Türkmenistan gyşky Awstriýany güneşli myhmansöýerligi bilen maýyl etdi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan gyşky Awstriýany güneşli myhmansöýerligi bilen maýyl etdi

опубликованно 25.01.2015 // 869 - просмотров
 

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Awstriýanyň paýtagtynda guralan “Ferien-Messe Wien” atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy täze işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we özüne çekiji teklipleriň alşylmagyna beslendi. Her ýylyň ýanwar aýynda geçirilýän bu sergi Wenada dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan dynç alyş we syýahatçylyk senagatynyň ussatlaryny ýygnady. Olaryň ekspozisiýalarynyň arasynda biziň milli diwarlygymyzyň dünýä syýahatçylygynyň däbe öwrülen brentleri bilen bäsleşmäge ukyply täze gyzykly ugry bilen Awstriýanyň köpçüliginiň ünsüni özüne çekdi.

Türkmenistanyň sergi konsepsiýasynda sport ugurly we ekologik syýahatçylyga aýratyn üns berildi. Braziliýanyň ajaýyp kenar ýakasynyň, täze Zelandiýanyň tebigatynyň, Gyzyl deňziň suwasty gaýalarynyň, Gimalaýlaryň gara bürenen belentlikleriniň we ýer ýüzüniň başga-da gözel künjekleriniň hatarynda Türkmenistanyň ajaýyp tebigy gözellikleri ýewropaly syýahatçylar üçin köpugurly täzelik boldy. Syýahatçylygyň muşdaklary täze täsirleri gözleýärler we biziň güneşli ülkämiziň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen gyşky Wenada tanyşdyrylmagy olar üçin garaşylmadyk açylyş boldy.

Türkmen toparynyň syýahatçylyk ýerleri hakynda mahabat-öwreniş taslamalarynyň müňlerçesi dürli öwüşginli suratlara we banerlere, biziň diwarlygymyzyň monitorlarynda wideo filmlere, milli lybaslara we onuň ähli taraplardan ýagýan sowallara ýadaman jogap berýän wekilleriniň mährine maýyl bolan sergä gelenler tarapyndan soňky nusgasyna çenli alyndy.

Olary ähli zatlar gyzyklandyrýardy: diňe gezelençleri guramak we wizalary resmileşdirmek, ugurlar we hyzmatlar däl-de, eýsem, ýurdumyzdaky durmuş-ykdysady ýagdaý, onuň syýasy durnuklylygy hem olarda uly gyzyklanma döretdi. Sebäbi häzirki zamanyň syýahatçylary üçin bu mesele diňe gyzyklanma döretmek bilen hem çäklenmän, eýsem, syýahat etjek ýeriňi saýlap almak üçin uly ähmiýete eýe bolup durýar. Şu nukdaýnazaryndan awstriýalylar Türkmenistana parahatçylygyň we asudalygyň ülkesi hökmünde baha berip, biziň ýurdumyzy has ýakyndan tanamaga, onuň diňe baý taryhy mirasy bilen tanyşmaga däl-de, eýsem, özboluşly gadymy medeni däpleri we myhmansöýerligi bilen tanalýan halkyň häzirki durmuşyny öz gözleri bilen görmäge uly isleg bildirdiler.

Türkmen wekilleriniň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen syýahatçylyk düzümini yzygiderli ösdürmek, kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler öz gowy netijelerini hem berýär. Döwrebap myhmanhanalaryň sany artýar, syýahatçylyk toplumlary döwrebaplaşdyrylýar, dünýä derejesindäki "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy uly meşhurlyga eýe bolýar. Ýurdumyzda syýahatçylygyň ekologik, bejeriş-sagaldyş, folklor-etnografiki, taryhy-binagärlik, medeni-öwreniş we beýleki görnüşleri giňden ösdi.

Serginiň myhmanlaryna gadymy binagärligiň görnükli ýadygärlikleriniň müňlerçesini—köşkleri we galalary, kümmetleri we metjitleri, medreseleri we binalary, şäherleri we kerwensaraýlary öz içine alýan Türkmenistanyň taryhy mirasy hakynda gürrüň berildi. Tebigatyň baýlygy we köpdürlüligini, senetçiligiň asyrlarboýy dowam edip gelýän däpleri, türkmen halkynyň dostlugy we myhmansöýerligi, milli türkmen tagamlary—bularyň hemmesi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleriniň üstüne ýetirýär we baýlaşdyrýar.

Häzir biziň ýurdumyzyň taryhy şäherlerine syýahatçylyk ugurlary medeni saparlar babatda uly gyzyklanma döredýär. Munuň şeýledigine ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna girizilen Gadymy Merwe, Nusaýa, Köneürgenje baryp görmek isleýän ýewropalylaryň ýylsaýyn artýan sany hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmen diwarlygy diňe syýahatçylarda däl-de, eýsem, syýahatçylyk ulgamynyň bilermenlerinde, hünärmenlerinde, mahabat agentliklerinde we marketing guramalarynda, dürli ýurtlaryň syýahatçylyk operatorlarynda, ýöriteleşdirilen neşirlerde uly gyzyklanma döretdi. Şu ýerde bir zady bellemek gerek, ol hem Awstriýa sergisinde ýewropaly blogerleriň türkmen ugruna aýratyn gyzyklanma bildirmegidir. Sebäbi, syýahatçylyk pudagynyň jebisleşmeginiň şertlerinde internet syýahatçylyk önümleriniň amala aşyrylmagyna uly täsirini ýetirýär. Şonuň üçin bize syýahatçylyk işini öňe sürülýän, şol sanda internet bileleşigi tarapyndan öňe sürýän täze şertlere we talaplara uýgunlaşdyrmak zerur bolup durýar.

Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri göni gatnaşyklary ýola goýmak meseleleri boýunça duşuşyklaryň we gepleşikleriň onlarçasyny geçirdiler. Käbir ýagdaýlarda olaryň resmileşdirililen gezekleri hem boldy. Ynha, mysal üçin, “Aşgabatsyýahat” döwlet kärhanasynyň we Awstriýanyň “Ganesha Reisen” kompaniýasy duşuşygyň jemleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda şertnama gol çekdiler. Şeýle hem “Pereghy Reisen” kompaniýasy bilen Ýewropadan Hytaýa çenli Türkmenistanyň üsti bilen syýahatçylyk ugrunyň bilelikdäki taslamasyny amala aşyrmagyň mümkinçiligine garaldy.

“Travelana” horwat kompaniýasynyň we “Flora Tour” slowen kompaniýasynyň wekilleri hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmasyna uly gyzyklanma bildirdiler. Olaryň belleýşi ýaly, Türkmenistan ýewropaly jahankeşdeleri ozaly bilen ajaýyp binagärlik we taryhy ýadygärlikleri—orta asyr binagärliginiň merjenleri, ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsi, medeniýeti, baý halk däp-dessurlary bilen özüne çekýär.

Häzirki zamanyň syýahatçylary myhmanhana hyzmatlarynyň derejesine, ulag hyzmatlaryna, naharlara, ýol beletleriň we terjimeçileriň hyzmatlaryna uly ähmiýet berýärler. Bu zatlaryň hemmesi biziň ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamynda halkara ülňülerine gadat geýlän derejede ýola goýuldy. Bu bolsa dünýäniň köp ýurtlarynyň syýahatçylyk operatorlarynyň türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge ymtylmagyny şertlendirdi.

“Ferien-Messe Wien-2015” atly serginiň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Germaniýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Iordaniýanyň, Afrika ýurtlarynyň, Türkiýäniň, Eýranyň, Moldawiýanyň, Ermenistanyň we beýlekileriň syýahatçylyk ulgamlarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirdiler. Häzir Wena sergisiniň barşynda ýola goýlan gatnaşyklar iş tertibinde dowam edýär, Ýewropa kompaniýalarynyň, şeýle hem dürli ýurtlarda syýahatçylyk barada habarlary çap edýän žurnallaryň birnäçesiniň wekilleri bilen gepleşikler alnyp barylýar.

Şonuň üçin Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri üçin halkara derejesindäki işewür aragatnaşyga öwrülen Wena “dynç alyş günleri” (Serginiň adynda Ferien sözi şeýle terjime edilýär) örän oňat başlangyçlara öwrüldi. Olaryň netijeleriniň bolsa biziň ýurdumyzyň syýahatçylygyň dünýä ulgamyna giňden goşulmagyna beslenjekdigine garaşylýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter