Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019--2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2019--2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi

опубликованно 06.02.2019 // 88 - просмотров
 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň baştutanlygyndaky Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine döwletara türkmen-rus gatnaşyklaryny ösdürmegiň möhüm meseleleri, esasy ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi bilen bagly meseleler girizildi.

Sebit we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Şeýle hem taraplar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary berkitmek, netijeliligini görkezen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli geňeşmeleri geçirmek işini dowam etmek barada bir pikire gelindi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2019--2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek maksatnamasyna gol çekildi.

Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň baştutany Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynda hem sapak berip, çykyş etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter