Türkmenistanyň Prezidenti: Kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanmalydyr | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti: Kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanmalydyr

опубликованно 07.02.2019 // 871 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeler anyklaşdyryldy hem-de ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Mejlisiň zalyna ýygnananlar hormatly Prezidentimizi ör turup, şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen salamlaşyp, olaryň öňünde çykyş etdi.

Milli Liderimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda durmuş-ykdysady ösüşde belent sepgitleri eýelemek bilen, döwletimiziň ýokary depginler bilen ösmegi üpjün etmäge ukyplydygyny bütin dünýä subut etmegi başarandygyny belläp, Mejlisiň deputatlarynyň bu üstünlige saldamly goşant goşandyklaryny we goşýandyklaryny, kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmagyň üstünde tutanýerli işleýändiklerini aýtdy hem-de parlamentarilere tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Wagt geçip barýar. Dünýä özgerýär. Täze tehnologiýalar, giň gerimli taslamalar ýüze çykýar. Şoňa görä-de, dünýä ykdysadyýeti bilen aýakdaş gitmek üçin biz ýaňy-ýakynda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul etdik.

Bu Maksatnamany doly möçberde durmuşa geçirmek üçin, biziň ählimiz bilelikde, Türkmenistanyň Mejlisi hem, Hökümeti hem, jemgyýetimiz hem yhlas bilen tutanýerli işlemelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şoňa görä-de, Maksatnamada göz öňünde tutulan ägirt uly özgertmeleriň hukuk esasyny döretmek, bazar ykdysadyýeti şertlerinde pudaklaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, olaryň dünýä ykdysady giňişligine işjeň goşulmagyna, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge, döwlet emlägini hususylaşdyrmaga we paýdarlar jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek Mejlisiň ilkinji nobatdaky örän möhüm wezipesidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek şu Maksatnamany doly möçberde ýerine ýetirmegiň zerur şertleriniň biridir. Şoňa görä-de, daşary ýurt maýadarlarynyň hem, öz telekeçilerimiziň hem maýa goýumlaryny çekmegiň amatly maýa goýum, hukuk, maliýe we beýleki şertlerini döretmek boýunça kanunlary, ilkinji nobatda, kämilleşdirmek, iň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, bäsleşlige ukyply önümleri öndürjek döwrebap kärhanalary döretmegi höweslendirmek zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem hususy telekeçiligi ösdürmegiň Maksatnamasynyň uly ähmiýetini belläp, häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň ösüşine görä, döwlet bilen hususy pudagyň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigini nygtady. Bu meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny yzygiderli seljerip hem-de kämilleşdirip durmaly. Men döwlet-hususy hyzmatdaşlygy hakyndaky kanuny işläp taýýarlamaga hem wagt boldy diýip pikir edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiz döwlet serişdelerini aýawly peýdalanmaga degişli kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny netijeli düzgünleşdirmek, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, bank goýumlarynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak meseleleri barada hem durup geçdi. Dünýä tejribesi esasynda hasaplaşyk-töleg ulgamyny kämilleşdirmeli, täze gazanylan üstünlikleri ornaşdyrmaly we döwlete degişli bolmadyk banklary döretmeli. Töleg ulgamy hakyndaky hem-de girew we ipoteka hakyndaky kanunlar kabul edilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem Döwlet maksatnamasynyň doly derejede amala aşyrylmagyna hyzmat etmelidir. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmek boýunça gaýragoýulmasyz işi geçirmegiň zerurdygyna deputatlaryň ünsüni çekdi.

Bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyrynyň şertlerinde ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygy aýratyn gözegçilikde saklanmalydyr. Bu biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugrudyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokary derejede saklamak hem ýurdumyzyň alyp barýan durmuş syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Şoňa görä-de, deputatlar raýatlaryň zähmet gatnaşyklary, durmuş taýdan goraglylygy babatdaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça belli bir maksada gönükdirilen işleri alyp barmalydyr. Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine we Durmuş-zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça üçtaraplaýyn topar hakyndaky Kanuna üýtgetmeleri we goşmaçalary öz wagtynda girizmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, durmuş kömegine we hyzmatlara mätäç adamlary goldamak hakyndaky kanunçylyga seljerme geçirmek hem-de onuň täze usullaryny işläp taýýarlamak wajypdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňky ýyllarda biz bilim berýän edaralaryň maddy-tehniki binýadyny düýpli pugtalandyrdyk. Ýöne gazanan üstünliklerimiz bilen çäklenmeli däldiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Ýurdumyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bizden bilim ulgamynda degişli reformalary geçirmegi talap edýär. Ýagny, bu ulgamy maliýeleşdirmek, dolandyrmak we onuň gurluşy hem-de beýleki meseleleri bilen bagly kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi göz öňünde tutýar.

Ilki bilen, bu ugurda bilim bermegiň täze standartlary, dünýäde gazanylan öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak arkaly okuwyň hilini ýokarlandyrmak, ähli bilim edaralary üçin Internet ulgamynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek boýunça işleri geçirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge laýyklykda, bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmäge gönükdirilen sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy barada aýdyp, Mejlisiň deputatlaryny degişli kanunçylygy kämilleşdirmäge ugrukdyrdy.

Ylmy ösdürmek hem Garaşsyz döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek maksady bilen, degişli kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamaly. Bu kanunlaryň taslamalary ylmy işgärleriň hukuklaryny we borçlaryny has-da anyklamalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Alymlaryň alyp barýan işlerini maddy we ahlak taýdan höweslendirmek we ýaşlary ylma çekmek meselelerine üns bermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we ylmy-tehniki maglumatlary toplamak, ýaýratmak we bermek üçin çäreleri göz öňünde tutmagyň wajypdygyny belledi.

Ylmy-tehniki ösüşiň iş ýüzündäki netijelerini giňden ulanmak, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, barha giňeýän aň-düşünje mümkinçiliklerinden peýdalanmak, milli kanunçylygy ýurdumyzyň goşulan halkara konwensiýalarynyň kadalaryna laýyk getirmek maksady bilen, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri dowam etmek wajypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Oýlap tapyşlary hem-de senagat nusgalaryny hukuk taýdan goramak we peýdalanmak bilen bagly döreýän meseleler örän möhüm ähmiýete eýedir.

Şu wezipeden ugur alyp, elektron resminamalar we elektron resminama dolanyşygy hakynda, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady hakynda, rasionalizatorçylyk işi hakynda täze kanunlar kabul edilse, maksadalaýyk bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň pikirine görä, dürli pudaklarda amala aşyrylýan işleriň we hyzmatlaryň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak babatda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri hem dowam etmek möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» we «Standartlaşdyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryny kämilleşdirmek boýunça işleri alyp barmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda ýaşlar syýasaty bilen baglanyşykly mesele barada durup geçip, ýurdumyzda ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna doly gatnaşmagy üçin ähli şertleriň döredilendigini belledi. Ýaşlary goldamak üçin ýaş nesli terbiýelemek babatda hereket edýän kanunçylyga degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işi alyp barmak zerurdyr. Bu syýasat şäherçelerde we obalarda işleýän ýaş hünärmenleri goldamaga, durmuş taýdan, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligini üpjün etmäge gönükdirilmelidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegi, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýokary netijeleriň gazanylmagy üçin kanun çykaryjylyk işiniň esasy meseleleri we gaýragoýulmasyz ugurlary barada durup geçdi.

Hususan-da, milli Liderimiz deputatlary «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakyndaky» hem-de «Döwlet gullugy hakyndaky» ýaly Kanunlary kämilleşdirmäge uly üns bermäge çagyrdy.

Daýhan hojalyklarynyň sanyny köpeltmek, telekeçileri oba hojalyk önümçiligine çekmek, oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşlerini ýetişdirmek, olardan ýokary hasyl almak, suw meselelerini çözmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek maksatnamanyň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu meselede diňe bir döwletiň oba hojalyk önümlerini öndürijilere berýän ähli ýeňillikli kömegi däl-de, eýsem, zerur bolsa, Mejlisiň deputatlarynyň kanunçylyk namalaryna öz wagtynda düzedişleri girizmegi hem möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Täze talaplardan ugur alyp, Türkmenistanyň Jenaýat, Administratiw hukuk bozulmalary hakynda, Raýat we Arbitraž-iş ýörediş kodekslerini kämilleşdirmek örän möhüm wezipedir.

Milli Liderimiz şeýle hem döwletimiziň medeniýeti, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge goldaw bermegi boýunça kanunçylyk çärelerini täzelemegiň zerurdygyny esaslandyrdy.

Ilaty elýeterli bahadan zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek, etrap merkezlerinde we uly obalarda köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, ýaş hünärmenlere, aýratyn-da, ýaş mugallymlara we lukmanlara, agronomlara we beýleki hünärmenlere oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek örän möhüm wezipedir. Munuň özi olaryň oba ýerlerinde ornaşmagyna ýardam berer.

Daşky gurşawy goramak babatda täze kanunlary kabul etmek we hereket edýänlerine üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmek wajypdyr. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa auditi hakyndaky kanuny işläp taýýarlamak möhümdir. Şeýle hem «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny we beýleki kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak we kabul etmek üçin tagallalar jemlenilmelidir.

Şu ýyl ähli etraplaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk taýdan bölünişini kämilleşdirmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli çözgütleri kabul etmegine garaşylýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, dolandyryş-çäk gurluşy ulgamynda toplanan tejribe esasynda milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmegi dowam etmek maksadalaýyk bolar.

Ulag ulgamynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek hem zerur bolup durýar. Ykdysady we ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynyň durnukly bolmagy ulag ulgamynyň ygtybarly işlemegine ýokary derejede baglydyr.

Şoňa görä-de, Mejlis ulag üpjünçilik ulgamynyň işlemegi we ösmegi baradaky meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işi dowam etdirse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Şu meselede esasy maksat hususy telekeçileriň maýa goýumlaryny bu pudaga çekmekden, ulag hyzmatlary ulgamynda hususy kompaniýalary we bäsleşigi ösdürmekden ybarat bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Deputatlar syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän kanunlaryň hem ähmiýetine üns bermelidir. Bu ugurda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işi dowam etdirmek hem jemgyýetimiziň ösüşiniň täze tapgyrynyň örän möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň alyp barýan daşary syýasat meseleleri barada gysgaça durup geçdi. Bu meselä geçen ýylyň dekabrynda diplomatlarymyz bilen geçiren duşuşygymyzda jikme-jik seredildi.

Mälim bolşy ýaly, biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen ykrar edilen hemişelik oňyn bitaraplyk daşary syýasat konsepsiýasyna eýerýär. Şoňa laýyklykda, Türkmenistan Merkezi Aziýada we bütin dünýäde parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamaga gönükdirilen parahatçylyk söýüji syýasaty alyp barýar.

Türkmenistanyň beýleki döwletler, halkara guramalar, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň edaralary bilen gatnaşyklary döwletimiziň daşary syýasat ulgamy hem-de diplomatik tagallalary bilen bagly milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny öňe çykarýar. Biz Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň parahatçylyk söýüji ugruny üpjün etmegiň hukuk usullaryny döretmäge we kämilleşdirmäge üns bermelidiris. Şoňa görä-de, Mejlisiň deputatlarynyň wezipelerine türkmen bitaraplygyny kanunçylyk taýdan esaslandyrmak, hukuk tebigatyny açyp görkezmek we halkara giňişliginde biziň döwletimiziň başlangyçlaryny wagyz etmek meseleleri girmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň dünýäniň köp döwletleriniň parlamentleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek boýunça alyp barýan işleri bellenilmäge hem-de oňyn baha berilmäge mynasypdyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Halkara guramalar we ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän edaralar bilen hyzmatdaşlyk belli bir maksada gönükdirilip, yzygiderli alnyp barylmalydyr.

Häzirki döwre çenli Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan dünýäniň onlarça dürli döwletleriniň parlamentleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hakyndaky ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi we dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary döwletleriň parlamentleri bilen Parlamentara dostluk toparlary döredildi.

Döwlet Baştutanymyz Mejlisiň deputatlaryna abraýly halkara we parlamentara guramalar bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça işi geljekde hem depginli alyp barmagy teklip etdi.

Milli kanunçylyk ulgamynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze talaplaryna laýyk getirilmegi ata-babalarymyzdan miras galan adalatlylyk, deňlik we ynsanperwerlik kadalaryna daýanmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokarda aýdylanlary jemledi. Hut şu kadalar biziň içeri we daşary syýasatymyzyň esasy bolup durýar.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ministrler Kabinetiniň işi sazlaşykly we ylalaşykly alnyp barylmalydyr. Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary kadalaşdyryjy hukuk namalaryny wagtynda kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmelidir.

Kanunlar kagyz ýüzünde galmaz ýaly, kabul edilen kanunlaryň esasynda zerur düzgünnamalar, gözükdirijiler, beýleki namalar kabul edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Türkmenistanyň Mejlisi hem-de Adalat ministrligi öz gezeginde bu işiň ýagdaýyna gözegçilik etmelidir. Ilatyň hukuk medeniýetini we sowatlylygyny ýokarlandyrmak Mejlisiň deputatlarynyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul edýän kanunlarynyň mazmunyny düşündirmek boýunça işleri giň gerimli we netijeli amala aşyrmaly. Şu maksat bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň kömegi bilen kanunçylyk namalarynyň düzgünlerini wagyz etmek boýunça mümkinçiliklerini peýdalanmaly we bu işiň hilini ýokarlandyrmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mart aýynda saýlawlary ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz çykyşynda gozgalan wezipeleriň we meseleleriň mundan beýläk-de amala aşyryljak kanun çykaryjylyk işine ýardam berjekdigine pugta ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy ruhubelentlik bilen diňlenildi hem-de şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Soňra döwlet Baştutanymyz Mejlisiň ýolbaşçysy G.Mämmedowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň işine berýän goldawy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, şu duşuşygyň taryhy ähmiýetini belledi. Bu duşuşykda deputatlar düzüminiň işiniň möhüm ugurlaryna hem-de olaryň öňünde durýan kanunçykaryjylyk wezipelerine garaldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz syýasatda, durmuş-ykdysady we medeni ulgamlarda täze belent sepgitlere eýe boldy. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň tutanýerli ýadawsyz zähmeti netijesinde mümkin boldy. Hormatly Prezidentimiz halkymyza we eziz Watanymyza hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezýär diýip, parlamentiň ýolbaşçysy nygtady.

Belent maksatlaryň myrat tapmagy täze maksatlary döredýär. Beýik işler täze belentlikleri açýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde geçen ýylyň jemleri jemlenmek bilen, geljek üçin çelgiler, uly taryhy Maksatnamalar kabul edilip, anyk wezipeler kesgitlenildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2019-njy ýyl «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edildi. Munuň özi döwrümiziň beýik hakykatydyr. Watana söýgi, döwre buýsanç, döwlet Baştutanyna çäksiz alkyş millionlarça ruhubelent kalplary belent maksatda birleşdirýär.

Bu belent maksat bolsa ýurdumyzy berk binýatly, kuwwatly, abadan, ýokary derejede ösen, bäsleşige ukyply döwlete öwürmekden ybaratdyr. Hut hukuk binýady döwletiň durnuklylygyny kesgitleýär, jemgyýetiň we her bir maşgalanyň, ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň abadançylygy üçin şertleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň deputatlar bilen şu günki duşuşygynda eden çykyşy hem muny nobatdaky gezek tassyklady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy milli Liderimiziň deputatlaryň öňünde goýan jogapkärli wezipelerden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirilmek, mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň abadançylygyň bähbidine amala aşyrylýan özgertmelere saldamly goşant goşmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine, asylly başlangyçlaryň, içeri we daşary syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Milli Liderimiz duşuşygy jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de möhüm döwlet işinde uly üstünlikleri, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň täze üstünliklere beslenmegini arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, milli parlamentiň binasyndan ugrady.

***

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň mejlisi iş ýagdaýynda dowam etdi. Gün tertibine hormatly Prezidentimiziň deputatlar düzüminiň öňünde goýan täze möhüm wezipeler bilen baglylykda, kanunçykaryjylyk işiniň ileri tutulýan meseleleri girizildi.

Çykyş edenler döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli hem-de oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösýändigini, ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha belende galýandygyny hem-de halkara abraýynyň berkeýändigini bellediler. Milli kanunçylyk-hukuk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek häzirki Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň, demokratik we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz şerti bolup durýar. Munuň özi milli Liderimiziň giň möçberli özgertmeleriniň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýär.

Şunuň bilen baglylykda, deputatlar öz öňlerinde durýan wezipeleri ýerine ýetirmekde uly jogapkärçiligi duýup, täze maksatlara ýetmek, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň bähbidine milli Liderimiziň başyny başlan iri taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalaryny etjekdiklerini nygtadylar.

Deputatlar şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň ähmiýeti barada aýdyp, döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynyň parlamentariler üçin ýol görkeziji boljakdygyny bellediler. Şol çykyşda ýakyn geljek üçin Mejlisiň işiniň esasy ugurlary kesgitlenildi. Deputatlar Ministrler Kabineti, ykdysadyýetiň pudaklarynyň hünärmenleri hem-de jemgyýetçiligiň wekilleri bilen bilelikde milli Liderimiziň ýurdumyzy innowasion ýol bilen ösdürmek, halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça kesgitlän wezipelerini çözmek boýunça işleri alyp bararlar.

Kanun çykaryjy häkimiýetiň wekilleri mundan beýläk-de hukuk tertibini berkiderler, düýpli ykdysady we durmuş özgertmeleriniň kanunçylyk üpjünçiligini kämilleşdirerler. Ýurdumyzyň bilim, ylym, medeniýet ulgamlarynyň täze derejä çykmagyna, döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, demokratiýanyň çuňlaşdyrylmagyna hem-de hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ilerledilmegine ýardam ederler.

Mejlisiň ahyrynda deputatlar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýadawsyz zähmet çekýändigi üçin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny amala aşyrmagyň bähbidine güýç-gaýratyny, bilimini we tejribesini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter