Mähriban we eziz zenanlaryň hormatyna | TDH
Jemgyýet

Mähriban we eziz zenanlaryň hormatyna

 

Şu günler eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde Halkara zenanlar gününe — 8-nji mart baýramyna bagyşlanan dürli çäreler giňden we dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Dabaralaryň barşynda hormatly zenanlarymyza uly sarpa goýulýar. Mähriban zenanlarymyza hormat goýmak türkmen halkyna gadymdan bäri mahsusdyr. Bu ýörelge milli däplerimiziň esasyna bar. Täze taryhy eýýamda —Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem bu mukaddes däpler mynasyp dowam etdirilýär.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan mähriban zenanlarymyza döwlet Baştutanymyzyň adyndan pul sylaglaryny gowşurmak barada gol çeken Buýrugy köp sanly baýramçylyk çäreleriniň dabarasyny has-da artdyrdy. Munuň özi döwletimiziň aýal-gyzlarymyza ägirt uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde zenanlarymyz oňyn özgertmelere, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine giň möçberli wezipeleri üstünlikli çözmäge saldamly goşant goşýarlar.

Türkmen paýtagtynda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we etraplarynda, kärhanalarynda, edaralarynda, ministrliklerinde we pudak edaralarynda, okuw mekdeplerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary umumymilli baýramçylyk ýagdaýynda geçirilýär, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäreler guralýar. Zenanlaryň hormatyna konsertler, döredijilik duşuşyklary we bäsleşikler, maslahatlar, sport ýaryşlary we beýleki baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Bu dabaralar Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi, ministrlikler we pudak edaralary, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guralýar.

Ýurdumyzyň muzeýlerinde we teatrlarynda baýramçylyk sergileri, sahnalaşdyrylan oýunlar, aýdym-sazly dabaralar geçirilýär. Olarda mähriban zenanlarymyzyň parasatlylygy we gözelligi wasp edilýär. Teatrlaryň artistleri we suratkeşler özleriniň döredijilik işlerini türkmen zenanlaryna bagyşlap, olary sahna keşplerinde we şekillendiriş sungatynyň eserlerinde wasp edýärler.

Her ýyl paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilýän gülleriň sergisi Halkara zenanlar gününe bagyşlanan çäreleriň iň ýatda galyjylarynyň birine öwrülýär. 5-7-nji mart aralygynda ajaýyp gülleriň bu sergisine gelenler täsin gözden geçirilişe — mähriban zenanlarymyza çuňňur söýginiň aýdyň beýanyna öwrülýän özboluşly çärä syn edip bilerler.

8-nji marta gabatlanylyp, soňky ýyllarda geçirilmegi däbe öwrülen döredijilik we hünär bäsleşikleriniň jemleri jemlener. Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlary hormatlamak dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy. Ruhubelentlik ýagdaýynda geçen dabara bäsleşigiň welaýat tapgyrlarynyň ýeňijileri, Türkmenistanyň meşhur zenanlary, zenanlar guramalarynyň işjeňleri, talyp ýaşlar çagyryldy.

3-nji martda mähriban zenanlarymyzyň hormatyna Alp Arslan adyndaky Türkmen milli ýaşlar teatrynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Onuň maksatnamasyna laýyklykda, meşhur estrada aýdymçylarynyň çykyşlary hem-de paýtagtymyzyň Modalar öýüniň köpöwüşginli gözden geçirilişi guraldy.

6-njy martda Türkmen döwlet medeniýet institutynda Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi tarapyndan guralan “Talyp gözeli — 2015” bäsleşiginiň ýeňijilerini hormatlamak dabarasy geçiriler. Bu her ýyl guralýan gözden geçirilişe ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşarlar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gyzlar özleriniň döredijilik zehinini hem-de dürli tagamlary taýýarlamak babatda ussatlygyny görkezerler. Bäsleşigiň ahyrynda milli lybaslaryň görkezilişi bolar. Zehinli gyzlaryň onlarçasynyň gatnaşýan bu däp bolan gözden geçirilişi ýaşlary milli däpleriň hem-de ýokary ahlak gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär.

7-nji martda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde baýramçylyk konserti bolar. Onda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary — folklor we tans toparlary, halk sazandalary hem-de aýdymçylar, meşhur estrada aýdymçylary, teatrlaryň artistleri we elbetde, ýaşlar çykyş ederler. Olar özleriniň çykyşlaryny ene-mamalarymyza we uýalarymyza bagyşlarlar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň howandarlygynda ylmy-barlag institutlarynda geçirilýän maslahatlarda türkmen zenanlarynyň milli ylmy ösdürmäge goşýan goşandy aýratyn nygtalýar. Baýramçylyk dabaralarynyň arasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi milli kitaphanasynda guralan, eziz zenanlarymyza bagyşlanan sergi hem bar. Şu günler ýurdumyzyň okuw mekdepleri hem baýramçylyk çäreleriniň geçirilýän merkezlerine öwrülýär. Olarda Bilim ministrliginiň guramagynda dürli çäreler geçirilýär.

Mart aýynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik guramalary — Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, şeýle hem dürli ministrlikler we pudak edaralary tarapyndan guralýan baýramçylyk dabaralary, aýdym-sazly çykyşlar, maslahatlar, şygryýet agşamlary aýratyn ruhubelentlige beslenýär.

Baýramçylyk dabaralarynyň arasynda şu günler muzeýlerde, kitaphanalarda, sergi merkezlerinde we medeniýet öýlerinde, paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň şäherleriniň hem-de obalarynyň açyk sahna meýdançalarynda geçirilýän köpsanly konsertler we sahna oýunlary, mowzuklaýyn sergiler hem-de döredijilik duşuşyklary bar. Halk sazandalarynyň, meşhur estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirýän joşgunly sazlary we aýdymlary türkmen halkynyň mizemez gymmatlyklaryny, mähriban topragymyzy we zenanlarymyzy wasp edýär.

Baýramçylyk gününde — 8-nji martda ata Watanymyzyň şöhratly zenanlarynyň hormatyna ýatdan çykmajak baýramçylyk çäreleriniň köpsanlysy geçiriler. Paýtagtymyzdaky “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde dabaraly konsertler guralar.

Şeýlelikde, Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösüşiniň esasy bolan maşgala ojagynyň abadançylygyny we rowaçlygyny goraýjylar hökmünde zenanlarymyza çuňňur hormat-sarpanyň nobatdaky aýdyň beýanyna öwrüler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter