çekip, ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň talabalaýyk derejede ösdürilip ýetişdirilmelidigini we ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine balkanly daýhanlaryň mynasyp goşant goşmalydygyny belledi. Bu işleriň doly derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda welaýatyň çäklerinde zerur bolan ähli işler amala aşyrylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda Milli bahar baýramyna — Nowruz baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, halkara derejesinde geçirilýän bu baýramyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda zerur tagallalaryň görülmelidigini tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýew alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebiti hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ähli işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ýaz ekişine taýýarlyk bilen bir hatarda, ak ekinlere agrotehniki kada laýyk derejede ideg işlerini yzygiderli alyp barmalydygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ünsi çekdi.

Milli Liderimiz howanyň sowuk günleriniň dowam edýändigini nazarda tutup, durmuş ulgamyna degişli desgalaryň ýyladylyşyny, ilatyň tebigy gaz, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde öňde boljak baýramçylyk çärelerini guramaçylykly geçirmek işlerine degişli derejede taýýarlyk görülmelidir.

Sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahatynyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkimi 450 orunlyk köpugurly hassahananyň, şeýle hem 150 orunlyk onkologiýa kesellerini bejeriş hassahanasynyň gurluşygynyň taslamalary barada hasabat berip, hormatly Prezidentimize täze desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi.

Milli Liderimiz birnäçe bellikleri aýdyp we degişli düzedişleri girizip, gurluşyk işleriniň talabalaýyk derejede we bildirilýän talaplara laýyklykda alnyp barylmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şol bir wagtyň özünde sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowy hem-de ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowy çagyryp, gurulmagy meýilleşdirilýän hassahanalaryň «Daşoguz welaýatyny 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda» möhüm orun eýeländigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere döwrebap hassahanalary döretmek meselelerini içgin öwrenmegi tabşyrdy, bu hassahanalaryň işe girizilmegi diňe bir welaýatyň ilatynyň däl, eýsem, tutuş sebitde ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm ähmiýeti bolar. Göz öňünde tutulan işleriň ýerine ýetirilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we onuň oňyn netijelere eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýygjam gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ähmiýet berilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Bu ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy bejeriş ulgamyna häzirki zaman usullaryny we täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleri hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de ministre anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz degişli abraýly düzümler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna degişli hünärmenleriň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitinde jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamlarynda umumy taýýarlygyň hem-de täsir etmegiň derejesini ýokarlandyrmak boýunça hereketleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlanyp geçiriljek ýokary derejedäki tehniki maslahata we ministrler maslahatyna hem-de saglygy goramak we lukmançylyk syýahatçylygy boýunça «Medical Korea — 2019»

10-njy halkara maslahata gatnaşmagynyň zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle maslahatlaryň bu ugurda öňdebaryjy tejribäni alyşmak üçin netijeli gural bolup durýandygyny nygtap, ministre birnäçe görkezmeleri berdi.

Sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim Lebap welaýatyny 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan ähli işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin edilýän tagallalar barada hasabat berdi. Welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri bilen bir hatarda, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginini güýçlendirmek, olary bellenilen möhletinde ýokary hil derejesinde ulanmaga bermek üçin zerur tagallalar edilýär.

Ekinlere talabalaýyk ideg etmek, gowaça ekişine taýýarlyk görmek, kärendeçilere ýer böleklerini bölüp bermek hasabatyň esasy meseleleri boldy. Şeýle hem öňde boljak dabaralaryň medeni maksatnamasyny taýýarlamak barada guramaçylyk işleri hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ak ekinlere edilýän ideg işleriniň, gowaça ekişine taýýarlyk çäreleriniň depginini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň görülmelidigini belledi. Ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, hasyllylygy ýokarlandyrmak we ekerançylygy ösdürmäge öňdebaryjy ylmy usullary ornaşdyrmak meseleleri möhümdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýaty 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň häzirki günlerde alnyp barylýan işleriň depginine we netijeli häsiýete eýe bolmagyna baglydygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz howanyň sowuk günleriniň dowam edýän pursatlarynda welaýatyň çäklerinde bar bolan durmuş ulgamyna degişli ähli binalaryň ýyladylyşynyň, ilatyň tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişiniň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz sanly göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy. Häkim häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri we beýleki çäreler barada hasabat berdi. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ak ekinlere ideg etmek işleri bilen bir hatarda, ýaz ekişine görülýän taýýarlyk çärelerine giň gerim berildi. Bu babatda ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri guramaçylykly dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň derejesine ünsi çekip, welaýatyň oba hojalygynda ýerine ýetirilýän işleri has-da kämilleşdirmek, oňa häzirki zaman ylmy işläp taýýarlamalary netijeli ornaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şu günlerki ýerine ýetirilýän agrotehniki çäreler geljekki bol hasylyň girewidir.

Milli Liderimiz welaýatyň ähli çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdeplerdir çagalar baglarynyň ýyladylyşynyň, ilatyň tebigy gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün edilişiniň hemişe gözegçilikde saklanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler barada hasabat berdi. Ýaz-meýdan işlerine guramaçylykly girişmek boýunça taýýarlyk işleri, ekin meýdanlarynda talabalaýyk agrotehniki çäreleri geçirmek meseleleri aýratyn üns merkezinde saklanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumyndaky işleriň ýagdaýyna ünsi çekip, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gowaça ekişini wagtynda geçirmek, bugdaýa degişli derejede ideg etmek bilen baglanyşykly wezipeleriň gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 11 — 14-nji fewralynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna ugradylýandygyny belledi. Milli Liderimiz öňde boljak forumyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilen hökümetara resminamalaryň taslamalaryny makullap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça ony wise-premýere ugratdy. Ikitaraplaýyn şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek resminamalaryň hatarynda dürli oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün etmek ulgamynda özara hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, suw hojalygy ulgamy we beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri taýýarlamak we okatmak barada özara hyzmatdaşlyk hakynda ähtnamalar bar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa bilen söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň möhümdigini nygtap, innowasiýa ösüşi ugur edinýän Türkmenistanyň nemes kompaniýalarynyň iň gowy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge ýokary gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylýan oba hojalyk tehnikalaryny satyn almak hem-de bu ugurda iki ýurduň degişli düzümleriniň hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak işleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.

Bu ugurda alnyp barylýan işlerde suw tygşytlaýjy oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki ýörite enjamlaryň netijeli ulanylmagy esasy wezipeleriň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra sanly aragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer öňdebaryjy halkara maliýe düzümleri, şol sanda Yslam ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hakynda habar berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşi we uzak möhletleýin bähbitleri nukdaýnazaryndan bar bolan meseleleriň häzirki döwürde oňyn çözülmegi ösüş strategiýasynyň möhüm ugrudygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli pudaklaryň ýokary ösüş depginini saklamagyň, maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, özümizde öndürilýän önümleriň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak ykdysady toplumyň edaralarynyň baş wezipesidigini belläp, wise-premýere kesgitlenen çäreleriň degişli derejede guralmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, Yslam ösüş banky bilen Türkmenistany köpýyllyk netijeli gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Ulag, ykdysadyýet, saglygy goraýyş, bilim ugurlarynda, şol sanda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň gurluşygynyň taslamasy ýaly milli we halkara ähmiýetli taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Yslam ösüş bankynyň arasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygyny belläp, ýurdumyzyň bu öňdebaryjy bank bilen mundan beýläk-de özara gatnaşyklary berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Milli Liderimiz degişli resminama gol çekip we ony sanly elektron dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere ugradyp, bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra sanly aragatnaşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çagyryldy. Wise-premýer ýurdumyzyň DIM-nde we daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Şu döwürde birnäçe daşary döwletleriň we abraýly halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklar geçirildi. Şolaryň dowamynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary derejede geçirilen forumlarda öňe sürlen başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreler guraldy.

Milli Liderimiz Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, dünýä bileleşiginiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işlere işjeň ýardam berýändigini we ähli ýurtlar bilen deňhukuklylyk, özara peýdaly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidilmegine we ösdürilmegine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz möhüm ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly güýjünde herekete girizmek maksady bilen, yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň täze çemeleşmelerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek bilen, Türkmenistan mundan beýläk-de ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryna mynasyp goşant goşar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna Daşary işler ministrliginiň we ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarynyň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmek babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra birinji Hazar ykdysady forumyna taýýarlyk boýunça Guramaçylyk komitetiniň mejlisiniň jemleri barada hasabat berildi. Forum bu sebitde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmagyň möhüm bölegi bolup durýar.

Şeýle hem iş maslahatynyň çäklerinde şu ýylyň mart aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda indi ýedinji gezek geçirilýän «Hazar deňzi — durnukly ösüş we netijeli dolandyrmak» atly sebit maslahatyny guramagyň meseleleri barada habar berildi. Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça Döwlet kärhanasynyň Halkara okeanlar instituty bilen bilelikde guraýan her ýyllyk forumyna Hazarýaka döwletleriniň hünärmenleri gatnaşar.

Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Sebitara we halkara hyzmatdaşlygy meselesinde möhüm orun eýeleýän ýurdumyz bu sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we giň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, Hazarýaka döwletleriniň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny berkitmek işine mynasyp goşant goşýar.

Öňde boljak birinji Hazar ykdysady forumyna biziň ýurtlarymyzyň gatnaşyklarynyň täze taryhynda strategik häsiýetli wakalaryň başlangyjyna öwrüler. Ol Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda geçirilen V sammitinde gol çekilen Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky möhüm halkara-hukuk resminamasy bolan Konwensiýanyň işe girizilmegi bilen şertlendirilýär.

Işewür duşuşygyň gün tertibine Hazarýaka döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň geljekki ugurlarynyň esasyny düzýän wajyp meseleleri girizmek göz öňünde tutulýar. Bu forumda söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şol sanda dürli ugurlarda iri maýa goýum taslamalaryny taýýarlamak we olary durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod serişdeleriniň baý ýataklary we beýleki serişdeler, amatly howa ýagdaýy Hazar deňziniň gurşawynyň Ýewraziýa giňişliginde sazlaşykly ösýän senagat, ulag we şypahana merkezine öwrülmegini üpjün etdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ýerde Hazaryň ekologiýa howpsuzlygynyň bitewi we pugta ulgamyny döretmek babatda ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň ähmiýetiniň artýandygyny belläp, milli Liderimiz her ýylda geçirilýän sebitleýin maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýeriň, DIM-niň ýolbaşçysynyň hasabaty şu ýylyň 8-nji fewralynda Tunis Respublikasyna guralan iş saparynyň netijeleri barada boldy. Bellenilişi ýaly, şol ýurduň baştutany Beji Kaid Es Sebsi bilen bolan duşuşygyň dowamynda ol halkara derejesinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge yzygiderli tagalla edýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormatyň nyşany hökmünde hoşallyk sözlerini aýtdy. Tunis BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň öňe sürýän durnukly ulag ulgamy babatda hyzmatdaşlyk, birnäçe, şol sanda öňüni alyş diplomatiýasynyň we köpçülikleýin sporty ösdürmegiň orny babatdaky başlangyçlary boýunça Milletler Bileleşiginiň biragyzdan kabul eden Kararnamalarynyň awtordaşy bolup durýar.

Şeýle hem söwda-ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berlendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Tunisiň Prezidenti hökümet we ministrleriň derejesindäki wekiliýetleriň saparlaryny guramagy, bilelikdäki iş toparlaryny döretmegi teklip etdi. Bu işler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilmelidir.

Iş saparynyň çäklerinde dostlukly döwletiň daşary syýasat edarasynda we Ösüş ministrliginde maýa goýum hem-de halkara hyzmatdaşlygy boýunça gepleşikler geçirildi. Şolaryň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maýa goýum işi, senagatlaşdyrmak, söwda, oba hojalygy ugurlarynda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitlendi. Şunuň bilen baglylykda, işewürlik wekiliýetlerini alyşmak, bilelikdäki forumlary guramak, Türkmenistanda we Tunisde geçirilýän halkara maslahatlaryna, sergilere we ýarmarkalara gatnaşmak babatda ylalaşyklar gazanyldy.

Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Tunis Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Tunisiň Diplomatik bilim we ylmy-barlag institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Şeýle hem maýa goýum we salgyt ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary kadalaşdyrýan şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmek hakynda ylalaşyk gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen ýygjam we köpugurly gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi. Dünýäniň döwletleri bilen özara düşünişmek we ynanyşmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlyk dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegiň möhüm şerti bolup durýar hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmaga mümkinçilik berýär.

Döwlet Baştutanymyz Afrika Bileleşiginiň ýurtlary, şol sanda Tunis Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmegiň ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň wekiliýetiniň dostlukly ýurda bolan iş saparynyň jemlerine kanagatlanma bildirip, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary bilen geçýän ýylda berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter