Parahatçylygyň, rowaçlygyň we ählumumy ösüşiň ýoly bilen | TDH
Jemgyýet

Parahatçylygyň, rowaçlygyň we ählumumy ösüşiň ýoly bilen

опубликованно 18.02.2015 // 874 - просмотров
 

Aşgabat, 18-nji fewral (TDH). Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda ýurdumyzyň diplomatik işgärelriniň gününiň esaslandyrylmagynyň 6 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň Bitaraplygy parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kepilidir” atly halkara maslahat boldy.

Forumyň işine Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň diplomatik gullugyň işgärleriniň hünär baýramçylygy mynasybetli iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Şonda milli Liderimiz ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň işiniň netijelidigini belläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durnukly ösüşi üçin oňaýly şertleri döretmek, ýurdumyzyň milli bähbitlerini goramak we ählumumy ösüş üçin amatly mümkinçilikleri döretmek, ilkinji nobatda bolsa, döwletimiziň geosyýasy we geoykdysady giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrmak üçin türkmen diplomatlarynyň mundan beýläk-de gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman, ak ýürekden, arassa we halal zähmet çekjekdigine ynam bildirdi.

Maslahatyň barşynda türkmen diplomatlary milli Liderimize öz işlerine uly üns berýändigi, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we wekilhanalarynyň işiniň gerimini giňeltmek, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini gowulandyrmak we kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça göwnejaý çäreleriň görülýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn daşary syýasaty ýöretmegi netijesinde, Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda öňdebaryjy hatara çykyp, ählumumy derejedäki ýagdaýlara goşulýan möhüm ähmiýetli strategiki tarap hökmünde özüni görkezdi.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça 2015-nji ýylyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi Bitarap Türkmenistanyň syýasatynyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, döwletimiziň dünýä derejesindäki ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, dünýäde syýasy durnuklylygy saklamak, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk, dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, durnukly ösüşi üpjün etmegiň umumy adamzat üçin möhümdigini wagyz etmek, ýaş nesli Garaşsyz, Bitarap ata Watanymyza çäksiz buýsanç, hormat goýmak we söýmek ruhunda terbiýelemek işinde ýurdumyzyň bitaraplygynyň hukuk derejesini pugtalandyrmak bilen bagly maksatlara ýetilmegine ýardam berer.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň we onuň özenini düzýän ýörelgeleriň döredijilikli häsiýeti döwletimiziň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda öz beýanyny tapýar hem-de sebitde we tutuş dünýäde deňhukuklylyga, özara hormat goýulmagyna we agzybirlige mahsus ýörelgelere esaslanýan oňyn gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Maslahatda edilen çykyşlarda türkmen döwletliliginiň täze filosofiýasynyň Türkmenistanyň ösüşiniň durmuş, ykdysady, medeni-ruhy we ylmy-tehnologik ugurlary bilen halkara gatnaşyklary boýunça köpugurly syýasatynyň içgin özara baglanyşygynda öz beýanyny tapandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň açyklygy, giň hyzmatdaşlyga taýyndygy, dünýädäki oňyn tejribäni kabul etmegi, sebit we ählumumy derejedäki meseleleri çözmekde işjeň we parahatçylygy dörediji garaýşa eýermegi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli bolmagyna ýardam möhüm ýagdaýdyr. Bularyň ählisi milli bähbitleri goramagyň hem-de Türkmenistanyň umumy adamzat ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýa etmegiň netijeli usulyna türkmen Bitaraplygynyň ugurlarydyr.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda ählumumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýädäki ähli ýurtlar bilen dostlukly gatanşyklaryň, esasy halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen içgin hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli ýöredilýän daşary syýasatyň esasy ugurlary bolup durýandygy bellenildi. Ýurdumyz öz halkara borçnamalaryny tutuşlygyna we birkemsiz berjaý etmek arkaly, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitleri üçin örän uly syýasy, ykdysady we medeni mümkinçililkrinden doly peýdalanýar.

Maslahata gatnaşyjylar türkmen döwletiniň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ýörelgeleriniň esasan, ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykyly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözülmegine esaslanýandygyny hem-de häzirki döwürde abadançylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegine, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli gatnaşyklaryň saklanmagyna, bularyň medeniýetleriniň ýakynlaşmagyna we özara baýlaşdyrylmagyna gönükdirilendigini bellediler.

Soňky ýyllarda Türkmenistan durmuş-ykdysady ösüşiň dürli ugurlary, adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ýurdumyzda bazar ykdysadyýetini ýola goýmak boýunça uly üstünliklere eýe boldy, munuň özi ýurdumyzyň halkara derejesindäki at-abraýynyň artmagyna, türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň agzalary, ilkinji nobatda bolsa ýakyn goňşular we sebitdäki ýurtlar, başga yklymlarda gyzyklanma bildirýän taraplar bilen içgin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär.

Şu baýramçylyk çäreleriniň barşynda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň ýaş işgärlerine hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygy üçin degişli diplomlar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň baýramçylygy mynasybetli institutyň göwnejaý bezelen eýwanynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we ýurdumyzdaky daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalary tarapyndan bilelikde sergi guraldy. Sergide dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny, taryhyny häsiýetlendirýän eksponatlar görkezildi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda ýurdumyzyň diplomatik gullugyny kämilleşdirmegiň meselelerine içgin üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler hem-de türkmen döwletiniň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy durnukly we howpsuz ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlaryny netijeli amala aşyrmak boýunça öz öňlerinde durýan jogapkärli we möhüm wezipeleri üstünlikli berjaý etmek ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şeýle hem şu baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzdaky piplomatik wekilhanalarynyň arasynda sport ýaryşlary guraldy hem-de ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda geçirilen ýaryşda üstün çykanlar sylaglanyldy. Institutyň uly zalynda paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter