Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda

опубликованно 29.01.2019 // 709 - просмотров
 

Ýurdumyzda gurluşyk pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşdirmeli.

2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligini ministrlige birleşen «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Degişli çäklerde awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak boýunça işleri amala aşyrmak wezipelerini welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň üstlerine ýüklemeli.

4. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter