Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy | TDH
Ykdysadyýet

Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy

опубликованно 10.02.2019 // 473 - просмотров
 

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde häzirki zaman ölçeglerine kybap derejede gurlup, ulanmaga berlen ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara ýurdumyzyň Mejlisiniň deputaty, Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary Serdar Berdimuhamedow, milli parlamentiň deputatlary, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Ahal welaýatynyň jemgyýetçilik guramalarynyň, şäherdir etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaraly çäreleriň çäklerinde welaýatyň ýyladyşhana toplumlarynda ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa azyk önümleriniň dürli görnüşleriniň sergisi guraldy.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda sazlaşykly ösüşleriň gazanylýandygyny aýratyn nygtadylar. Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň ösdürilmegine, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýygnananlar halkymyzyň durmuş üpjünçiliginiň yzygiderli gowulandyrylmagy ugrunda tagalla edýän milli Liderimize alkyş sözleri aýdyp, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar. Artistleriň we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Ulanmaga berilýän ýyladyşhanalary «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň buýurmasy esasynda «Eziz doganlar» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri gurdular. Toplumyň umumy meýdany 10 gektara barabardyr. Bu ýerde esasan pomidorlaryň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilýän pomidorlar özüniň hili we hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Bir gektar meýdandan möwsümiň dowamynda 200 — 250 tonna hasyl almak mümkinçiligi bar. Munuň özi pudaga täzeçil tehnologiýalaryň we öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylýandygynyň aýdyň netijesi bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter