Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Prezidentine gynanç bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýanyň Prezidentine gynanç bildirdi

опубликованно 30.01.2019 // 636 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonara ýurduň Minas-Žeraýs ştatynda ýerleşýän bendiň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter