Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk | TDH
Syýasat habarlary

Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşyk

опубликованно 22.01.2019 // 1824 - просмотров
 

22-nji ýanwarda Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnakyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2008-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ýola goýlan Türkmenistanyň hem-de Energetika Hartiýasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek bilen bagly meseleleriň birnäçesini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem 2017-nji ýylyň 28-nji noýabrynda kabul edilen hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Energetika Hartiýasynyň arasyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnamanyň çäklerinde ýurdumyzyň wekilleriniň EH-niň Sekretariatynda tejribe geçmek meselesine seredildi.

Energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlyk häzirki wagtda döwletleriň durnukly ösüşiniň, ählumumy parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esasy şertleriniň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Şundan ugur almak bilen, Türkmenistan esasy energetika döwletleriň biri hökmünde soňky ýyllarda maksada okgunly daşary syýasy işi alyp baryp, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine çekýär.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar Energetika Hartiýasy boýunça Konferensiýasynyň 2017-nji ýylyň 28 — 29-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen 28-nji mejlisiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de onuň netijeli häsiýete eýedigini belläp, 2019-njy ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi we Günorta Aziýada sebitleýin energetika hyzmatdaşlygynyň maksatlaýyn toparynyň 15-nji mejlisini (RECCA) geçirmek baradaky meselelere garadylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter