Döwletliler köşgünde bolan dabara | TDH
Jemgyýet

Döwletliler köşgünde bolan dabara

опубликованно 20.03.2015 // 906 - просмотров
 

Aşgabat, 20-nji mart (TDH). Nowruz baýramynyň öň ýanynda paýtagtymyzyň Döwletliler köşgünde terbiýe alýanlara ýene bir sowgat gelip gowuşdy. Şu gün nobatdaky “SCANIA” awtobusy olaryň ygtyýaryna berildi.

Mälim bolşy ýaly, bu awtobus Prezident Hasan Ruhaniniň ýakynda biziň ýurdumyza bolan saparynyň barşynda eýran halkynyň adyndan türkmen halkyna sowgat berildi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň karary bilen ol awtobus Döwletliler köşgüne gowşuryldy.

Bu waka mynasybetli guralan dabara ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Iilçihanasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, Döwletliler köşgüniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar. Şeýle hem
belli estrada aýdymçylary bu dabaranyň myhmanlary boldular.

Dabaraly çäre milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ak gyňaçly eneleriň hem gatnaşmagynda geçirildi.

Dabarada çykyş edenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň abadançylygyna, ýaş nesliň sazlaşykly terbiýelenmegine, onuň üçin ähli zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen köptaraplaýyn işine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Bellenilişi ýaly, çagalar hakyndaky alada türkmen döwletiniň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ene-atadan mahrum bolan çagalaryň ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegi, bilim almagy, saglygyny goramak boýunça hukuklarynyň berjaý edilmegine aýratyn üns berilýär. Şunuň ýaly ýakyndan howandarlyk edilmegi çagalar öýlerinde terbiýe alýanlara jemgyetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Ol çagalaryň köpüsi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly döredijilik bäsleşikleriniň we halkara festiwallarynyň ýeňijileridir.

Döwletliler köşgüniň okuwçylary şu günki dabarada hem öz döredijilik başarnyklaryny görkezdiler. Myhmanlaryň öňünde söýgüli Watanymyzy wasp edýän joşgunly aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler. Bagtyýar çagalar aýdym-sazyň we şahyrana setirleriň üsti bilen hormatly Prezidentimize özleri hakyndaky atalyk aladasy üçin çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Soňra çagalar gyzykly sport oýunlaryna, dürli ýaryşlara, surat çekmek boýunça bäsleşige we beýleki döredijilik çärelerine gatnaşdylar hem-de awtobusly gezenç etdiler, Janly tebigatyň milli muzeýine baryp gördüler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter