BSGG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň ilçisi çykyş etdi | TDH
Syýasat habarlary

BSGG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň ilçisi çykyş etdi

опубликованно 22.01.2019 // 742 - просмотров
 

20-nji ýanwarda Bütindünýa saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda guramanyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň 144-nji mejlisiniň çäklerinde BSGG-niň Ýewropa sebitleýin býurosynyň sebit direktory hanym Žužanna Ýakabyň başlyklyk etmeginde maglumat duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga agza ýurtlaryň, halkara guramalaryň wekiliýetleri, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň ilçileri, Ženewada işleýän hemişelik wekiller gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň administratiw, býujet meseleleri we geljekki döwür üçin meýilnamalarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi, Türkmenistanyň Ženewadaky hemişelik wekili duşuşykda çykyş edip, ýygnananlary 2013-nji ýylyň 3 — 4-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen ýokanç däl keselleriň öňüni almak we oňa gözegçilik etmek boýunça ilkinji halkara maslahat baradaky maglumatlar bilen tanyşdyrdy. Şu maslahatyň umumy mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş etdi. Şol wekilçilikli forumyň netijeleri boýunça Aşgabat Jarnamasy kabul edildi, soňra bu resminama 2014-nji ýylda BSGG-niň Ýewropa üçin Sebitleýin komiteti tarapyndan tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 9 — 10-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek meselelerine bagyşlanjak ýokary derejeli ikinji halkara maslahat barada habar berildi. Hususan-da, gatnaşyjylaryň dykgatyna maslahatyň maksatnamasy (ýokary derejedäki umumy ara alnyp maslahatlaşmalar, mowzuklaýyn mejlisler hem-de interaktiw iş toparlarynyň mejlisleri), forumyň gün tertibi hödürlenildi.

Duşuşygyň ahyrynda BSGG-ä agza ýurtlaryň ählisine özara ylalaşykly çözgütleri işläp taýýarlamak hem-de öňümizdäki maslahatyň netijeliligini gazanmak üçin özleriniň ýokary derejeli wekiliýetlerini ibermek teklip edildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň şu foruma gatnaşmagy üçin wekiliýetleriň ählisine zerur bolan kömegiň beriljekdigi bellenildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter