Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmek hakynda

опубликованно 29.01.2019 // 1235 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň senagat, ulag we aragatnaşyk pudagyny düýpli özgertmek hem-de bu pudagy toplumlaýyn dolandyrmak arkaly onuň işiniň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Senagat ministrligini, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligini, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligini, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugyny hem-de «Türkmenhowaýollary» gullugyny Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň garamagyna bermeli hem-de olary degişlilikde şol ministrligiň «Türkmensenagat» agentligi, «Türkmendemirýollary» agentligi, «Türkmenawtoulaglary» agentligi, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi hem-de «Türkmenhowaýollary» agentligi diýip atlandyrmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwary.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter