Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine — 27 ýyl | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine — 27 ýyl

опубликованно 27.01.2019 // 915 - просмотров
 

2019-njy ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistan Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27 ýyllygyny belleýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçirilýän düýpli we täze özgertmeleriň hem-de milli Liderimiziň harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary baradaky ýadawsyz aladalarynyň netijesinde biziň goşunymyz häzirki zamanyň ýokary tehnologiýaly hem-de ykjam Milli goşun derejesine ýetdi. Bu goşun Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragynyň we eldegrilmesizliginiň hem-de halkymyzyň parahat durmuşynyň kepili bolup durýar.

Bu gün Ýaragly Güýçleriň esasy düzümine motoatyjylyk, raketa goşunlary we artilleriýa, harby-howa güýçleri hem-de howa hüjüminden goranyş (HHG) goşunlary, ýörite maksatly güýçler, harby-deňiz güýçleri, deňiz pyýada goşuny, raýat goranyş we halas ediş işleri bölümleri hem-de köp sanly beýlekiler girýär.

Ýakynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy bilen Milli goşunda çäkleri goraýyş goşuny döredildi. Bu goşun döwlet we strategiýa taýdan ähmiýetli bolan aýratyn möhüm desgalary goramaga niýetlenendir.

Ýurdumyzyň Belent Serkerdebaşysy Ýaragly Güýçlere duýdansyz barlaglary yzygiderli amala aşyryp, şolary söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna getirýär hem-de harby tehnikalary we üpjünçilik ýagdaýyny gözden geçirýär.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine, döwlet Baştutanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ygrarly bolan Milli Ýaragly Güýçlerimiz Merkezi Aziýa sebitinde durnuklylygyň daýanjyna öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2016-njy ýylda kabul edilen diňe goranyş häsiýetine eýe bolan täze Harby doktrinada döwletimiziň milli howpsuzlygynyň, Milli goşuny has-da ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ýaraglaryň we harby tehnikalaryň täze, döwrebap görnüşlerini özleşdirmegiň, harby bölümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmegiň we berkitmegiň maksatnamasy beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň serkerdelerine, esgerlerine, gullukçylaryna we harby talyplaryna hünär baýramçylygy mynasybetli iberen Gutlagynda olaryň Watanymyzyň ykdysady hem-de syýasy bähbitleriniň ygtybarly goragyny amala aşyryp, harby kasama ygrarly bolup, döwletimiziň çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esasyny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli berjaý etmelidigini belleýär.

Harby bölümler üçin her ýyl täze, döwrebap binalar, meýdançalar, ýatakhanalar we ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezleri, şeýle hem harby gullukçylaryň maşgalalary üçin oňaýly ýaşaýyş jaýlary gurulýar.

Goşunyň üpjünçiligi täze, häzirki zaman harby tehnikalaryň yzygiderli gelip gowuşmagynyň hasabyna hemişe täzelenilýär. Şol tehnikalar harby gullukçylaryň tehniki taýdan ýokary taýýarlygyny talap edýär. Şunuň bilen baglylykda Goranmak ministrliginiň ýokary harby-okuw mekdeplerinde we okuw merkezlerinde hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär.

Häzir Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň düzüminde döwrebap söweşjeň uçarlar we dikuçarlar, zenit-raketa toplumlary, tanklar, söweşjeň ulaglar, ýokary geçiş ukyply bronly awtoulaglar, top atyş ýaraglary, ok atyş ýaraglarynyň we granatomýotlaryň dürli görnüşleri bar. Goşun ýerleri aňtamak we olara gözegçilik etmek, döwlet serhedini goramak boýunça köpdürli wezipeleri çözüp bilýän taktiki uçarmansyz uçuş tehnikalaryna eýedir. Hazar deňzinde Türkmenistanyň deňiz serhetlerini, döwletimiziň suwdaky ygtyýarly ýerlerini, ýagny territorial suwlary hem-de ýurdumyzyň ykdysady taýdan bähbitli zolagyny söweşjeň gämiler we raketaly katerler ygtybarly goraýarlar.

Bularyň ählisi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, söweşjeň tehnikalary iň oňat öndürijilerden alnan çylşyrymly we iň döwrebap tehnikalardyr. Bu tehnikalar sowatly, oňat taýýarlykly hünärmenleri, öz işiniň ussatlaryny talap edýär. Şulary nazarda tutup, Goranmak ministrliginiň Harby instituty, Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebi hem-de beýleki ýöriteleşdirilen okuw mekdepleri her ýylda harby ylmyň zerur ähli ugurlarynda iň ýokary derejeli ussatlary taýýarlaýar. Ýaş serkerdeler, bu işleriň ählisinden başga-da, gündelik durmuşda zerur bolan hünärleri hem ele alýarlar.

Hakyky harby gulluga çagyrylýanyň bilim derejesi, hünäri, sportda gazanan üstünlikleri hem-de goşunlaryň haýsy kysymynda gulluk etmek isleýändigi nazarda tutulýar. Häzirki wagtda geljekki esgeriň isleg-arzuwy doly derejede göz öňünde tutulýar, bu bolsa ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde geçirilýän özgertmeleriň ýene-de bir subutnamasydyr.

Mundan başga-da, hatarçylar we seržantlar möhletli gullugynyň döwründe Türkmenistanyň halk hojalygynda zerur hünärleriň birini özleşdirýärler, bu bolsa olar üçin gullukdan soň möhümdir.

Goranmak ministrligi üç aýda bir gezek «Milli goşun» atly jemgyýetçilik-syýasy žurnaly neşir edýär. Şonuň sahypalarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň durmuşy, döwletimiziň goranyş ukyplylygyny pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler, harby özgertmeleriň barşy barada wagyz edilýär. Žurnal harby gullukçylaryň sportda, döredijilikde we beýlekilerde gazanýan üstünliklerine uly üns berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby bölümlerde hem-de bölümçelerde diňe bir söweşjeň ussatlygy artdyrmaga we harby-tehniki taýýarlylygy kämilleşdirmäge däl-de, terbiýeçilik-watançylyk işleriniň geçirilmegine-de aýratyn üns bermegi talap edýär. «Diňe hemmetaraplaýyn bilimli, tehniki we syýasy taýdan sowatly harby hünärmen ýurdumyzyň mukaddes serhetleriniň eldegrilmesizliginiň hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň çäk taýdan bitewüliginiň kepili bolup biler» diýip, döwlet Baştutanymyz aýdýar.

Watan goragçylarynyň durmuşy we gullugy üçin zerur şertleri döretmek boýunça ägirt uly işler geçirilýär. Harby şäherçelerde we serhet galalarynda döwrebap nusgadaky täze binalar gurulýar, harby bölümleriň ýatakhanalarynda hemme amatlyklar göz öňünde tutulýar. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy hem ýokary depginde alnyp barylýar — her ýyl harby gullukçylaryň maşgalalarynyň köp sanlysy täze jaý toýuny toýlaýarlar.

Şygary «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» bolan ýylda harby gullukçylaryň maşgalalarynyň ýene-de 538-si ýokary amatlykly öýlere göçüp gelerler diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlagynda belleýär. Bularyň ählisi serkerdeleriň hem-de olaryň maşgalalarynyň durmuş taýdan goraglylygynyň milli Liderimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan harby özgertmeleriniň baş wezipeleriniň biri bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.

27-nji ýanwarda tutuş ýurdumyz türkmen harby gullukçylarynyň hem-de hünäri boýunça harby gulluga degişli bolanlaryň ählisiniň hünär baýramyny — Watan goragçylarynyň gününi belleýär.

Bu şanly senäni Ýaragly Güýçler ýokary hünärli işgärleri, häzirki zaman maddy-enjamlaýyn binýady hem-de iň täze harby we ýörite tehnikalary bilen garşy alýar. Watançylygyň, bilimiň ýokary derejesi we öňdebaryjy tehnikalara başarjaň erk etmek ýurdunyň araçäkleriniň hem-de watandaşlarynyň parahatçylykly zähmetiniň goragynda ygtybarly duran türkmenistanly serkerdä, harby adama mahsus häsiýetlerdir.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Watan goragçysynyň öz Watanyny tüýs ýürekden söýýän hem-de hemme zerur başarnyklara we bilimlere eýe bolan, söweşjeň üstünlikleri bilen diňe goranyş häsiýetine eýe bolan milli Harby doktrinany amala aşyrýan harby gullukçydygyny belleýär. Şol Doktrina Türkmenistana XXI asyrda hemişelik Bitaraplyga, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we demokratik ýörelgelere esaslanýan daşary syýasat ugry bilen gitmäge mümkinçilik berýär.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter