Döwlet we jemgyýet: ileri tutulýan ugurlaryň esasynda | TDH
Jemgyýet

Döwlet we jemgyýet: ileri tutulýan ugurlaryň esasynda

опубликованно 03.02.2015 // 901 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwi tarapyndan neşir edilýän “Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-taglymat žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taglymatyny we syýasatyny, köpgyraňly we önjeýli döwlet işini düýpli we hemmetaraplaýyn açyp görkezýän maglumat beriji — seljeriji we aň-bilim makalalary çap edilýär. Şeýle hem žurnalyň sahypalarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş-ykdysady hem-de jemgyýetçilik-syýasy ösüşi, şeýle hem daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda gazanýan üstünlikleri giňden beýan edilýär. Her ýyl çykýan žurnalda ýurdumyzda bolup geçýän oňyn ýagdaýlara, giň gerimli özgertmeleriň batly depginlerine täsir edýän wakalaryň we hadysalaryň düýp özenini we häsiýetlerini açyp görkezmäge, hemmetaraplaýyn ösüşiň we faktorlaryň meýilleriniň ýüze çykarylmagyna aýratyn ünsüň berilýändigi bellärliklidir.

Neşiriň nobatdaky sany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda ýurdumyzda we tutuş dünýäde giňden bellenilen türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly ynsan kalbynyň ruhy melhemidir” atly makalasy bilen açylýar. Onda milli Liderimiziň medeni-ruhy gymmatlyklaryň bütindünýä genji-hazynasyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň durmuşy, döredijiligi we pelsepewi garaýyşlary hakyndaky pikirleri beýan edilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň düýp özenini, türkmen döwletini we jemgyýetini kämilleşdirmegiň häzirki zaman tejribesini, halkymyzyň ruhy galkynyşyny we döredijilik ylhamyny şöhlelendirýän makalalar žurnalda esasy orny eýeledi. Ýurdumyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna çykaran oňyn özgertmeleri we ägirt uly özgertmeleri halk bilen bilelikde amala aşyrýan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze taryhy eýýamy dörediji hökmündäki görnükli taglymaty, guramaçylygy we ýolbaşçylygy çuňňur, aýdyň we ynandyryjy görkezilýär. Köpsanly maglumatlara esaslanýan bu makalalarda milli Liderimiziň döwlet dolandyryşynyň ähli pudaklaryna ugrukdyryjy täsirini ýetirmek bilen, özüniň maksada okgunlylygy we döredijilik ylhamy bilen ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň derejesiniň häzirki zamananyň barha artýan talaplaryna jogap bermegini gazanýandygy takyk yzarlanylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze durmuş pelsepesi, Türkmenistanda döwlet häkimiýetiniň konstitusion guralyşy hakynda gürrüň berýän makalalar okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Makalalaryň biri ýurdumyzyň diňe goranmak häsiýetine eýe bolup durýan Harby doktrinasy, türkmen halkynyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryny, asuda we döredijilikli durmuşyny ygtybarly goramak maksady bilen, Milli goşunymyzyň kuwwatlylygyny berkitmäge, düzümlerini kämilleşdirmäge we işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler bilen jikme-jik tanyşdyrar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan ykdysady strategiýa bagyşlanan makalalarda soňky ýyllarda milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynda bolup geçen düýpli özgerişlikler we oba hojalygyny ösdürmekde gazanylan haýran galdyryjy sepgitler hakynda bellenip geçilýär. “Döwlet adam üçindir!” atly rubrikada berlen makalada adamzat jemgyýetiniň binýatlyk görnüşi hökmünde maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygy, Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, ýaş nesliň sazlaşykly we ählitaraplaýyn terbiýelenmegi hakynda edilýän alada barada gürrüň berilýär.

Žurnalyň nobatdaky sanynda jemgyýetimiziň aň-paýhas we döredijilik kuwwatynyň esaslary bolan bilimi, ylmy we medeniýeti ösdürmegiň derwaýys meselelerine bagyşlanan makalalar hem ýerleşdirildi, çünki şol mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagyna köp babatda ýurduň mundan beýläkki hemmetaraplaýyn gülläp ösüşi bagly bolup durýar. Maglumatly makalalaryň köpsanlysyna esaslanan awtorlar öz wagtynda we üstünlikli geçirilen düýpli özgertmeleriň ylym we bilim ulgamlaryny dünýä derejesine çykarandygy, milli medeniýetiň, edebiýatyň we sungatyň gülläp ösmegini üpjün edendigi hakyndaky netijäni esaslandyrýarlar.

Mälim bolşy ýaly, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna 20 ýyl dolýar hem-de bu ýyl Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Şol ýubileý bilen baglanyşykly žurnalyň şu sanynda “Halkyň Arkadagy Bitaraplyk syýasatynyň işjeň tarapdarydyr we ony ýöredijidir” atly giň göwrümli makala ýerleşdirildi. Onda Türkmenistanyň Bitaraplyk daşary syýasat ugrunyň taryhy, nazaryýeti we tejribesi beýan edilýär, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutanýerli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligi bilen gatnaşyklarynyň usulynyň ýola goýluşy görkezilýär. Döwlet Baştutanymyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty amala aşyrmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandrymak üçin ähli tagallalaryny edýär, bu bolsa ýurdumyzyň ýokary halkara abraýyny barha artdyrýar.

Neşirde türkmen halkynyň özboluşly däplerini dikeltmek meselesine bagyşlanan makalalar hem bar. Neşiriň sahypalarynda Aşgabatda geçirilen halkara kitap sergisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwiniň görkezen bölümi hakynda makala ýerleşdirildi. Okyjylaryň dykgatyna öz içine salgy beriş häsiýetli adalgalary alýan syýasy düşünjeleriň sözlügi hödürlenilýär, ondaky düşündirişler häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan beýan edilýär.

Žurnaly baýramçylyk günleriniň, ýatlama we şanly seneleriniň senenamasy jemleýär. Olaryň arasynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ýolunyň we alyp barýan işleriniň esasy tapgyrlary bilen baglanyşykly seneler, şunda diňe bir onuň ählihalk tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandan soňky döwri däl-de, eýsem, ondan ozalky döwürler hem bar. Munuň özi milli Liderimiziň şöhratly terjimehalyny, ýurdumyzyň bilimini, ylmyny, lukmançylygyny we medeniýetini ösdürmäge goşan saldamly we gymmatly goşandyny giňden ýaýbaňlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Umuman, “Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-taglymat žurnalynyň nobatdaky sany makalalaryň mazmuny we maglumat baýlygynyň köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Žurnada türkmen we rus dillerinde çap edilýän makalalar diňe bir öwrenijilik häsiýetine eýe bolman, eýsem, amaly ähmiýetine hem eýedir, şol mowzuklardan geljekde ylmy we publisistik işler ýazylanda hem bu maglumatlardan peýdalanyp bolar. Her bir makalanyň ahyrynda ulanylan çeşmeleriň we ýörite edebiýatyň sanawy berilýär. Olar okyjylaryň giň köpçüligine – syýasatşynaslarda, hukukçylarda, sosiologlarda, taryhçylarda, mugallymlarda, alymlarda we hünärmenlerde, şeýle hem döwlet häkimiýeti we dolandyryş edaralarynyň işgärlerinde, ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynda şübhesiz gyzyklanma döreder.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter