Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 28.01.2019 // 659 - просмотров
 

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň garamagyndaky ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlaryny wezipä bellemegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ylmy-barlag, bilim institutlarynyň direktorlaryny wezipä bellemegiň tertibi kesgitlenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Akjemal Kerimberdiýewna Durdyýewa Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Geldiýewna Baýramowanyň pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisiniň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran IV — I belgili karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Geldiýewna Baýramowanyň pensiýa gitmegi sebäpli, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň giňeldilen IX mejlisiniň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran
1 — 1g belgili karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisiniň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran IV-2 belgili karary tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Gurbangül Kakalyýewna Ataýewany Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine saýlamak hakynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň giňeldilen IX mejlisiniň 2019-njy ýylyň 26-njy ýanwarynda çykaran 1-2g belgili karary tassyklanyldy.

* * *

Ýurdumyzda döredilmegi meýilleşdirilýän ilatly ýerler üçin ýer bölekleri saýlanyp alnanda ykdysady taýdan amatly, ýaşaýyş üçin has oňaýly ýerleri kesgitlemek, gurulýan şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzda döredilmegi meýilleşdirilýän ilatly ýerler üçin ýer böleklerini Türkmenistanyň gurluşyk kadalaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda saýlap almak boýunça pudagara topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter