“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly žurnalyň täze sany | TDH
Jemgyýet

“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly žurnalyň täze sany

опубликованно 29.01.2015 // 936 - просмотров
 

“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşyndaky möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany neşir edildi.

Žurnaldaky makalalar adaty sözbaşylar bilen, wakalaryň bolup geçen wagtyna görä ýerleşdirilip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary döwletleriň ýokary wezipeli ýolbaşçylary bilen geçiren köpsanly duşuşyklar we gepleşikler barada gürrüň berilýär. Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň örän netijeli bolup, möhüm ähmiýetli ylalaşyklaryň baglaşylmagy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň, ählumumy rowaçlygyň we abadançylygyň bähbitleri üçin gyzyklanma bildirilýän halkara gepleşigine ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

2014-nji ýylyň oktýabrynyň başynda belorussiýaly kärdeşi Aleksandr Lukaşenkonyň çakylygy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynda resmi saparda boldy, şonda netijeli gepleşikler geçirildi. Bu gepleşikler dostlukly ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyny ugur edinýändigini äşgär etdi.

Belorusyň paýtagtynda Türkmennistanyň Ilçihanasynyň binasynyň düýbüniň tutulmagy mizemez türkmen-belarus dostlugynyň ajaýyp nyşanlarynyň birine öwrüldi. Şol dabara gatnaşan iki döwletiň Baştutanlary bu şanly wakanyň doganlyk halklaryň ruhy taýdan has-da ýakynlaşmagyna, döwletara hyzmatdaşlygynyň täze, has ýokary derejä ýetirilmegine badalga berjekdigine ynam bildirdiler.

Resmi saparyň maksatnama tamamlanandan soňra, 10-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň Minsk şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşdy. Türkmenistan öz Bitaraplyk döwlet derejesine laýyklykda GDA-nyň assosiirlenen agzasy bolmak bilen, şu ýyllarda Arkalaşygyň işlerine gatnaşyp, özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus garaýyşlar arkaly çykyş edip, bu hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerinden ählumumy bähbitler üçin peýdalanmagyň möhümdigine eýerýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan belent maksatlara üstünlikli ýetmekde diňe bir ýurtda däl-de, sebitde parahatçylygyň we asudalygyň bolmagynyň möhüm ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny belläp, ýakyn goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň we özara ynamly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna içgin üns berýär.

Dostlukly döwletleriň birnäçesiniň Baştutanlarynyň – Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowyň (23-24-nji oktýabr), Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň (6-7-nji noýabr), Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň (10-11-nji noýabr) Türkmenistana resmi saparlary bu ýagdaýlary dolulygyna äşgär etdi.

Şol duşuşyklaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ähmiýetli ylalaşyklara sebitdäki doganlyk halklary irki döwürlerden bäri baglanyşdyrýan taryhy taýdan umumylyga, mizemez dostukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmegiň ýolundaky möhüm ädim hökmünde baha bermek bolar.

2014-nji ýylyň soňky aýlarynda Şweýsariýa konfederasiýasynyň Prezidenti Didýe Burkhalteriň, şeýle hem dostlukly ýurtlaryň hökümetleriniň baştutanlarynyň – Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Matteo Rensiniň we Horwatiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Zoran Milanowiçiň saparlary Ýewropa Bileleşiginiň agzalary bolup durýan ýurtlar tarapyndan ýurdumyza bildirilýän islegiň artýandygyny aýdyň görkezdi.

Geçirilen gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary barada jikme-jik pikir alşyldy. Şol gepleşikleriň netijeleri köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gepleşigiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin göwnejaý binýat döretdi.

Žurnalyň sahypalarynda 21-nji noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet baştutanlarynyň Geňeşiniň Aşgabatda geçirilen mejlisi barada giňden beýan edilýär. Bu mejlisiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow söz sözledi. Ýeri gelende aýtsak, bu forumyň öňüsyrasynda türkmen döwletiniň Baştutany GDA ýurtlarynyň birnäçesiniň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem GDA-nyň Ýerine Ýetiriji Komitetiniň Başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

28-nji noýabrda türkmen paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň hem-de Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetleriniň arasynda Okeaniýa ýurtlarynyň 17-siniň Aziada -2017 gatnaşmagy baradaky Ähtnama gol çekilmegi geçen ýyldaky möhüm waka öwrüldi. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda sportuň 19 sany görnüşi boýunça bäsleşikler geçiriler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça şol oýunlaryň maksatnamasyna sportuň ýene-de iki görnüşi – atçylyk sporty (konkur) we türkmen milli göreşi goşuldy.

Geçen ýylyň dekabrynyň başynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistana resmi sapary doganlyga we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ruhda ösdürilýän dostlukly türkmen-gazak gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypa bolup ýazyldy.

Şu sapara gabatlanyp, halkara ähmiýetli täze “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” demir ýolunyň açylyş dabarasy boldy. Bu dabara şol giň gerimli taslama gatnaşýan döwletleriň üçüsiniň baştutanlary -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhani gatnaşdylar.

Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeldilmegine gönükdirilen täze ulag geçelgesini gurmak baradaky başlangyjyň öňe sürülmegine we durmuşa geçirilmegine dünýä bileleşigi tarapyndan häzirki döwrüň beýik syýasatçysy we döwlet işgäri diýlip ykrar edilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli we açyk syýasatynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagy hökmünde baha berildi.

9-njy dekabrda Aşgabatda Energetiki Hartiýanyň “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly forumyň guralmagy geçen ýyldaky möhüm ähmiýetli waka bolandygyna söz ýok. Şeýle ýokary derejedäki duşuşygyň guralmagy türkmen döwletiniň Baştutanynyň energetika boýunça halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna, dünýäde energetikanyň ösüşine degişli derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin göwnejaý ýagdaýyň döredilmegine, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça we dünýäniň onlarça ýurtlarynyň awtordaş bolup çykyş etmeginde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen degişli Rezolýusiýany iş ýüzünde amala aşyrmak bilen baglylykda, ählumumy yzygiderli ösüşde möhüm ähmiýetli ýagdaý hökmünde ählumumy energetiki howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen ýene-de bir wajyp başlangyjyna öwrüldi.

Dekabryň ortasynda Türkmenistana Gruziýanyň Prezidenti Giorgiý Margwelaşwili ilkinji resmi sapar bilen geldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary diwersifikasiýa etmek üçin bar bolan mümkinçilikleri göz öňünde tutmak arkaly, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Bir söz bilen aýdanyňda, “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly žurnalyň şu sanynda beýan edilen ýokary derejedäki duşuşyklar häzirki döwürde halkara bileleşiginiň sebit we ählumumy derejelerde parahatçylygy, howpsuzlygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmek ugrunda öz tagallalaryny gaýgyrmaýan Türkmenistan babatda bildirýän gyzyklanmasynyň barha artýandygyny äşgär edýär.

Hut Türkmenistanyň häzirki döwürde möhüm ähmiýetli meseleleri çözmegiň oňaýly, oýlanyşykly ýollaryny gözläp tapmakda öňe sürýän işjeň garaýyşlary iri halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaş döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine badalga berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde kabul edilen "Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň durnukly ösüş ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekdäki orny” hakyndaky Rezolýusiýanyň hemmeler tarapyndan oňlanmagy şeýle hyzmatdaşlygyň netijelidigini aýdyň görkezýär. Žurnalda döwletimiziň durmuşyndaky bu möhüm waka bagyşlanyp: “Ulag-üstaşyr geçelgeleriniň halkara düzümlerini ösdürmek: netijeli hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri” atly ýörite makala ýerleşdirildi.

Şunda 66 sany ýurduň BMG-niň Baş Assambleýasynyň yzygiderli ýetirmek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygyň möhümdigi baradaky başlangyjy resmi tertipde berkiden bu ilkinji möhüm resminamanyň awtordaşlary bolup çykyş etmeginiň Türkmenistana we milli Liderimize uly hormat goýulmagynyň nyşanyna hem-de ulag boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleriniň derwaýysdygyna we çözülmelidigine çuňňur düşünilýändigini görkezýän subutnama öwrüldi.

Halkara žurnalyndaky makalalaryň arasynda däp boýunça, ýokary wezipeli daşary ýurtly myhmanlar bilen söhbetdeşlikler ýerleşdirilýär. Geçen ýylyň noýabrynyň başynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ukrainanyň daşary işler ministri Pawel Klimkin öz ýurdunyň Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine Merkezi Aziýada Ukrainanyň daşary syýasy we daşary ykdysady işlerinde ileri tutulýan ugur hökmünde garaýandygyny hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde syýasy gepleşigiň saklanmagyna gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Koreýa Respublikasynyň Bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk boýunça komitetiniň agzasy Ahn Gong Jun giň gerimli döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Žanyş Rustenbekowyň “Ilçiniň sahypasy” atly sözbaşy bilen çap edilen makalasy uzak möhletleýin we özara peýdaly esasda guralýan hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin oňaýly mümkinçilikleriň döreýändigine bagyşlanýar. Diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bişkekde Türkmenistanyň Ilçihanasyny açmak baradaky ýörite Permanynyň möhüm ähmiýetlidigini aýratyn belläp, onuň dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine badalga berjekdigini aýtdy. Diplomat geçen ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýewiň Türkmenistana ilkinji resmi saparynyň bolandygyny hem-de bu saparyň häzirki döwürde täzeden badalga
berlen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde öňe gidişlige öwrülendigini belledi.

“Energetika diplomatiýasy” atly sözbaşy bilen çap edilen makalada Günbatar ýurtlarynyň energetika syýasatynyň häsiýetli alamatlary seljerilýär we ylmy taýdan deňeşdirilýär. Saýlanyp alnan meseläniň örän möhümdigini göz öňünde tutanyňda, bu makalanyň diňe bir hünärmenleriň arasynda däl-de, beýleki okyjylarda-da uly gyzyklanma döretjekdigine söz ýok.

Mälim bolşy ýaly Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň möhümdigi göz öňünde tutup, häzirki wagtda ýokary bilimli, döredijilikli pikirlenýän hem-de geljekde ata Watanymyzyň ösüşine we rowaçlygyna mynasyp goşandyny goşmaga ukyply ýaşlaryň terbiýelenmegine we taýýarlanmagyna aýratyn üns berilýär. “Ýaşlar – türkmen diplomatiýasynyň geljegi” atly makalada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geljegine uly umyt baglanýan ýaş işgärleri taýýarlamak, olaryň hünär we dil babatdaky endiklerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işi barada gürrüň berilýär.

Şanly senäniň – Türkmenistanyň hemişelik bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda häzirki döwre mahsus şertlerde bitaraplyk institutynyň ähmiýetine degişli makalalara içgin üns berilýär. “Bitaraplygyň geosyýasaty: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň strategiýasy hereketde” atly makalada halkara bileleşiginiň Türkmenistanyň türkmen halkynyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan Bitaraplygynyň parahatçylygy goramak we özara düşünişmek, dünýäde döreýän ähli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak arkaly parahatçylykly çözmek boýunça netijeli usul hökmünde uly ähmiýete eýedigine has doly göz ýetirýändigi bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanan makalada raýat jemgyýetiniň ösdürilmegine öz täsirini ýetirýän ýerli öz-özüňi dolandyryşy ösdürmek boýunça toplanan halkara tejribesi hakynda gürrüň berilýär.

“Diplomatik durmuşyň ýyl ýazgysy” atly adaty sözbaşy bilen, geçen ýylyň oktýabr –dekabr aýlarynda geçirilen maslahatlar, brifingler, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeler, hökümetara toparlarynyň mejlisleri, ýurdumyzda we daşary döwletlerde dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekiliýetleri we iri halkara guramalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar we gepleşikler barada gürrüň berilýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter