Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 29.01.2019 // 746 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek, pudagyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek hem-de daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda suw serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmak, suw hojalygynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak hem-de Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetine Adalat ministrligi bilen bilelikde komitet hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny hem-de Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygyny düýpli özgertmek we toplumlaýyn ösdürmek hem-de pudagyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna berildi hem-de ol Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine:

ministrligiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak;

Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek we oba hojalyk ylmynyň dünýä derejesinde ösüşini, ylmyň, önümçiligiň hem-de bilimiň özara baglanyşygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Oba hojalyk ylmy-barlag instituty Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagyna berildi hem-de ol Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi diýlip atlandyryldy.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ministrlik hakyndaky Düzgünnama hem-de ministrligiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri üç aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Ýurdumyzda hemra ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň işini talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň garamagyna berildi hem-de ol şol agentligiň Kosmos müdirligi diýlip atlandyryldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligine «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Kosmos müdirligi hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanmagyny we bellenen tertipde tassyklanmagyny üpjün etmek;

Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda deňiz ulagy pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine, şol agentligiň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda aragatnaşyk pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Senagat we kommunikasiýa ministrligine Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň garamagyndaky Abatlaýyş-gurluşyk kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, ony «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

Senagat we kommunikasiýa ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmensenagat eksport-import» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjylar hökmünde Dokma senagaty ministrligine, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentligine paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

***

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ministrlik hakyndaky Düzgünnama hem-de onuň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Gurluşyk we binagärlik ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysadyýetimizde tutýan ornuny ýokarlandyrmak, ylmyň gazananlarynyň bäsleşige ukyplylygyny üpjün etmek, ylmy-barlag edaralarynyň alyp barýan işlerini toplumlaýyn esasda ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň amaly ylmy-barlaglary alyp barýan edaralaryny 2019-njy ýyldan başlap, tapgyrlaýyn böleklere bölmek bilen, 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirmegi bes etmek bellenildi.

Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmak, türkmen dilini we edebiýatyny, milli baýlygymyz bolan golýazma mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmegi has-da çuňlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutyny hem-de Milli golýazmalar institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty döredildi.

Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň hem-de Milli golýazmalar institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Ylymlar akademiýasyna Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty hakyndaky düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň we türkmen halkynyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhynyň, arheologik ýadygärliklerimiziň, milli etnografiýa gymmatlyklarymyzyň öwrenilişini toplumlaýyn alyp barmak, halkymyzyň öz geçmişine bolan buýsanjyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutyny hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutyny goşup, olaryň binýadynda Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty döredildi.

Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň hem-de Arheologiýa we etnografiýa institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Ylymlar akademiýasyna Taryh we arheologiýa instituty hakyndaky düzgünnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamak we bellenen tertipde tassyklamak tabşyryldy.

Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamlarynyň biri bolan oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň utgaşdyrylmagyny kämilleşdirmek, şeýle hem ylmy edaralaryň düzümini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa instituty S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagyna bellenen tertipde berildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmyň biologiýa, biotehnologiýa ugurlaryny ösdürmek, tebigy baýlyklar bolan ösümlikler dünýäsini düýpli öwrenmek we olaryň dermanlyk häsiýetlerini anyklamak, derman ösümliklerinden ýokary hilli derman serişdelerini taýýarlamak, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Umumy we amaly biologiýa instituty hem-de Derman ösümlikleri instituty döredildi.

Umumy we amaly biologiýa instituty Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň garamagyna, Derman ösümlikleri instituty Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň garamagyna berildi.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa instituty biologiýa, biotehnologiýa ugurlaryny ösdürmek hem-de ösümlikler dünýäsini düýpli öwrenmek boýunça Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Derman ösümlikleri instituty derman ösümliklerinden derman serişdeleriniň bölünip alnyşyny düýpli öwrenmek boýunça Ylymlar akademiýasynyň Biologiýa we derman ösümlikleri institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Ylymlar akademiýasy, degişlilikde, Derman ösümlikleri instituty hem-de Umumy we amaly biologiýa instituty hakyndaky düzgünnamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga we bellenen tertipde tassyklamaga borçly edildi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy instituty Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň garamagyna bellenen tertipde berildi.

Energetika ministrligine we Ylymlar akademiýasyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary söwdanyň ýagdaýyny we ösüş ugurlaryny hem-de içerki sarp ediş bazarynda harytlaryň nyrhlaryny öwrenmek we seljermek, ýurdumyzda öndürilýän eksporta niýetlenen önümleriň görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş instituty Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine birleşdirildi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Ministrlige birleşen Milli önümleriniň haryt dolanyşygyny öwreniş institutynyň hukuk oruntutary diýlip kesgitlenildi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter