Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezi edaralarynyň mejlisleri | TDH
Jemgyýet

Zenanlar birleşiginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň merkezi edaralarynyň mejlisleri

опубликованно 26.01.2019 // 469 - просмотров
 

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň IX mejlisi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň IV mejlisi geçirildi, şolarda bu jemgyýetçilik guramalarynyň işleriniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» şygary bilen geçýän ýylda esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlislerde guramaçylyk meselelerine hem garaldy, pensiýa çykmagy sebäpli, G.Baýramowa Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy wezipelerinden boşadyldy.

Bu wezipelere ozal Daşoguz welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinde işlän G.Ataýewa bellenildi.

Mejlislere gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öňdengörüjilikli syýasaty, türkmen halkynyň bähbidine giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryny durmuşa geçirmek hem-de eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda güýçlerini, bilimlerini we tejribelerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter