Türkmenistanda “Suw damjasy—altyn dänesi” umumymilli baýramçylyk mynasybetli dabaralar boldy | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda “Suw damjasy—altyn dänesi” umumymilli baýramçylyk mynasybetli dabaralar boldy

опубликованно 05.04.2015 // 1128 - просмотров
 

Aşgabat, 5-nji aprel /TDH/. Şu gün, ýola goýlan asylly däbe görä, tutuş ýurdumyz boýunça her ýylyň aprel aýynyň ilkinji dynç gününde bellenilýän “Suw damjasy—altyn dänesi” umumymilli uly baýramçylyk mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu baýramçylyk asyrma-asyr aşyp, suwa bolan aýawly garaýşyny saklap, oňa mukaddeslik hökmünde sarpa goýan türkmen halkynyň gadymy däpleriniň we parasadynyň nyşanyna öwrüldi.

Ozal habar berlişi ýaly, 3-nji aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki baýramçylygyň ähmiýeti barada aýdyp, suwuň hemme döwürlerde ýaşaýşyň mukaddes gözbaşy we berekediň çeşmesi hasaplanandygy biziň merdana pederlerimiziň bolsa suwuň her bir damjasyny altyn dänesine deňändiklerini nygtady. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şäherlerimiziň we obalarymyzyň gülläp ösýändigi, bagy-bossanlyga öwrülýändigi ýurdumyzda suwuň netijeli ulanylýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Biz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, suw hojalyk pudagynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de giň gerimli işleri amala aşyrarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanlylaryň häzirki nesli biziň ata-babalarymyzyň däplerini we öwüt-ündewlerini mynasyp dowam etdirijilerdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe suwa bagyşlanan baýramçylyk täze mazmuna eýe bolup, ol ýurdumyzda giň gerim bilen uly umumymilli toý derejesinde geçirilýär. Bu gün watandaşlarymyzyň müňlerçesi esasan ýurdumyzyň suw giňişlikleriniň kenarlarynda ýaýbaňlanlyrylýan köpsanly çärelere gatnaşýarlar. Köpçülikleýin gezelençlerde döredijilik we sport toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary, sungat ussatlarynyň sergileri ýaýbaňlandyrylýar. Şol dabaralarda suw hojalyk pudagynda köp ýyllap zähmet çekenleri, önümçiligiň öňdebaryjylaryny aýratyn buýsanç bilen hormatlaýarlar.

Bu baýramçylygyň öň ýanynda hepdesi bilelikde geçirilen iri halkara, medeni we ylmy çärelere baý boldy. Ýurdumyzyň muzeýlerinde we kitaphanalarynda mowzuklaýyn çykyşlar guraldy, Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň birnäçesinde, Türkmenistanyň oba hojalyk toplumynda ylmy maslahatlar we okuwlar geçirildi. “Mizan” işewürlik merkezinde “Suw serişdelerini tygşytly we netijeli peýdalanmagyň hem-de daşky gurşawy aýawly saklamagyň möhüm meseleleri” atly halkara suw maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşyjylara täze neşir--hormatly Prezidentimiziň “Suw—ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitaby hödürlendi. Bu kitabyň tanyşdyryş dabarasy Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde geçirildi.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitapda milli Liderimiziň halkara maslahatlarynda eden çykyşlarynda aýdan gymmatly pikirleri, suwdan netijeli peýdalanmak babatda geçirilýän özgertmeler maksatnamalarynyň maksatlary hem-de wezipeleri dogrusynda aýdan pikirleri çap edilipdir. Döwlet Baştutanymyzyň bu kitapda jemlenen parasatly sözlerinde täze garaýyşly görnükli alym we syýasy lider, ösüşlere beslenen özgertmeleriň başyny başlaýjy Gurbanguly Berdimuhamedowyň strategik pikirleri jemlenipdir. Şol pikirleriň esasy maksady ýurdy gülledip ösdürmekden, ähli türkmenistanlylaryň abadançylygyny we bagtly durmuşyny üpjün etmekden ybarat bolup durýar.

Maslahatyň çäklerinde oňa gatnaşyjylara “Altyn asyr” Türkmen kölüne baryp tanyşmaklyk guraldy. Baýramçylygyň öň ýanynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda Döwletara suw hojalyk utgaşdyryjy toparynyň nobatdaky 66-njy mejlisi geçirildi.

Şu gün paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde Garagum derýasy baýramçylygyň esasy geçýän ýerine öwrüldi. Owadan bezelen seýilgähde myhmanlary garşylamaga garaşýan ak öýler dikilipdir. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň aýdym-saz toparynyň çykyşy dabara ajaýyp öwüşgin çaýdy. Baýramçylyga gatnaşmaga gelen köpsanly adamlary bu ýerde däp bolan milli tagamlar bilen garşyladylar.

Myhmanlaryň arasynda hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary Türkmenistanda resmi taýdan bellenen daşary ýurt wekilhanalarynyň baştutanlary, jemgyýetçiltk guramalarynyň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar, hormatly ýaşulular, suw hojalygynyň weteranlary we öňdebaryjylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, žurnalistler, paýtagtymyzyň köpsanly ýaşaýjylary we myhmanlary bar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns we ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda merdana suw hojalyk işgärlerini, oba zähmetkeşlerini hem-de bütin türkmen halkyny “Suw damjasy-altyn dänesi” baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, suwuň her bir damjasyny tygşytly we netijeli peýdalanmak maksady bilen, soňky ýyllarda biz ýurdumyzyň suw baýlyklaryny gorap saklamak, suwy tygşytlaýjy tehnologiýalary, ylmyň gazanan öňdebaryjy tejribelerini suw hojalyk desgalarynyň we ulgamlarynyň gurluşyklarynda yzygiderli ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.

Aýratyn hormatyň nyşany hökmünde ýurdumyzyň ähli suw hojalyk işgärleriniň adyndan türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.

Garagum derýasynyň ýakasyndaky seýilgähde, açyk asmanyň astynda baý mazmunly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Olarda häzirki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe obasenagat we suw hojalyk pudaklarynyň depginli ösüşi aýdyň beýan edilýär. Şeýle mazmundaky işlerini Türkmenistanyň “Türkmengallaönümleri”, “Türkmenobahyzmat”, azyk senagaty döwlet birleşikleriniň, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň, döwlet maldarçylyk birleşiginiň wekilleri we köpsanly beýlekiler taýýarlapdyrlar. Önümçilikde işjeň peýdalanylýan önümleriň görnüşleri we täzelikleri, häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary myhmanlaryň üns bermegine hödürlenildi.

Ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynyň sebitlerdäki bölümleriniň ekspozisiýalarynda suw howdanlaryny biologik taýdan arassalamagyň usullaryny beýan edýän diwarlyklar, suw desgalarynyň, häzirki zaman suwaryş ulgamlarynyň, ýagyş ýagma görnüşdäki abzal hem-de damjalaýyn suwaryş ulgamy bolan peýdalanylýan suw tygşytlaýjy desgalaryň nusgalarynyň maketleri bar. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kuwwatly tehnikalarynyň görnüşleri hem goýlupdyr. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ulgamynda uly özgertmeleri durmuşa geçirmekde pudagy düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny täzelemek maksady bilen yzygiderli satyn alynýar.

Derýanyň kenarynda çeperçilik eserleriniň ýaýbaňlandyrylan owadan sergisi—suratlar, heýkeller, amaly-haşam sungatynyň önümleri dabara gatnaşyjylaryň aýratyn ünsüni çekdi. Olarda halkymyzyň suwa sarpaly garaýşy, onuň ýaşaýşyň çeşmesidigi wasp edilýär. Şu ýerde häzirki dabaralardan we derýanyň kenaryndaky tebigatdan ruhlanan ýaş suratkeşler öz surat eserlerini döretdiler. Halk bagşylarynyň, sazandarlarynyň dutarlarynyň kirişlerinden ýaňlanyp çykýan kalbyňa täsir edýän owazlar owadan tebigatyň keşbine garylyp gidýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk dabaralaryna milli öwüşgin çaýdy. Olar paýtagta özleriniň iň gowy döredijilik çykyşlaryny getiripdirler. Suwdan peýdalanmagyň gadymy däpleriniň görkezilmegi dabaralaryň özüne çekiji pursadyna öwrüldi.

Türgenleriň görkezme çykyşlary bu günki dabaralaryň maksatnamasynyň ýatda galyjy bölegi boldy. Seýilgähiň dürli meýdançalarynda milli oýunlar, göreş, küşt we şaşka boýunça ýaryşlar geçirilýän wagty Garagum derýasyndan baýdarkalar we kanoeler ýüzüp geçdiler. Olarda biziň gaýykçy türgenlerimiz tomaşaçylara öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Baýramçylygyň çäklerinde Garagum derýasynyň kenaryndaky bu seýilgäh zolagynyň täze böleginde ýaş bag nahallary oturdyldy. Dabara gatnaşyjylaryň her biri uly höwes bilen pile ýapyşyp, mähriban topragymyzyň gözelligini has-da artdyrmak üçin ýüzlerçe täze nahallary oturtdylar.

Gadymy türkmen obasynyň keşbini döredip, bu ýerde dikilen ak öýlerde türkmen halkyna gadymdan mahsus bolan myhmansöýerlik we göwünaçyklyk bilen myhmanlaryň ählisini ýakymly ysly çörek, pişme, tagamly düýe çaly we beýleki däp bolan milli tagamlar bilen garşyladylar.

Suwuň şanyna ýatdan çykmajak bu baýramçylyk türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, parahatsöýüjiliginiň we açyklygynyň nobatdaky mysalyna öwrüldi, ol dürli hünärli adamlary – melioratorlary we suw işgärlerini, miraplary we mehanizatorlary, tehniki işgärleri we
gurluşykçylary ýeke-täk dostlukly we bagtyýar maşgala hökmünde birleşdirdi. Şol hünär eýeleriniň iň gowularyny däbe öwrülişi ýaly, şu gün ähli welaýatlardan we ýurdumyzyň paýtagtyndan bolan önümçiligiň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasynyň barşynda hormatlaýarlar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan olara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Sungat ussatlarynyň bu ýerde bolan uly konserti baýramçylygyň bezegine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda pudagyň işgärlerine döredilýän şertler, bar bolan suw howdanlarynyň göwrümini artdyrmak we täzelerini gurmak, ekerançylyk ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça işlere aýratyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk bildirilýär. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň öňde goýan uly wezipelerini ýerine ýeitirmek üçin mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.

“Suw damjasy—altyn dänesi” ählihalk baýramçylygy mynasybetli iň ökde ýerine ýetirijiler we folklor toparlary öz çykyşlarynda mähriban topragymyzyň deňsiz-taýsyz gözelligini we halkymyzyň döredijilikli zähmetini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzy has-da gülledip ösdürmegiň bähbidine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatynyň ýokary gazananlaryny we üstünlige beslenişini şöhratlandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter